Dostlaryň dowamly döwresi

21 Noýabr 2024
240

Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda halklaryň arasyndaky medeni, sungat ugrundaky gatnaşyklaryň kökleri asyrlaryň aňyrsyndan gözlenilýär. Bu gatnaşyklary düşünişmek köprülerini gurmaklyga deňemek bilen kitapda: «Biziň günlerimizde şeýle wezipäni daşary ýurtlarda we biziň ýurdumyzda geçirilýän Medeniýet günleri, ylmy maslahatlar, döredijilik festiwallary, sergiler we beýleki maslahatlar ýerine ýetirýär» diýlip bellenilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz hem boýdan-başa halklaryň arasyndaky dostluk köprüleriniň süňňüni berkitmeklige bagyşlandy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýylyň dowamynda geçirilen halkara derejesindäki çäreler, dabaralar dostlukly ýurtlaryň medeniýet, sungat işgärlerini Garaşsyz Diýarymyzda jemledi.

Golaýda, has takygy 16-njy noýabrda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek bilen baglanyşykly dabaralar gül Watanymyzy ýene-de gülzarlyga besledi. Hormatly Prezidentimiz bu çärelere gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Häzirki döwürde TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň arasynda hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär, dostlukly ýurtlarda geçirilýän halkara çärelere medeniýet we sungat işgärleri işjeň gatnaşýarlar, özara tejribe alyşýarlar. Munuň özi türki dünýäde kemala gelen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň binýadyny has-da berkidýär» diýip bellemek bilen, onuň ähmiýetine ýokary baha berýär.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.