Amala aşýan ak arzuwlar

3 Oktýabr 2024
392

Mähirlilik, ýürekdeşlik, açyklyk — bu aýratynlyklar birek-birege diňe ýagşy niýetler bilen ädilýän ädimlere mahsusdyr. Garaşsyz, hemişelik Türkmenistanyň erkanalyk baýdagynyň astynda geçen ýoluna nazar aýlanyňda, dünýä döwletleri bilen gatnaşyklarymyzyň şeýle häsiýetde alnyp barylýandygyna göz ýetirýärsiň. Dürli ulgamlarda ýetilen sepgitleriň, gazanylan guwandyryjy netijeleriň ählisi içeri we daşary syýasatda alnyp barlan işleriň sazlaşygynyň miwesi bolup durýandygyny bolsa Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz dürli taryhy wakalar bilen baglanyşykly Çykyşlarynda hemişe belläp geçýärler.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly dünýä ýaň salan şygarynyň ýörelge edilmeginiň miweleri bu günki gün her bir ädimimizde öňümizden çykýar. BMG, GDA, ŞHG ýaly dünýäniň abraýly guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine gönükdirilip, ýyllaryň dowamynda alnyp barlan işler Diýarymyzyň halkara giňişligindäki abraýyny artdyrdy. Bu ajaýyp zamanany arzuwlan akyldar şahyrymyzyň adyny dünýäde dabaralandyrýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem şeýle abraýly tutumlara, dünýä ýaň salan wakalara baý boldy. Şolaryň hatarynda şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Maýa goýum forumyny we ugurdaş sergini, onuň çäklerindäki Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahaty we sergini ýatlap geçsek ýerlikli bolar. Bu halkara forumlar Garaşsyz Diýarymyzda alyslary nazarlaýan tutumlaryň şu günlerden badalgasyny alýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Sebäbi «maýa goýum» diýmegiň özi geljek barada belent maksatlary gurmak diýmekligi aňladýar. Dünýäniň iri halkara guramalaryndan, Germaniýa, Koreýa Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Eýran, Beýik Britaniýa, ABŞ, Demirgazyk Irlandiýa, Malaýziýa, Şwesiýa, Özbegistan, Azerbaýjan, Türkiýe, Ermenistan ýaly ýurtlardan wekilleriň gatnaşmagy oňa berilýän ähmiýetiň uludygyndan habar berýär.

Şöhrat DIWANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.