Atam hemişe: «Mukaddeslik düşünjesine manydaş sözler bolýar. Şolaryň esasylarynyň biri-de Watandyr. Sebäbi bu mukaddes sözüň içine ynsan üçin gymmatly bolan zatlaryň ählisi girýär» diýerdi. Kiçiräkkäk bu sözleriň uly manysynyň bardygyny aňsagam, onuň çuňňurlygyna göz ýetirip bilmezdik. Ýöne wagtyň agdarylan sahypalarynyň sany artdygyça, ol sözleriň manysy-da, datlylygy-da, çuňňurlygy-da aýdyňlaşyp gidip otyr. Asyl ol sözler ýaňy bir many aňşyryp ýören döwürlerimizden bizi durmuş ýolunda abraý lybasyna beslemegiň aladasy ekeni. Çünki Watana söýginiň ömür menziliniň başlangyç ädimlerinde kalba siňňitli edip guýulmagy bizi üstünlikden, ýeňişden doly menzillere atarýar.
Many aňşyryp, aňymyz goýalyp ugrandan biziň kalbymyzda bir duýgy hemişelik orun alýar. Ol duýgy — Zemin togalagynyň üstünde Türkmenistan atly ajaýyp Watanlydygymyza, bagt atly üleşikden paýlydygymyza buýsanç, şüküranalyk duýgusy. Watanymyzyň mundan müňläp ýyl öňki geçen ýoly hakda oýlananyňda, kalbymyzda süýjümtik gussanyň peýda bolmagy-da hut şol duýgynyň täsiridir. Ol bilniksizje täsin duýgy biziň şu Watan, şu toprak bilen göze görünmeýän eriş-argaçlar arkaly birikýän bitewülikdigimizi aňladýan mukaddes hakykat.