Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň mukamlar köşgüniň milli saz gurallary orkestri konsert maksatnamasy bilen çykyş etdi. Dabarada tatar, gazak halk aýdymlary, türk aýdym-sazlary, şeýle-de A.Kukubaýewiň, T.Satalganowyň eserleri ýaňlandy.
Konsertiň dowamynda halypa kompozitor Nury Halmämmedowyň «Duran ýerlere» eseri, «Bibijan», «Nowaýy» atly türkmen halk sazlary, U.Gajybekowyň «Görogly» operasyna uwertýura, A.Nazarowyň eserleri ýaňlandy. Konsert P.Saryýewiň «Şatlyk» sazy bilen jemlendi.