Bu ýere açyk asmanyň astyndaky muzeý hem diýýärler. Çarlz Dikkens, Leonardo da Winçi, Firdöwsi, Jeýms Joýs, Genrih Geýne, Dmitriý Lihaçýow, Mahatma Gandi, Gabriýel Mistral, Awraam Linkoln, Nikkolo Makiawelli, Ibn Haldun Abdyrahman Abu Zeýd ýaly dürli döwürlerde ýaşap geçen dünýäniň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň, jemgyýetçilik işgärleriniň ýadygärlikleri jemlenen Moskwa şäherindäki M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa döwlet daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynyň öňündäki meýdançada bu gün Magtymguly Pyragynyň hem heýkeli oturdyldy.
Biz Garaşsyzlygymyzy, berkarar döwletliligimizi Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşdyrýarys. Berkarar zamanany arzuwlan Pyragynyň ýadygärliginiň ady agzalan kitaphananyň öňündäki meýdançadaky dünýä ägirtleriniň 33-siniň heýkeliniň arasyna mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde goşulmagynyň özi-de aýratyn täsirli.