"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Ýazyň bilen, ýaýlaň bilen, Arkadag!

Pasyllar soltany ýazyň ýazylganlygyna, ýaýrawlygyna, ýaraşyklygyna geljek zat barmy?! Ýok. Ol sözsüz düşnüklidir. Wagt dört paslyň hersine gününi paýlaýanam bolsa, näme üçindir adam ömürboýy ýaza garaşyp ýaşaýar. Diýmek, parhy duýulýandyr reýhanalygyň, lälezarlygyň. Şonda diňe dag, depe, düzler bezenenok, älem-jahan bezenýär. Ynsanyň galkynyşy, ganatlanyşy has-da başgaça bolýandyr o möwritde.

Parahatçylygyň şäheri

Belarus Respublikasynyň «Çeper edebiýat» neşirýatynyň baş ýolbaşçysy, şahyr hem ýazyjy Aleksandr Badak ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Ol Aşgabatda geçirilýän «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň halkara kitap sergi-ýarmarkasyna hem-de ylmy maslahata gatnaşyp, türkmen kärdeşleri bilen edebi gatnaşyklary ösdürmek barada söhbetdeş bolýar. Golaýda Aleksandr Badak özüniň mermer paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli taýýarlan makalasyny redaksiýamyza iberdi. 2009-njy ýylda Aşgabatda geçirilen «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň IV halkara kitap-sergi ýarmarkasyna gatnaşmak maňa-da miýesser etdi. Dünýäniň ençeme döwletleriniň kitap neşir işi bilen içgin meşgullanýan iri firmalarynyň, edaralarynyň arasynda biz hem öz ýurdumyzda çap edilýän dürli neşir önümleri hem-de kitaplary, edebiýatlary görkezdik. Halkara çäräniň dowamynda geçirilen döredijilik duşuşyklarynda türkmen ýazyjy-şahyrlary bilen tanyş bolduk. Olar bilen häzirki zaman edebiýatyny ösdürmek hem-de türkmen we belarus ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini terjime etmek ýaly döwrebap temalar boýunça söhbet etdik.

Ýürekleri ýakynlaşdyrýan sungat

Owganystan Yslam Respublikasynyň milli teatrynyň ösmegine saldamly goşant goşýan tanymal dramaturglaryň hem-de režissýorlaryň biri Fraýdon Fakorydyr. Ol köpmilletli owgan topragynda parahatçylygyň höküm sürmegi hem-de dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmek ýaly ynsanperwer ýol-ýörelgeleri öz döredijiliginde çeper keşpler arkaly täsirli beýan edýän ýazyjy hökmünde-de giňden tanalýar. F.Fakorynyň ýolbaşçylygyndaky Hyrat welaýat teatry 2019-njy ýylyň 19-23-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara teatr festiwalyna gatnaşdy. Golaýda F.Fakory özüniň mermer paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli taýýarlan makalasyny redaksiýamyza iberdi.

Teatr täzelikleri

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Şäher ertekisi» atly täze spektakl taýýarlanylýar. Režissýor Y.Durdyýewiň dramaturg G.Daňatarowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyran spektaklda başlangyç synp okuwçysynyň başdan geçirýän wakalary körpe tomaşaçylara ýakyn dilde janlandyrylýar. Çagalar üçin özboluşly sowgat boljak bu spektaklda H.Hudaýberdiýew, A.Mergenowa, N.Çaryýewa, M.Haýdarow ýaly ýaş artistler dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini dörederler. * * *

Dostluk sazlary

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň mukamlar köşgüniň milli saz gurallary orkestri konsert maksatnamasy bilen çykyş etdi. Dabarada tatar, gazak halk aýdymlary, türk aýdym-sazlary, şeýle-de A.Kukubaýewiň, T.Satalganowyň eserleri ýaňlandy. Konsertiň dowamynda halypa kompozitor Nury Halmämmedowyň «Duran ýerlere» eseri, «Bibijan», «Nowaýy» atly türkmen halk sazlary, U.Gajybekowyň «Görogly» operasyna uwertýura, A.Nazarowyň eserleri ýaňlandy. Konsert P.Saryýewiň «Şatlyk» sazy bilen jemlendi.

Nowruzda

Ene ýeri mes edip, ak çabgalaň ýagyşy,Topraga derman bolup, ýagyş suwlaň eňişi,Keýpiçag ak bulutlaň ýagyp-ýagyp diňişi,Gün çykar, älemgoşar nurlanýandyr Nowruzda. Togsan dolup, giň meýdan Gün nuruna geriner,Ýaşyl maýsa ýaraşyk çyg damjalar güreler,Mahmal donly baýyrlar toý lybasa bürener,Pyntyk ýaryp şahalar joş urýandyr Nowruzda.

Agzybirligiň baýramy

Bu gün Nowruz baýram joşa gelipdir,Saçakda şerbetler noşa gelipdir. Bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda günsaýyn ösýän we gözelleşýän Garaşsyz Türkmenistanyň bagtyýar raýatlary gadymy milli bahar baýramymyzy — Halkara Nowruz gününi dabaraly garşylaýarlar. Nowruz baýramy halkymyz tarapyndan indi müňlerçe ýyllap örän täsin garşylanýar. Mysal üçin, bu gadymy baýrama çenli gelýän iň soňky çarşenbe güni ilkagşam türkmen obalarynyň adamlary kiçiräk şaman oduny ýakyp, ol ýerde dabara gurap, oduň üstünden bökýärler. Her bir maşgala öýlerde arassalaýyş-tämizleýiş işlerini geçirýär. Baýramçylyk günleri birek-biregi Nowruz — Täze ýyl baýramy bilen gutlap, ýurt, il-gün üçin ýagşy dilegleri edýärler.

Nurana Nowruzym geldi

Köňülleriň soltany bahar geldi. Ol müşgi-anbar ysyny saçyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe güneş ýaly mähir hem söýgi eçilýär. Bu gün bagtyýar halkymyz göwün törüni gülledip, täze güni — Nowruzy garşylaýar. Nowruz ýyl hasabynyň döreýşi taryhy maglumatlara görä, patyşa Jemşidiň ady bilen, ýagny bolçulyk, ýurtlaryň parahatçylygy we adamlaryň ruhy baýlygy bilen baglanyşdyrylýar. Nowruz baýramy barada ilkinji gezek «Awesta» kitabynda ýatlanylýar. Gündogaryň görnükli alymy Abu Reýhan Biruny özüniň X — XI asyrlaryň sepgidinde ýazan «Öten nesilleriň ýadygärlikleri» atly ensiklopedik işinde Nowruz baýramynyň bellibir günde bolýandygyny we oňa eýermegiň aý-ýyl hasabynyň yzygiderliligini saklamak üçin amatly we aňsat usuldygyny belläpdir. Horezm patyşalary Nowruz gününde nökerlerine ýaz geýimini geýdiripdirler. Alym Nowruz günlerinde Horezm patyşalarynyň köşgünde dürli naharlaryň, semeniniň — sömelekleriň bişirilip, myhmanlaryň kabul edilendigi barada gyzykly maglumatlary berýär.

Daşlaryň dilindäki söhbet

Çalynmadyk sazlara bagyşlanan heýkel Heýkeltaraş Polat Mämiýewiň özi bilen onuň döreden heýkelleri hakynda gürrüň etsek, ol her bir döreden eserinde özboluşly, üýtgeşik bir pikiri öňe çykarýar. Onuň bilen bile ussahanasyndaky heýkeli synlaýaryn.Sazanda Jepbar Hansähedow. Ol ýaş hem görmegeý. Ykjam hem gujurly. Dutary-da bar. Häzir dutaryny bir gulakdan düzüp, özüniň meşhur sazyna — “Baga girelä” başlaýjak ýaly duýgyny döredýär. Emma... Emma çalynmaz, sebäbi eser çalnan saz hakynda däl-de, çalynmadyk saz hakynda. Sazanda dutary tutanok, heýkelde dutar doly şekillendirilmändir. Göýä dutar bilen sazanda bir bitewi göwrä öwrülip, biri beýlekisine siňip duran ýaly bolup görünýär. Munda basylmadyk perdeler, kakylmadyk kakuwlar görünýär, sen, elbetde, olary göreňok, emma kalbyň bilen duýýaň. Dutaryň ho-ol sap ujunda — goşa gulagyň durmaly ýerinde bolsa gül tahýaly bir gyz uzyn saçlaryny ýaýyp duran ýaly görünýär. Ol-da sazandanyň indiki sazyna intizarlyk bilen garaşýarmyka? Polat onuň gyz maşgala däl-de, türkmeniň gowy görýän leýlisaç agajydygyny aýdanda, “Hä, asyl, şeýlemidi?” diýýäň hem-de şol wagt eserdäki aýdylýan pikiri dolulygy bilen kabul edýäň: heýkel ir üzülen ömri hem-de çalynmadyk sazlary ebedileşdirýär. Sag gursakda, dutaryň kädisi hem sapy bilen sazlaşyp duran ýerde görünýän zenan maşgalanyň suduryny bolsa wagtyndan ir solan ömre zarynlap duran ene topragyň keşbi h

Desterhan (hekaýa)

Oýlanyp otursam, ondan bäri är ömri geçäýen eken. Süýji ýatlamalara berlen çagym törde duran gyzyl sandygy açyp, içindäkileri ýeke-ýekeden elden geçirmek, geçeni ýatlap, ýatlamalara çümmek meniň üçin endige öwrülipdi. Bu gezek ýanyna barsam-da, ony açmaga birbada bognum ysmady. Sebäbi sandykda süýji ýatlamalar bilen birlikde ýüregimi tolgundyrýanlaram bardy. Esli salymdan soň, sandygy açdym. Guşuň kölegesinde oturan ýaly bolup geçip gidýän ynsan ömrüni yzarlanyňda, onuň ýatda galan süýji pursatlary aýratyn ylham bolup kalba dolýar. Bu gezegem şeýle boldy. Sandygyň içindäki zatlar, ylla üstünden ýyllar aşmadyk ýaly öwşün atýardylar. Käbiri epin tutup gidipdir. Eliňden typyp duran atlaz matany synlanymda, onuň sowgat edilen pursaty gözümiň öňünde janlanyp gitdi. Ynha-da, toýumyzda talyp deň-duşlarymyzyň beren sowgady. Ýüpek desterhanyň gyrasyna aýlanan «käbe ýoly» nagşynyň egrem-bugram keşdeleri geçip giden pursatlary yzarlaýan ýalydy. El bilen çekilen öwrüm-öwrüm keşdeler aňyňy-pikiriňi alyslara alyp gidýärdi.

Ýagşylygyň jogaby (nowella)

Şady çopanyň ädikleriniň astyndan syçraýan toprak, guşlugözüň däneleri ýaly pytrap gidýärdi, maňlaýyndan syrygýan der ýaňaklarynyň üstünden ýol salýardy. Ondan galman gelýän alabaýlar kä öňe geçip, kä deňine gelip ýüzin salýardylar. Gözleri welin gurtlaryň yzlaryndan sowlarman däldi. Çopan birden säginip, töweregine ser saldy. Şonda ol sürüden gaty daşa gidendigine düşündi. Olar bir depäniň eteginde saklandylar. Şady çopan bu alaňyň kesek atym aňyrsynda daglara direnip duran baýyrlygyň başlanýandygyny bilýärdi. Börüler baýyrlyga, daglyga siňensoň, olary tapyp bolmaýandygyndan hem habarlydy. Onuň sürüsinden şu çaka çenli bir ýyrtyjy-da mal sogrup almandy. Bu gün welin... Gije ýarymdan agan dessine, «daňa derek men geldim» diýýän ýaly, ýyldyzlaryň ýagtysyna çalaryp görünýän börüleriň gündogardan çykan sesleri, çopan goşunyň janly-jandarlaryny, golundan dartylan ýaly aýaga galdyrdy. Alabaýlar topar bolup sesiň gelen tarapyna eňdiler. Şol arada Şady çopanyň:

Syryň dessan eýläp, paşa düşüp sen...

(Magtymguly Pyraga bagyşlanan dessan hakynda) * * *

Wepalylygyň nusgasy

Hormatly Prezidentimiz türkmen medeniýetini ösdürmek, milliligiň we döwrebaplygyň sazlaşygyny döretmek ugrunda uly tagallalary edýär. Munuň üçin bolsa ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemek, olaryň medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň baý medeni mirasyny doly öwrenmegi we gorap saklamagy, mahlasy, türkmen ruhunda terbiýelenmegi wajyp bolup durýar. Ýurt Baştutanymyz 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Biz jemgyýetimizi ösdürmegiň, döwletara we halkara medeni-ylmy gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti hökmünde halkymyzyň köp müňýyllyk ösüşiniň taryhy tejribesiniň, gadymy däpleriniň, ruhy we maddy gymmatlyklarynyň, medeni mirasynyň giňden wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berýäris» diýip belledi. Hakykatdan-da, jemgyýetimiziň döwletara we halkara medeni-ylmy gatnaşyklarynyň ösüşiniň möhüm şerti türkmen milli medeniýetiniň giňden wagyz edilmegidir. Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimize bagyşlap döreden kitaplary bu günki gün bilim, medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleriniň ýakyn gollanmasyna öwrüldi. Olardan «Döwlet guşy», «Ile döwlet geler bolsa...», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly ençeme kitaplarynda türkmen medeniýeti, urp-adatlary, däp-dessurlarymyz, gadymy mi

Iki asyryň juwazy

Geçen asyryň başlarynda Daşoguz şäheriniň etegindäki obalaryň birinden ýaby goşulan ullakan araba «Niredesiň Aýböwür ýaýlasy?!» diýip, gumaksy ýol bilen tigirlenip ugrady. Arabany sürüp barýan ýigidiň göwni hoşdy. Ol mahal-mahal arabanyň üstüne ýüklenen juwaza guwanmak bilen seredýärdi. Dagy näme, onuň söwdasy oňupdy. Näçe wagtdan bäri edip ýören arzuwyna ýetdi. Esli wagt bäri daýhançylykdan ýygnap, artdyran puluna juwaz satyn alypdy. Indem obadaşlarynyň özüni nähili garşy aljakdyklaryny göz öňüne getirip, aýdyma hiňlenip barýardy. Işigiňde juwaz işletmek şol döwürde hemmä ýetdirip duran dereje däldi. Ol ýag siňip, sokusy garalyp giden juwazy ýene bir gezek synlady. «Juwazyň ýasalanyna näçe wagt bolduka?». Bu sowalyň jogabyny ony satan adamyň özi hem takyk aýdyp bilmändi.

Ýer bilen baglanyşykly sözler

Par — öňki ýyl sürlen ýer.Atyz — daş-töweregine çil çekilen ýer.Ýanaw — ýapgyt ýer.Çeltik — şaly ekiljek yzgarly ýer.Depiz — sähralarda ýerleşýän daş-töweregini gum gurşap alan şor ýer.Ala — üstüne gyrymsy çöp biten çäge gatyşykly takyrlar.Aklaň — üstünde selçeň ösümlik bitýän ullakan çägeli depe.Daz — ösümlik bitmeýän şor ýer.Şirem — iki derýanyň arasyndaky ýer.Akyn — ýagyş suwunyň akan ýeri.Peýkal — bölek ekin meýdany.Pyşda — joýanyň arasyndaky boş ýer.Nurhorda — dökün dökülen ýer.Tagta — tekiz düzlük, iki jülgäniň aralygyndaky tekizlik.Bil — görnüşine görä ýer.Guzaý — bir tarapyna Gün düşýän ýer.Çagat — ösümligi az otly ýer.Ýazy — sähralyk otuň bol ýeri.Şüdügär — sürlüp goýlan ýer.Kak — takyrlarda ýagyş suwunyň ýygnanýan ýeri.Jezire — dört tarapy suw bilen gurşalan ýer.Ak gaýyr — derýanyň suwunyň çekilen ýeri.

Görenlerden eşidenlerim

Keşşigiň ulagy ýaly... Meşhur ýazyjymyz Beki Seýtäkow ömrüniň soňky ýyllarynda näsaglap, ýygy-ýygydan keselhana girmeli bolupdyr. Muny eşiden dost-ýarlary, esasan hem, ýazyjy-şahyrlar halypany soramaga barypdyrlar. Her baran bilen degşip-gülşüp oturan ýazyjynyň ýanyna ýörite onuň degişmelerine maýyl bolup barýanlar hem az bolmandyr. Bir gezek «Edebiýat we sungat» gazetiniň işgärleri topar tutup ýazyjyny soramaga barypdyrlar. Olaryň arasynda žurnalist Keşşik Annaýew hem bar eken. Galamdaşlary:

Bag ekeliň

Tebigata goşant edip,Bile üýşüp bag ekeliň!Boz ýerleri dersläp-depip,Geliň, kän-kän bag ekeliň! Saýasynda çaýlar ýaly,Çagajyklar ýaýnar ýaly,Dökün döküp, suwlar ýaly,Bol miweli bag ekeliň!

Söýgi siňen senet

Gelin-gyzlarymyzyň hünärli ellerinden dörän milli matalarymyzyň beýany bilen tanyşmak gyzykly bolsa gerek. Türkmen matalary, esasan, üç topara bölünip, olar: nah, ýüpek, ýüň matalarydyr. Nah — pagtadan egirlen ýüplükden dokalan mata. Oňa şular degişlidir:

Semeni — ýokumlar çemeni

Gadymyýetden bäri ençeme halklaryň dilinde Nowruz baýramynyň esasy nygmaty bolup gelýän semeniniň uly ýaşlylar üçin-de, çagalar üçin-de peýdasynyň uludygyny aýtsak hiç kimi-de geň galdyrmarys. Ýöne bu tagamyň witaminlere we minerallara baýlygy sebäpli, dürli dermanlyk häsiýetleriniň bardygyny bilip goýmak welin artykmaçlyk etmese gerek. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, bir nahar çemçesi möçberindäki semenide iki kilogram gök önümiňkä barabar witaminiň bardygy munuň ýönekeýje subutnamasydyr. Onuň düzüminiň şeýle baýdygyny göz öňünde tutup, semenini aşa köp iýmegem maslahat berilmeýär. Semenini çenini bilip iýmek bagry, öýkeni arassalaýar, içegeleriň işleýşini gowulandyrýar. Nerw dartgynlylygynda-da, semeniniň täsiri uludyr. Onuň köşeşdiriji täsiri bar. Şonuň ýaly-da, semeni özünde bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak häsiýetiniň bardygy bilen hem gymmatlydyr. Witamin ýetmezçiligini bejermekde-de, semeniniň peýdasy diýseň uludyr. Umuman, semeniniň peýdaly häsiýetleri ženşeniňki bilen meňzeşdir.

Pikir we hereket (Iňlis tymsaly)

Işi ugrugybermeýän telekeçi bir gün institutda okadan mugallymyna gabat gelýär. Gowy görýän talyplarynyň biri bolansoň, mugallym ony bir käse çaý içmäge öýlerine myhmançylyga çagyrýar. Çaý başynda-da iş, durmuş barada gürrüň açylýar. — Näme üçindir, başyna baran işim ugrugyberenok — diýip, ýaş telekeçi içini döküp ugraýar. — Ýogsam bäsdeşlerimden yza galmajak bolup hemişe aýak üstünde.