Pasyllar soltany ýazyň ýazylganlygyna, ýaýrawlygyna, ýaraşyklygyna geljek zat barmy?! Ýok. Ol sözsüz düşnüklidir.
Wagt dört paslyň hersine gününi paýlaýanam bolsa, näme üçindir adam ömürboýy ýaza garaşyp ýaşaýar. Diýmek, parhy duýulýandyr reýhanalygyň, lälezarlygyň. Şonda diňe dag, depe, düzler bezenenok, älem-jahan bezenýär. Ynsanyň galkynyşy, ganatlanyşy has-da başgaça bolýandyr o möwritde.