1959-njy ýylda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-bator şäherinde «Türkmen goşgulary we hekaýalary» atly kitap neşir edilýär. Ilkinji gezek mongol dilinde neşir edilen kitaba türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleri Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Keminäniň goşgulary bilen bir hatarda Ata Salyh, Durdy Gylyç, Ataköpek Mergen, Nury Baýramow, Allaberdi Haýydow, Arap Gurbanow, Beki Seýtäkow ýaly ýazyjy-şahyrlarymyzyň goşgulary hem-de hekaýalary girizilipdir. Munuň özi mongol okyjylarynyň türkmen edebiýaty bilen öňden tanyşdygyny görkezýär.