Sungat — ylham lybasyny geýdirip, ýürek sesiňi nesillere galdyrmagyň ylahy ýoly. Kimler kalbyndaky gözellikleri surat eserine siňdirýär, ýene birleri şygyrlarynyň ýa-da kyssalarynyň üsti bilen ýüreklerden orun alýar. Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Rejep Rejebow bolsa ajaýyp sazlarynyň üsti bilen hakydalarda hemişelik galdy.
1944-nji ýylyň 23-nji iýunynda Gyzylarbat etrabynda dünýä inen Rejep Rejebowyň saza söýgüsi çagalygyndan ýüze çykyp ugraýar. Onuň kakasy haly suratkeşi, ejesi belli halyçy bolupdyr. Öýlerinde patefon bolmagy Rejebiň çagalygyndan dünýä nusgawy sazlaryndan gulagynyň ganmagyna sebäp bolýar. Onuň saza söýgüsi ene-atasynyň nazaryndan sypmaýar. Şeýdip, Rejep 1951-nji ýylda şol wagtky Respublikan sazçylyk mekdep-internatyna okuwa gelýär. 1959-njy ýylda bolsa Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girip, M.Guseýnow, D.Nuryýew, G.Držewskiý ýaly ussatlardan tälim alýar.