Orta mekdebi tamamlap, bir ýyl etrap gazetiniň redaksiýasynda edebi işgär bolup zähmet çekdim. 1968-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümine okuwa girmek üçin resminamalarymy tabşyrdym. Käte okuw jaýynyň öň tarapyndaky seýilgähe gidip, saýaly ýerde synaglara taýýarlyk görýärdim.
Bir gün guşluk wagty sypaýy geýnen, orta boýly, saçy arkanlygyna daralan, ýüz-gözleri mähirli, orta ýaşlaryndaky bir adam maňa tarap sowuldy. Salamlaşdyk. Ol sowal baryny ýagdyryp başlady. Adymy, nireden gelendigimi, haýsy ugurdan okamakçy bolýandygymy, mekdebi haçan gutarandygymy, öň nirede işländigimi... sorady. Soňam: