Türkmen edebiýaty, sungaty barada gürrüň açylanda, onuň ösüşli ýollaryna dürli halklaryň wekilleriniň hem goşant goşandygyny görmek bolýar. Esasan hem, geçen asyryň dowamynda şeýle döredijilik ussatlarynyň ençemesi bu toprakda ýaşap geçipdir. Şolaryň biri-de belli ýazyjy, žurnalist Pawel Ýakowlewiç Karpowdyr.
Pawel Ýakowlewiç Karpow 1916-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Saratow oblastynyň Çapaýew raýonynyň Sulak obasynda dünýä inýär. Ol 1936-njy ýylda Uralsk şäherinde Oba hojalyk tehnikumyny tamamlaýar. Şol ýyllarda döredijilik bilen meşgullanyp ugran Paweliň eserleri okyjylaryň söýgüsine mynasyp bolýar. «Pograniçnik» žurnaly tarapyndan yglan edilen bütinsoýuz bäsleşikde «Duşuşyk» atly hekaýasynyň baýraga mynasyp bolmagy-da muňa şaýatlyk edýär.