Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylahy zehininden dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygry dilimizde hem köňlümizde baky parahatçylygyň beýik mukamy bolup ýaňlandy. duz-tagamdan soň: «Dünýä parahat, asmanymyz arassa bolsun!» diýip, ýagşy dileg edýän halkymyzyň parahatçylyk söýüjiligi Garaşsyz Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň baş taglymatynyň hem özeninde dur. Muny Milli Liderimiziň bu goşgusynyň: «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» diýen setiri-de aýan edýär. Belent maksatlarymyz, ömrüň manysy, söýgi, mähir, yhlas, ynam, hoşniýetlilik, sylaşyk, ýürekdeşlik ýaly düşünjeler hem duýgular goşgynyň bitewi mazmunyny düzýär.
Milli Liderimiziň ýazyşy ýaly, biziň ilimiz, aslyýetinde, «Hoşniýetli dost ilidir», dilimiz adamzadyň dostana dilidir. Şonuň üçinem Bitaraplygymyzyň ýoly bitewülik, ýürekdeşlik ýoludyr. Muny her bir türkmen kalbynda ezizläp göterýär. Gahryman Arkadagymyz bolsa: «Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz!» diýýär.