Topragyň toýy

7 Noýabr 2024
306

Türkmeniň terbiýe mekdebinde topraga, hasyla hormat, yhlas bilen garamaklyga aýratyn orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda bu barada: «Döwek döwülýän wagtynda Mirhaýdar babanyň hormatyna, harmanyň ýele tarapynda taýak dikilipdir. Hasyldan alnan däneden ilki bilen ýarma taýýarlanypdyr. Soň bugdaý üwelip, un edilipdir we tamdyrlara yzly-yzyna ot goýberilipdir. Täze bişen çörek birek-birege hödür edilipdir. Sebäbi çöregiň tagamyndan bugdaýa edilen yhlasy duýupdyrlar». Ynha, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ulus-il bolup baýram ediljek Hasyl toýunda bişiriljek dürli tagamlar hem topraga yhlasyň gymmatyny ýüreklere doldurar, kalplara şatlyk paýlar. Şenbe güni geçiriljek köpçülikleýin bag ekmek dabaralary bolsa baýramçylygyň ruhubelent başlangyjy bolar.

Topraga ideg etmegiň ylma esaslanýan, yzygiderli tertibiniň durmuşa ornaşdyrylmagy hasyllylygyň derejesine oňyn täsirini ýetirýär. Alym Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýyllaryň dowamynda oba hojalygyna ornaşdyrylan täzeçillikler, hormatly Prezidentimiz tarapyndan soňky ýyllarda durmuşa geçirilen özgerişlikler netijesinde bu günki gün daýhanlarymyzyň ýetişdiren ak bugdaýynyň, ak altynynyň bol hasylynyň kabul edilişi, talabalaýyk saklanylyşy, sarp edilişi hemişe berk gözegçilikde saklanylýar. Şeýlelikde, topraga yzygiderli edilýän yhlas halkymyzyň berekedine bereket goşýar. Toý-baýramlarymyzda guralýan sergilerde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň hem-de gaýtadan işleýän senagatynyň gazananlaryny, obasenagat toplumynyň düzümleriniň önümlerini, pagtaçylyk we gallaçylyk, maldarçylyk pudaklarynyň, azyk senagatynyň, dokma senagatynyň önümlerini, iň täze oba hojalyk tehnikalaryny synlanyňda göwnüň galkynýar.

Bahar ŞAMÄMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.