Gözelligiň gözbaşy (Şahyrana oýlanma)

5 Dekabr 2024
184

Gyş. Ömrümiziň ýene bir gyşy. Seni ýene-de ümmülmez umyt-arzuwlar bilen garşylaýaryn. Göwnüňe, wagt geçdigiçe, arzuwlaryň sany, gyzygy, güýji azalyberjek ýalydyr. Ýogsam näme, hany ol çagalyk, ýaşlyk ýyllarynyň gyşlarynda edilýän arzuwlar?! Süňňi nämälimliklerden düzülendigindenmi, bilmedim, olar tutuşlaýyn ertekä çalym edýär. Şol hem olary has täsin, ýakymly görkezýär. Gowy ýerem, çagalygyň arzuwlarynda, ertekiçi ýazyjylaryňky ýaly, hyýalbentligiňi näçe bolsa ulanybermeli.

Ýyllar geçip, sallar artdygyça, gyşlaryňam, arzuwlaryňam reňkleri solgunlaşyp, kem-kem gyzygy kemelip barýan ýalydyr. Hatda Täze ýyl bilen baglanyşykly arzuwlaryňam öňküligi ýokdur. Munuň sebäbi arzuwlaryň dünýäsine aralaşanymyzda hyýalbentligimizi çagalykdaky ýaly erkin ulanmakdan saklanýandygymyzdadyr, belki. Arzuwlarymyzyň ertekilerden barha daşlaşýandygynyň aňyrsynda-da, megerem, şol ýagdaý durandyr. Çagalygymyzyň gyşlarynyň gyzygy ertekilerde, ertekä meňzeş pursatlarda dälmi näme? Şol ertekilerde diňe Aýazbabadyr Garpamyk däl, eýsem, ähli janly-jandarlar seniň bilen hemişe hoşamaýdyr. Olar seniň arzuwlaryň hasyl bolmagynyň aladasyndadyrlar. Şol döwürler Aýazbaba edýän sargytlarym bilen birlikde sadaja, päkizeje arzuwlarymyň hem hökman berjaý bolýandygynyň sebäbini çagalyk ertekilerimiň güýjünden başga zatdan gözlejegem bolmazdym.

Sähragözel MÜRZÄÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep-internatynyň müdiri.