Pyýadalara maslahat

6 sagat öň
10

Döwletimiz tarapyndan köçeýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda geçirilýän bir aýlyk çäreler ilatymyzyň rahat, asuda ýaşamagy, saglygyny goramagy üçin ähmiýetlidir. Ýörite düzülen meýilnamalar esasynda biz lukmanlar hem çagalar baglarynda, mekdeplerde, kärhanalarda bolup, ýol hereketiniň kadalaryny düşündirýäris, söhbetdeşlikler geçirýäris.

Ýol hereketiniň düzgünlerini dogry ýerine ýetirmek diňe sürüjä degişli däldir. Pyýada ýolagçylar hem köçede örän ünsli bolmaly.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4nji saglyk öýüniň şepagat uýasy.