Biziň obamyzda öňler adamlar topar-topar bolup awa çykardylar. Ýöne olar awyň keýpine däl-de, ata-baba gelýän kesbiň ýitip gitmezligi üçin şeýle ederdiler. Hatda adamlar uzak ýaşar ýaly, obamyzyň gyrasyna bürgüt getirip daňardylar. Jüýten kempir: «Şeýle etseň, bürgüdiň ruhy obamyza geçip, adamlar uzakdan-uzak ýaşarlar» diýýär. Gyzyrgan atly bürgüdi iň soňky ýola gola salan Ogullanyň kakasy boldy. Ondan bärem, gör, näçe çarşenbe geçip gitdi. Şu gün bolsa Ogulla şo teklibi orta atdy. Bu ýöne-möne teklip däldi. Obamyzyň iň owadan gyzynyň teklibidi. Kimde-kim bürgüdi gola salsa, taňryýalkasyna garaşybermeli. Ýöne kakasynyň ornuny tutan oglana Ogulla-da perwaýsyz garamasa gerek. Gyzyrgany gola salmak üçin obamyzyň jahyllarynyň barysy diýen ýaly gara daglara tarap ýöneldi. Inçejik tama bilen Üpük mergenem ýola düşdi. Bu begençlidi. Ýöne Ogullanyň gulagyma pyşyrdap aýdan sözi has begençlidi: «Mergene aýdaweri, birden awuny kişä aldyraýmawersin». Bi sözler meni awa barýanymyzdanam beter begendirdi.
Biz gidip otyrys. Käwagt bir uçup geçýän owunjak guşlary hasaba almasaň, töwerekde yns-jyns ýok. Meniň göwnümi göterýän ýeke-täk zat — Üpük mergeniň burnuna salyp bürgütler hakynda aýdýan aýdymy. Ýöne o-da şähdiňi açjak aýdym däl. Onda-da diňläsiň gelýär. Sebäp ol köneden gelýän aýdym. Köne aýdymlar bolsa seni hemişe diňledýär.