Pursatlar

5 sagat öň
13

Belli aýdymçy Saparmyrat Babaýew bilen üç ýyl harby gullukda bile bolduk, dostlaşdyk. Gullukdan soň hem biz köp ýyllap baryş-gelişde bolduk.

1968-nji ýylyň güýzünde men Gökdepä Saparmyratlara bardym. Şonda ol goňşy obada bolýan toýa menem alyp gitdi. Toýa baranymyzda bizi öýlenýän ýigit Öwez Aşyrow garşy aldy we myhman jaýa alyp bardy. Otagda bäş-alty oglan oturan eken. Şolaryň biri zehinli aýdymçy Annaberdi Atdanow bolsa nätjek!

Hojageldi KÖRHANOW,
şahyr.