Doganlaryň toý geňeşi

19 Sentýabr 2024
350

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň toýlanylýan günlerinde zeminiň çar künjünde ýaşaýan watandaşlarymyzy bir supranyň başyna jemläp, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyny geçirmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Munuň özi ykbalyň emri bilen taryhyň dürli döwürlerinde alys ýurtlarda mekan tutan türkmenleriň Watan telwasy bilen bagly arzuwlarynyň hasyl bolýandygynyň durmuşy mysaly bolup durýar. 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna-da daşary döwletlerde ýaşaýan türkmenleriň wekilleri toý şatlygyna beslenip gatnaşdylar. Bu bolsa dünýä ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyzyň hem mukaddes Garaşsyzlyk atly bagtymyza şärikli saýylýandygyny dünýä äşgär edýär.

Haýyr-sahawat işlerini, Watanymyzyň gazananlaryny dünýä ýaýmaklygy asylly ýörelgä öwren Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi 1991-nji ýylda döredildi. Bu günki günde birleşigiň dünýäniň 14 döwletinde 27 sany bölümi hereket edýär. Dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan ildeşlerimiz bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň geriminiň barha giňeýändigine birleşigiň şu gezekki maslahatynda edilen çykyşlardan hem göz ýetirmek bolýar. Birleşigiň toý salamy bilen gelen agzalary millionlarça daşary ýurtly ildeşlerimiziň ösüşlerden-ösüşlere barýan ata Watanymyza, myhmansöýer halkymyza çäksiz buýsanç, guwanç duýgulary bilen garaýandyklaryny ýüreklerinden syzdyryp aýtdylar. Olary diňläp, Gahryman şahyryň: «Deňiz joşýar dost-dogana duşanda» diýen şahyrana setirleri seriňe gelýär.

Maýa MÜLKAMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.