Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym wagtlarda Gutly atly bir oglanjyk bar eken. Ol deň-duşlarynyň arasynda iň bir tokarjasy, ekabyrragy bolansoň, hemmeler onuň adyny Tokarja diýip tutupdyrlar. Tokarja hemişe kölüň kenarynda, özi ýaly oglanjyklar bilen oýnar ýörer eken.
Olar ikibir-üçbir bolşup kölüň ýalpagrak ýerinde suwa-da düşer ekenler. Hasam kölde ýüzüşip ýören ördekdir gazlary ýakyndan synlamak hezil eken. Olar aram-aram suwa çümüp, gurçukdyr ownuk balyjaklary tutýar ekenler. Olara ulurajyk balyklaram gabat gelipdir. Käte olaryň awlajak awuny niredendir bir ýerlerden peýda bolan garaguşlaryň ýüzugra alyp, asmana göterilen gezeklerem bolupdyr.