Şu gün Aşgabadyň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Möjek Çaryýewiň şahsy sergisi açylýar. Sergi ussat suratkeşiň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp guralýar.
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň agzasy Möjek Çaryýewiň degişme äheňindäki suratlaryny ýa-da nakgaş eserlerini synlanyňda, ussadyň tebigata, daş-töwerege özboluşly nazar bilen garandygyna göz ýetirse bolýar. Onuň türkmen multiplikasiýasynyň ilkinji ädimleriniň şaýady bolan eserleri-de sergä tomaşa etmäge baranlarda ýakymly täsirler galdyrar diýip ynam edýäris.