Şygryýet asmanynyň ülkeri

5 sagat öň
18

Buşluk habary näçe süýndürdigiňçe süýjüsi artarmyş. Ýöne biziň bu hoş habary tizden-tiz okyjylara ýetiresimiz gelýär. Gürrüň geçen asyrda edebiýat äleminde Ülker ýyldyzlar toplumy kimin jemlenip, ynsanlara şygryýetiň şirin şerbetini paýlan ussatlar hakda. Has takygy, olaryň täze neşir edilen ýygyndylary barada. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň halk ýazyjylary Kerim Gurbannepesowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Gurbannazar Ezizowyň päkize duýgulary söz gözelligine öwrüp döreden şygyrlar bossanlary gaýtadan neşir edildi. Ussatlaryň edebi arhiwlerinden alnan goşgularynyň hem girizilendigi bu şygyrlar hazynalarynyň gymmatyny has-da artdyrýar.

Ajaýyp eserleri bilen halkymyzyň aňynda ýaşap ýören, türkmen edebiýatynyň läheňleri, sarsmaz sütünleri bolan uly söz ussatlary Kerim Gurbannepesowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Gurbannazar Ezizowyň şygyrlar bossanynyň hut şu ýyl — beýik Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň toýlanylýan günlerinde gaýtadan neşir edilmeginde uly many bar. Bu buşluk habarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanylýan günlerinde ýaýramagynda özboluşly ýakym-ýalkym bar. Sebäbi bu kitaplaryň sahypalarynyň her birini ýüregiň içinden geçirip waraklap oturyşyňa, Magtymguly Pyragynyň doglan gününe şägirtleriniň şeýle ajaýyp serpaý ýapandygyna haýran galýarsyň. Kerim aganyň rubagylaryndaky şu setirlerini okanyňda-da, beýikleriň dünýäsine beýikleriň baha berşiniň üýtgeşikdigine göz ýetirýärsiň:

Myrat HUDAÝGULYÝEW,
«Edebiýat we sungat».