"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Müň derdiň dermany

Ýiti respirator keseller asgyrylanda we üsgürilende beýlekilere geçip bilýär. Göze görünmeýän damjajyklardaky wiruslar howa arkaly sag adamyň agzalaryna düşüp, ýiti respirator keseli ýokuşýar. Şonuň üçin üsgüreniňizde we asgyranyňyzda agzyňyzy, burnuňyzy elýaglyk bilen ýapmaly. Şeýle etseňiz, töweregiňizdäki adamlary keseliň ýokuşmagyndan gorap bilersiňiz. Şeýle-de keselli bilen umumy gapdan, ýorgan-düşekden, el süpürgiçden peýdalanmaly däl. Şolardan kesel döredijiler aňsatlyk bilen geçýär. Şeýle ýagdaýda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 1-nji jildinde beýan edilýän üzärlikden peýdalanmaly. Üzärligi otagda tüsseledip, howadaky mikroblary gyryp bolýar. Ösümliklere zyýan berýän mör-möjeklerden dynmakda-da üzärligiň peýdasy uludyr. Düýe üzärligi ysganda, gözi durlanyp, gadamyny batlandyryberýär. Lukman bilen maslahatlaşyp, guradylan üzärligi gaýnadyp, hasadan süzüp, ýyly suwda syrkawy ýuwundyrsaň, guragyra peýdasy bardyr. Üzärligiň gaýnatmasy bedendäki zyýanly mikroblary gyrýar. Üzärlikden alynýan garmin serişdesi beýnä täsir edip, adamyň gan basyşyny peseldýär, dem almasyny güýçlendirýär, içegäniň, ýüregiň myşsalaryny kadalaşdyrýar we gan damaryny giňeldýär.

Suratkeşleriň bäsleşigi

6-njy dekabrda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan ýylyň başynda ýurdumyzyň suratkeşleriniň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Döredijilik bäsleşiginde Baş baýraga Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, nakgaş W.Gurdow, Mary welaýatynyň Çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy D.Durdyýew, I orna Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary B.Amansähedow, A.Baýlyýewa, H.Çüriýew, D.Akyýew, G.Annagulyýewa, G.Nuwwaýewa, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary P.Mämiýew, G.Goçmyradow, J.Baltaýewa, Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy B.Çaryýew we H.Garajaýew, II orna Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary G.Babaýewa, B.Çaryýewa, Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy T.Çopanow, III orna Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary B.Bekmyradow, B.Berkeliýew, O.Öwezow, R.Berdiýew, O.Muhatowa we çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Aýjan Kadyrowa mynasyp boldular. Ýeňijilere «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň hemaýatkärlik etmeginde gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda halypa heýkeltaraş B.Annamyradowa, nakgaşlar Ö.Mämmetnurowa, M.Çaryýewe, K.Seýitmuhammedowa, keramikaçy M.Ataýewa Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Bäşim Nuraly a

Paýhas akabasynyň zerbap serpaýy

Türkmen halkynyň beýik şahyry, Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda agzybirligiň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň we özara düşünişmegiň tarapdary bolup çykyş edýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň döredijilik kuwwaty gitdigiçe artýar, ýurdumyzyň syýasy-ykdysady we medeni durmuşynda bolup geçýän wakalar, gazanylýan ägirt uly netijeler täze buýsandyryjy sepgitlere ulaşýar. Ýaňy-ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy tamamlanyp barýan 2024-nji şanly ýylyň iň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Bu taryhy ähmiýetli eseriň ata Watanymyzda uly dabara bilen bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda halkymyza peşgeş berilmegi at-abraýy dünýä ýaýran Türkmenistan döwletimiziň gadymy taryhynyň, baý medeniýetiniň, ummasyz miras gymmatlyklarynyň halkara giňişligindäki şöhratly ornuny has-da belende galdyrdy. Aýratyn-da Gahryman Arkadagymyzyň täze ýazan kitabynyň ilkinji nusgasyny pederlerimiziň miras galdyran gymmatlyklaryna çäksiz sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza hormat bilen ibermegi, hormatly Prezidentimiziň hem şeýle ajaýyp eseri döredendigi mynasybetli Milli Liderimize mähirli gutlagyny ýollamagy mähriban halkymyzyň dowamatlyly

Pähim kuýaşynyň şuglasy

Kitap — köňüllere, heňňamlara syýahat. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň baplarynyň atlaryny okanyňda-da, bölümleri bilen tanyş bolanyňda-da, özüňe uly syýahatyň garaşýandygyna göz ýetirýärsiň. Kitabyň ilkinji sahypalaryndan akyldar Arkadagymyzyň pelsepe dürdäneleri bizi beýik taryhy döreden pederlerimiziň şöhratly ýollaryna atarýar: «Adamzat taryhyna mahsus islendik ösüşiň gözbaşy hem, çürbaşy hem ynsanlar bilen bagly. Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler. Gerdişinde gadymyýetiň aýanu-syrly habarlaryny saklaýan mukaddes topragymyzda daş-töweregiň gözelliklerini synlaýan mahalym, çuňňur oý-pikirlere hemra bolýaryn. Ýollar we iller, ykballar we ahwallar, hadysalar we netijeler hakda pikir ýöredýärin». «Hakyda göwheriniň» şuglaly sahypalaryna seýran edip barşyňa rus ýazyjysy Fýodor Dostoýewskiniň: «Durmuş — başdan-aýak öwrenmegi talap edýän ýol. Gowy kitaplar bolsa biziň durmuş menzillerindäki ýolgörkezijilerimiz» diýen sözlerini ýatlaýarsyň. Sebäbi bu kitap adamzat aslynyň şaýady bolan heňňamyň sesine gulak goýmaga çagyrýar. Özi-de, okyjynyň heňňamyň sesine gulak goýmaga barýan ýoly özboluşly taýýarlyk möwsüminiň üstünden geçýär. Ol ýol — «Hakyda göwheriniň» «Taryha syýahat» diýlip atlandyrylan birinji baby. «Taryha syýahat» okyjyny ikinji babyň — «Ruhy mirasyň» pelsepewi dünýäsine taýýarlaýar.

Alyslara uzaýan menziller

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde gatnaşmagy bolsa ýurdumyzyň dostluk ýollarynyň geriminiň has giňelmegine şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň 29-njy noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Wengriýanyň paýtagtynda geçirilen 16-njy mejlisine, şeýle-de BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (COP16) çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmagy-da taryhy kökleri asyrlaryň aňyrsyna uzaýan gatnaşyklarda täze sahypa boldy. Kökleri bir halklaryň halkara guramasynyň ýoly öz gözbaşyny 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabryndan alyp gaýdýar. Şol taryhy senede, Türki dilli döwletleriň Baştutanlarynyň Nahiçewanda geçirilen sammitinde döredilen gurama Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan hemişelik agza, Wengriýa bolsa synçy derejesinde goşuldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bolsa bu gurama 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda synçy hökmünde kabul edildi. Bu guramanyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 12-nji martynda paýtagtymyzda geçirilmegi hem Türkmenistanyň TDG bilen gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet

Göwünleri galkyndyran kitap

— Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhymyzda yz goýan beýik şahsyýetler baradaky halk hakydasynyň heňňamlaryň aýlanmagy bilen hakyda göwherine öwrülişi barada ylmy hem çeper dilde söz açýar. «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr» diýen parasat dürdänelerine beslenen kitap turuwbaşdan özüne bendi edýär. Alym Arkadagymyz öz eserlerinde, ilki bilen, halkyny beýgeldýär, onuň şöhratly geçmişine taryhy nukdaýnazardan mynasyp baha berýär, çünki ene topragyňy, geçmiş taryhyňy beýgeltmekden aňyrda ylym bolup bilmeýär. Kitabyň tutuş mazmunyndan syzylyp çykyşy ýaly, alym öz Watanyna, il-gününe gulluk edende, hakyky alymdyr, onuň ylmy-da hakyky ylymdyr. Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndan «Täze taryhyň daňy şu ýerde atar. Taryhyň zaňy şu ýerde kakylar. Taryhyň ýaňy şu ýerden ýaýylar» diýen sözlerini mysal getiripdir. Alym Arkadagymyz hem adamzadyň daş asyryndan başlanýan taryhynyň şu toprak bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny göz öňünde tutupdyr.

Şygryýet

«Hakyda göwheri» Arkadagyň ylham siňen galamyndan ganat alan,Ata-babam şany siňen topragymdan halat alan,Garaşsyzlyk, Bitaraplyk gudratyndan zynat alan,Asyrlardan aşyp gelen sungat kerwenniň owsary —Arkadag pähminden dörän eser «Hakyda göwheri».

Gökdepäniň ilmyrat agasy

1-nji dekabrda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Ahal welaýat häkimligi bilen bilelikde guramagynda gökdepeli şahyr Ilmyrat Pudakowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli edebi, aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, halypa kompozitorlardyr aýdymçylary we şahyryň dogan-garyndaşlary, obadaşlary gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň halk artistleri Daňatar Hydyrow, Kakadurdy Täjimow, Läle Begnazarowa, şeýle-de döwürdeş şahyrlarymyz Ilmyrat Pudakowyň halkymyza miras galdyran çeper döredijiligi dogrusynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Dabaranyň dowamynda ussat aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde şahyryň sözlerine döredilen meşhur aýdymlar ýaňlandy.

Talyplaryň döredijilik sergisi

Zehin zähmet çekilende açylmak bilen bolýar. Erjel, tutanýerli bolmak zähmetiň rehnetini görmäge alyp barýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okaýan talyp ýaşlar hem ajaýyp sungat eserlerini irginsiz zähmet arkaly döredýärler. 2-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda her ýylyň ahyrynda guralýan «Gujurly ýaşlar» atly talyplaryň döredijilik sergisi açyldy. Talyplaryň nakgaş, heýkel, amaly-haşam sungatynyň işleri sergä aýratyn öwüşgin çaýdy. Ussat halypalardan bilim alan ýaş suratkeşler portret, peýzaž, taryhy, durmuşy žanrlarda halkymyzyň milli aýratynlyklaryny, gözel tebigatymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi... ussatlyk bilen suratlandyrmagy başarypdyrlar. «Gujurly ýaşlar» atly sergide M.Durdymämmedowanyň «Rowaýat, syýahatçylyk merkezi», K.Abbasowanyň «Medeniýet öýi», L.Taganowanyň «Parahatçylyk», A.Abdyllaýewiň «Arzuwlara tarap», M.Maksatmyradowanyň «Ene mähri», Y.Allanazarowyň «Dutarçy ussa Rahmannazar aga», Ş.Mämmedowyň «Güljahan» ýaly şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlaryna degişli işleri görkezildi.

Seresapsyzlyk (Gülküli kyssa)

«Aýratyn öý bolanyňdan soň, durmuş gaýtadan başlanýar» diýýänlerine özüm öýlenemsoň göz ýetirdim. Gelnimiň edim-gylymyndan, hyzmatyndan nadyl bolar ýaly däl. Ýöne aýratyn öý bolan günümizden, onuň hereketlerindäki üýtgeşiklikler gözüme ilip ugrady. Başga maşgalada terbiýelenen gyzyň ejeňe meňzejek gümany barmy? Gap-gaç ýuwşundan başlap, çaý demleýşi, öňüňe saçak ýazyşy, käsäni äberişi ýaly hereketleriniň her birinden ejemiňkä meňzeşlik tapjak bolýan. Şeýtmeli däldigine akylymyň ýetýäni üçin, onuň bolşuna gaty tiz kaýyl boldum. Täze maşgala bolansoň, öý goşlaram, gap-gaçlaram täzeje. Bir günem çaý içip otyrkak, käsämi elimden gaçyryp, döwäýmenmi. Üstesine düşegiňem eslije ýeri öl boldy. Men näme diýjegimi bilmän, gelnime seredip ýuwdunaýdym. O-da gözlerini güldürdi-de: «Zyýany ýok» diýip, jäç döwüklerini ýygnaşdyrmaga durdy. Şol arada-da sözüniň üstüni ýetirdi: «Seresabrak bolaýmalydyň...».

Gözelligiň gözbaşy (Şahyrana oýlanma)

Gyş. Ömrümiziň ýene bir gyşy. Seni ýene-de ümmülmez umyt-arzuwlar bilen garşylaýaryn. Göwnüňe, wagt geçdigiçe, arzuwlaryň sany, gyzygy, güýji azalyberjek ýalydyr. Ýogsam näme, hany ol çagalyk, ýaşlyk ýyllarynyň gyşlarynda edilýän arzuwlar?! Süňňi nämälimliklerden düzülendigindenmi, bilmedim, olar tutuşlaýyn ertekä çalym edýär. Şol hem olary has täsin, ýakymly görkezýär. Gowy ýerem, çagalygyň arzuwlarynda, ertekiçi ýazyjylaryňky ýaly, hyýalbentligiňi näçe bolsa ulanybermeli. Ýyllar geçip, sallar artdygyça, gyşlaryňam, arzuwlaryňam reňkleri solgunlaşyp, kem-kem gyzygy kemelip barýan ýalydyr. Hatda Täze ýyl bilen baglanyşykly arzuwlaryňam öňküligi ýokdur. Munuň sebäbi arzuwlaryň dünýäsine aralaşanymyzda hyýalbentligimizi çagalykdaky ýaly erkin ulanmakdan saklanýandygymyzdadyr, belki. Arzuwlarymyzyň ertekilerden barha daşlaşýandygynyň aňyrsynda-da, megerem, şol ýagdaý durandyr. Çagalygymyzyň gyşlarynyň gyzygy ertekilerde, ertekä meňzeş pursatlarda dälmi näme? Şol ertekilerde diňe Aýazbabadyr Garpamyk däl, eýsem, ähli janly-jandarlar seniň bilen hemişe hoşamaýdyr. Olar seniň arzuwlaryň hasyl bolmagynyň aladasyndadyrlar. Şol döwürler Aýazbaba edýän sargytlarym bilen birlikde sadaja, päkizeje arzuwlarymyň hem hökman berjaý bolýandygynyň sebäbini çagalyk ertekilerimiň güýjünden başga zatdan gözlejegem bolmazdym.

Gadymy merwiň obalary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Merw häzirki günde Merw şäher galalarynyň hem-de köşkleriniň, toýundan salnan ýaşaýyş jaýlarynyň, birnäçe aramgähiň, seýilgäh toplumynyň, dürli ymaratlaryň, buzhanalaryň täsin galdyryjy yzlarydyr. Günortasy Baýramaly şäheri, beýleki taraplary ekin meýdanlary we häzirki zaman obalary bilen gurşalan goralyp saklanýan ýerlerdir». «...Merwe golaý ilkinji oba Şawal diýlip atlandyrylypdyr. Bu gadymy obanyň galyndylaryndan uzak bolmadyk aralykda Beýik Seljuklar döwletiniň gülläp ösen döwründe bina edilen gurluşyklaryň galyndylary biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr» diýip belleýär. Ine, şu kitapdan, şeýle-de orta asyr golýazma çeşmelerinden belli bolşy ýaly, X-XII asyrlarda Merkezi Aziýada, Orta we Ýakyn Gündogarda Merw uly şäherleriň biri bolupdyr we onuň töwereginde köp sanly obalar ýerleşipdir. Olaryň esasylary aşakdakylardan ybarat bolupdyr. Şawaşkan. Merw şäherinden 25 kilometr çemesi demirgazyk-günbatarda, Harekan kanalynyň boýunda ýerleşen gür ilatly bu obada ýüpek gurçugy ýetişdirilip, Eýrana we beýleki ýerlere äkidilipdir. Bu obada ýüpek gurçugynyň ýokary hilini döretmek bilen gyzyklanypdyrlar. Ol ýerde ýüpekden gowy matalar hem dokalypdyr.

«Kinoçy kompozitor»

Sungat — ylham lybasyny geýdirip, ýürek sesiňi nesillere galdyrmagyň ylahy ýoly. Kimler kalbyndaky gözellikleri surat eserine siňdirýär, ýene birleri şygyrlarynyň ýa-da kyssalarynyň üsti bilen ýüreklerden orun alýar. Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Rejep Rejebow bolsa ajaýyp sazlarynyň üsti bilen hakydalarda hemişelik galdy. 1944-nji ýylyň 23-nji iýunynda Gyzylarbat etrabynda dünýä inen Rejep Rejebowyň saza söýgüsi çagalygyndan ýüze çykyp ugraýar. Onuň kakasy haly suratkeşi, ejesi belli halyçy bolupdyr. Öýlerinde patefon bolmagy Rejebiň çagalygyndan dünýä nusgawy sazlaryndan gulagynyň ganmagyna sebäp bolýar. Onuň saza söýgüsi ene-atasynyň nazaryndan sypmaýar. Şeýdip, Rejep 1951-nji ýylda şol wagtky Respublikan sazçylyk mekdep-internatyna okuwa gelýär. 1959-njy ýylda bolsa Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girip, M.Guseýnow, D.Nuryýew, G.Držewskiý ýaly ussatlardan tälim alýar.

Pyragyly dünýäniň teşnesi

Pyragynyň dünýäsine teşneleriň biri-de köptaraply zehinliligi bilen hakydalarda galan edebiýatçy alym Nazar Gullaýewdir. Nesillere Watany, edebiýaty, mirasy söýmegi öwredip giden ussat alyma, ilki bilen, mugallymdy diýesim gelýär. Ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mugallymçylyk eden ýyllarynda-da talyplaryň aňynda türkmen edebiýatyny, onuň şahsyýetlerini, nusgawy şahyrlaryny ýöne bir öwretmän, eýsem, olary ýüregiň bilen söýmegi öwredipdi. Ýöne ussadyň şahyrçylygy, dramaturgiýada bitiren işleri, aýdym-saz älemine goşandyny agzamazlyk hem mümkin däl. Ol bularyň hersine bir ussadyň ýüküne barabar goşant goşup bilipdi. Nazar Gullaýew 1936-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 2-nji Suhty obasynda dünýä inýär. Onuň heniz mekdep ýyllarynda «Murgap» etrap gazetinde, «Lenin baýdagy» welaýat gazetinde goşgulary çap edilip başlanýar. Soň-soňlar onuň goşgulary merkezi gazet-žurnallarda-da peýda bolýar. Mekdep ýyllarynda sahna eserlerini ýazmaga hem synanyşyk edýär. Hatda mekdebiň hor toparyna-da ýolbaşçylyk edýär.

Synagda artist bolan

1966-njy ýylyň tomsudy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Daşkendiň A.Ostrowskiý adyndaky teatr-çeperçilik institutynyň aktýorlyk bölümine dalaşgärleriň — ýaş oglan-gyzlaryň synaglary geçirildi. Olaryň arasynda elleri hem aýaklary göwresine garanda uzyn, garaýagyz bir ýigit bardy. Ol edil ylgawa gatnaşjak türgene çalymdaşdy. Gür saçlary giň maňlaýyna düşüp duran görmegeý oba oglanyna şeýle sowal berildi: — Kino gutaransoň, oba klubundan çykyp, gijäniň ýarynda öýüňize ýetip barýarkaň, öňüňden alabaý çyksa nädersiň?

Halypalaryň gürrüňinden

Daşary ýurtlaryň birine ýygnaga gidenimizde, arakesme wagty bir garryja professor ýanyma gelip: «Türkmenmi siz?» diýip sorady. Menem: «Hawa, edil özi» diýdim. Ol ýene: «Men kän kitaplaryň sahypasyny agdarýan welin, häli-şindi «Magtymguly» sözi çykyp dur. Magtymguly diýilýän nähili şahyr?» diýip, soragly nazar bilen bakdy. «Gowy şahyr» diýip goýanyň bilen boljak däl. Onsoň menem: «Ynha, iki adam jedelleşip, biri eý diýip, birem beý diýip, delil getirip çekeleşip duran bolsa, ahyry bir tarap: «Magtymguly şahyram şeýle diýipdir...» diýip, şahyryň bir setirini mysal getiräýse, garşy tarap beýleki tarapyň pikiri bilen ylalaşýar» diýdim welin, bilesigeliji goja: «Bä-ä-ä, men dünýäde henize çenli bir setiri bilen iki dawagäri ylalaşdyryp bilýän şahyry tanamokdym» diýdi...

Hakdan içen hakaýyl

Bir ýyl «Tijarat hem zyýarat» diýip, Gazojagyň Şyharygyndan Halmuhammet Goçgar bilen Hywa ýadygärliklerine gezelenje gitdik. Magtymgulynyň Şirgazy han medresesinde okan wagty ýaşan hüjresine bardyk. Hüjräniň öňündäki takyr ýerde çökümize düşüp, müjewür ýaşula şahyryň ruhuna aýat okadyp, el galdyrdyk. Bu hüjrede Magtymguludan soňam doganlyk halklaryň ýazyjy-şahyrlary talyp döwürleri ýaşap gidipdir. Şol ýazyjy-şahyrlaryň reňkli suratlary hüjrä giren ýeriňde sag diwara berkidilip goýlupdyr. Törde ini 3-4, boýy 6-7 garyş türkmen gölli nah halyçanyň ýüzünde çarçuwa salnan Pyragynyň portreti bar eken. Suraty söýgi bilen synlaýanymyzy gören müjewür ýaşuly: «Bu ýerde okan talyplaryň köpüsi sopy, käbiri işan derejesine ýeten, Magtymguly bolsa ahun çykan, Hakdan içen hakaýyl kişi» diýdi. Soňundanam: Magtymguly söz binýadyň,Agzynda ýakynyň-ýadyň.Hünär ýok, söz bilen adyň,Halk içinde belli görner —

Iň gowy mekdep (Iňlis tymsaly)

Bir maşgala täze şäherçä göçüp barypdyr. Olar ilki bilen çagalary üçin gowy mekdebiň gözlegine çykypdyrlar. Çagalaryň ene-atasy şäherçäniň merkezine golaý ýerdäki mekdebi saýlap tutupdyrlar. Emma çagalaryň atasy olara entek howlukmazlygy maslahat beripdir. Ertesi güni goja agtyklarynyň birini ýanyna alyp, şäherçä aýlanmaga çykýar. Öýlerine golaýdaky ilkinji mekdebe baranda, bularyň daşlaryny okuwçylar gurşap alýarlar-da, agtygynyň daş sypatyna söz tapyp, gülşüp ugraýarlar. Özüne barmysyňam diýmän, eýläk-beýläk ylgaşyp ýören bitertip çagalary synlap, başyny ýaýkan goja howludan çykyp gaýdýar. Şondan soňky baran mekdeplerindenem gojanyň göwni suw içmeýär. Ahyrsoňy bular kiçijik howlynyň içinde ýerleşýän mekdebiň üstünden barýarlar. Halys ýadan goja demini dürsemek üçin baglaryň birine elini diräp, biraz säginýär. Ol barmana jaň kakylyp, okuwçylar ylgaşyp çykýarlar. Goja gözleri düşendenem gelip, onuň daşyny alýarlar. Olar ýerli-ýerden goja bilen salamlaşansoňlar:

«Zemin we ynsan saglygynyň nyşany»

Zeýtun agajynyň ýapraklary ir döwürlerden bäri parahatçylygyň we ylalaşygyň nyşany hasaplanylyp gelinýär. Şonuň üçin-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň Döwlet baýdagynda parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun ýapragynyň şekili ýerleşdirildi. Bu agajyň miwesi ynsan saglygy üçin-de iň gymmatly önümleriň biridir. Oňa «Zeminiň we ynsanyň saglygynyň nyşany» diýsek hem ýalňyş bolmaz. Sebäbi parahatçylyk — zeminiň, ýaşaýşyň, durmuşyň sagdynlygy. Käbir ylmy tapyndylar 6 müň ýyl öň hem adamlara zeýtun miwesiniň tanyş bolandygy baradaky pikirleri öňe sürmäge esas berýär. Babyl şasy Hammurapiniň miladydan öňki 1700-nji ýyllara degişli hasaplanýan kanunlar ýygyndysynda zeýtun ösümligi baradaky maglumat ilkinji gezek getirilýär. Zeýtun Gadymy Müsür bilen baglanyşykly suratlarda-da ýygy-ýygydan gabat gelýär. Ýunanlylar bolsa ony gözellik serişdesi hökmünde-de peýdalanypdyr. Dünýä ýüzünde 500-den gowrak görnüşi hasaba alnan zeýtunyň azyk senagatynda diňe 25 görnüşi ýaramly hasaplanylýar.

Sazlaşygyň, ruhubelentligiň kompozitory

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, kompozitor Rejep Rejebowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli onuň halkymyza miras galdyran saz eserleri esasynda konsert geçirildi. Konsert R.Rejebowyň «Türkmenistan» atly eseri bilen açylyp, Maýagözel Amangeldiýewanyň ýolbaşçylygyndaky hor topary bilen bilelikde Wepa Allaşow bilen Rejepmyrat Kakamyradow ýerine ýetirdi. Mekdebiň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde kompozitoryň «Säherdäki atlylar» atly çeper filmi üçin ýazan «Armanym» atly aýdymy mugallym Ogulgerek Pirnäýewa täze öwüşgin bilen aýtdy. Halypa kompozitoryň saz eserlerinden düzülen konsertde onuň «Galkynyş», «Gara göz», «Humaý gözli», «Saňa», «Daş galdy», «Ýüregimde adyň bar», «Ýalňyz ýoda», «Bagtyýarlyk bossany» atly eserleri mekdebiň mugallymlary hem-de estrada orkestriniň dirižýory Myrat Jumaýewiň, üflenip çalynýan saz guralynyň dirižýory Amangeldi Hudaýgulyýewiň, halk saz gurallary orkestriniň dirižýory Astan ogly Baýramowyň we kanonçylar toparynyň çeper ýolbaşçysy Toýly Orazgeldiýewiň gatnaşmagynda ýerine ýetirildi. Şeýle-de konsertde mekdebiň göreldeli talyplary we mugallymlary Mergen Ataýew, Begdurdy Çerkezow, Söhbet Maksatmyradow, Rejepmyrat Kakamyradow, Bägül Hudaýberenowa, Yhlas Welih