«Miras» teleýaýlymynda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Çary Ýakubowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan dessan meni özüne kökerdi. Hakykatdan hem, ol öň meniň şindi eşitmedik sözlerimi joşup-joşup «güzlendirýärdi».
...Seredip otursam, bu döwrebap «Altynjan — Togrul beg» dessanyny halypamyz Osman Ödäniň «Altynjan hatyn» atly romany esasynda ýazan öz tanyşlarymdan bolup çykdy. Ol Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy Baýram Akatow eken. Onuň bilen söhbetdeş bolmagy makul bildim.