Milli demokratiýanyň nusgalyk ýoly

3 Oktýabr 2024
386

Toplumlaýyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler netijesinde Garaşsyz Diýarymyzda nesilleriňdir döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygy kemala getirilip, ösüşiň täze belentlikleri bilen öňe sary ynamly gadam urulýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän öňdengörüjilikli syýasat biziň içki dünýämizde-de ruhubelentlige ýugrulan özgerişlikleri döredýär. Çünki amala aşyrylýan işler, öňde goýulýan maksatlar halkymyzyň geljeginiň bagtyýarlygyna gönükdirilýär. Munuň geljekde-de şeýle boljakdygyny şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem aýdyň görkezdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleriň ajaýyp miwelerini bolluk bilen eçilýän zamanasy. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatyndaky taryhy Çykyşynda: «Biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr» diýen sözleri bolsa her bir watandaşymyzyň kalbynda röwşen geljegimiziň öňküden-de şuglazar boljakdygy baradaky ynamy has-da berkitdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy pursatlary, şeýle-de ýakyn geljekde halkymyzyň durmuşynda bolup geçjek özgerişlikler, taryhyň sahypalaryndan orun aljak wakalar, işe giriziljek kärhanalardyr beýleki wajyp merkezler barada aýdanlary asyrlara ýaň saljak taryhy wakalaryň şaýady bolýandygyňa buýsanç duýgularyny döredýär.

Sähet GYLYJOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.