"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Ýüregiň emri (Tibet tymsaly)

Öňde-de bir garry kempir syrkawlap, uzak wagtlap düşekde ýatypdyr. Onuň halyny soramaga dogan-garyndaşlary yzly-yzyna gelipdirler, uzak ýerlerde ýaşaýan ogly welin gara bermändir. — Ol nädip gelsin, töwerek-daşy gar basyp ýatyr ahyryn — diýip, kempir ogluny aklapdyr. — Ine, gyş geçip, daglaryň gary erär welin, oguljygym hökman geler. Onuň meniň halymyň teňdiginden habaram ýokdur, görseňiz.

Fortepiano — owazlaryň sazlaşygy

Saz gurallary baradaky gürrüňiň taryhyny alymlar baryp paleolit eýýamyna, adamyň daşdan, süňkden we agaçdan dürli gurallary ýasamagy öwrenen döwürlerine alyp gidýärler. Saz gurallarynyň içinde iň gadymylary kakylyp çalynýan saz gurallarydyr. Umuman, taryhyň dowamynda saz gurallarynyň kakylyp, üflenip çalynýan, kirişli... diýen ýaly dürli toparlara bölünýän ençeme görnüşleri döredildi. Olaryň arasynda klawesin, awikodra ýaly saz gurallarynyň kämilleşmeginde dörän fortepiano häzirki döwürde iň meşhurlarynyň biridir. Häzirki zaman fortepianosynyň mehanikasy italýan ussasy Kristofori tarapyndan XVII asyryň ahyrynda oýlanyp tapylýar. Kristoforiniň täze saz guralynda düwmejikleri basanyňda hereket edýän «çekiçjikler» owazy emele getirýän kirişleriň aşagynda ýerleşipdir. Bu saz guralyny “gravicembalo col piano e forte” — “pianoforte” diýip atlandyrypdyrlar. Ýöne soňlugy bilen onuň fortepiano ady ýörgünli bolupdyr.

Diňe ene hakynda

Enelik — ähli söýgüleriň başlaýan hem-de şol ýerde soňlanýan ýeridir. Robert Browniň.

Körpelere okap beriň!

Sowgat Ata çykyp sähra gitdim,Enem janyň doglan güni.Az salymdan sähra ýetdim,Görsediňiz elwan güli.

Uly dünýä getiren gumak ýol

Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bilen söhbet Wagty boýun egdiren gözellik

Ruhy ýakynlyk

Gruziýanyň Aleksandr Çawçawadzäniň öý muzeýiniň baş ýolbaşçysynyň orunbasary, alym antropolog Irakli Pipiýa tejribeli muzeý işgäri hökmünde daşary ýurtlarda hem giňden tanalýar. Onuň muzeý işini döwrebap we kämil guramaga bagyşlanan ylmy makalalary daşary ýurtlaryň iri neşirlerinde çap edildi. I.Pipiýa 2014-nji ýylyň 12 — 14-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçirilen «Arheologiýa tapyndylaryny öwrenmekde we muzeýleşdirmekde Türkmenistanyň tejribesi» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyp, ýurdumyzyň muzeýlerinde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdy. Ýakynda Irakli Pipiýa özüniň türkmen we gruzin halklarynyň ruhy ýakynlygy hakynda gürrüň berýän makalasyny redaksiýamyza iberdi. Edil türkmenler ýaly gruzinler hem merdana pederlerimizden miras galan asylly ýol-ýörelgeleri ösüp gelýän ýaş nesillere geçirmäge, olary milli ruhda terbiýelemäge uly üns berýärler.

Wepadarlygyň nusgasy

Türkmen halky gaýtalanmajak kämillik derejesine ýetiren ençeme gymmatlyklary bilen meşhur bolupdyr. Şolaryň biri-de wepadarlygyň, dostlugyň, güýçlüligiň beýik nusgasyny özünde jemleýän türkmen alabaýlarydyr. Alabaý — öý-ojagyň goragçysy bolup, halkymyza asyrlarboýy hyzmat edipdir. 25-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi we onuň her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde geçirilmelidigini aýtdy. 2-nji martda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasynda wepadarlygyň nyşany bolan türkmen alabaýlary hakynda ýurt Baştutanymyzyň edýän aladalaryna bagyşlanyp hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedow, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Täsin sergi

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde ýapon gurjaklarynyň sergisi açyldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň bilelikde guramagynda giňden ýaýbaňlandyrylan sergi dostlukly halkyň gadymy medeniýetiniň naýbaşy nusgalary hasaplanylýan gurjaklar bilen ýakyndan tanyşmaga uly mümkinçilikleri döretdi. Köpleriň ünsüni özüne çeken sergi oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. * * *

Bag-bossana bürenýär, bu gün ajaýyp Diýar

Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzda tokaý zolaklaryny döredip, howanyň arassa bolmagy hem ajaýyp tebigatymyzyň gözel görke gelmegi üçin çäksiz aladalary edýär. Ýurt Baştutanymyzyň hut özüniň başda durmagynda her ýyl agaç nahallarynyň müňlerçesi oturdylýar. Bu ýyl hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda miweli we miwesiz agaçlaryň 30 million düýbi oturdylar. Ýaşaýyş, durmuş daragta deňelýär. Pederler hem nesiller daragta deňelýär. Çünki daragt öz köküni topraga çuň urýar-da, gol doly şaha ýaýyp, öz miwesini töwerege eçilýär. Daragtda bakylyk, ýaşaýşyň dowam etmegi ýaly ruhy häsiýetler bar. Ynsan hem şeýle. Ata Watanyna örküni baglan ynsan pederleriň durmuş ýörelgesine daýanýar-da, gol doly maşgala bolup, geljeginiň, ýagny nesil dowamatyny ilhalar ynsan edip ýetişdirmegiň aladasynda bolýar. Pederleriň ruhy edähedine daýanýan ynsan nesiller arkaly baglanyşygy berk guraýar. Ata-babalarymyz bu hakynda «Ynsan neberä daýanar, agaç damara» diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda-da bag ýaşaýşa, ömre deňelipdir. Irki döwürlerde «Durmuş daragty», «Ýaşaýyş daragty», «Nesil daragty» diýen ýaly keramatlaşdyrylan agaçlar bolupdyr. Adamlar olara mukaddeslik hökmünde sežde edipdirler.

Ýaz äheňleri

Ýene guşlar ýaşaýyşa höwesli,Dolanýarlar gül-pürçükli baglara.Äleme ýaň salyp, bilbiliň sesi,Nowbahar öwrülýär ajap çaglara. Nämälim bir derde uçrana meňzeş,Messan basyşyňa sarsan ýürekler.Nurly Aý öňküden şuglaly dogmuş,Şabram şelpe kakýar syrdam derekler.

Zenanlaryň döredijiligi

— Şahyryň setirleriniň demi öz halkynyň demi bilen gabat gelişmeli. Kerim Gurbannepesow,Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Enä tagzym

Ýar sowgady (hekaýa)

Aman bu günem ýykyldy. Ony öz deňemigi, Akýaýladan gelen pälwan ýigit ýykdy. Hernä göreş meýdany ýumşaksy bolansoň, kelemenläp, juda batly gaýtsa-da, Amanyň zeper ýeten ýeri bolmady. Ýykan pälwan ýigidiň daşyny bile gelen ýoldaşlary alyp duransoň, onuň golundan çekenem bolmady. Özi turdy, özi gaýtdy. Ol diňe köpçüligiň içinden bir ýaşulynyň: «Ýykylan göreşden doýmaz» diýipdirler, belki, indiki toýlarda ýykarsyň, ruhdan düşme» diýen göwünlik beriji sözlerini eşidip galdy. Aman ýeke özi pikire çümüp ýatyşyna, düýnki toýda ýykylyşyny ýatlady. Ony ýene-de der basdy, howpurgatdy. Ol ýatakdaky goçlaryň birini tutagada, boýnuna hopba edip, howlynyň içinde aýakýalaň o ýan, bu ýan ylgady. Endam jany suw-sil boldy, ýumşady. Diňe şondan soň az-kem göwni göterildi.

Şol ýylyň bahary (Hekaýa)

Biz adatça ömrümiziň bezegine öwrülip giden wakalary hälimi-şindi ýatlap ýörýäris. Şol pursatyň süýjülikleri bilen ýaşaýarys. Özümde-de şeýle. Çagalyk, mekdep ýyllarym bilen baglanyşykly ýatlamalar ýyllaryň täsiri bilenem öz datlylygyny ýitirenok. Näme üçindir, meniň kalbymda has ýiti täsirini galdyran ýatlamalaryň köpüsi bahar pasly bilen baglanyşykly. Hersinde özüm üçin bir mähriban ynsan ýaşaýan, ýyllaryň aňyrsynda galsa-da, ýaz paslyndan alan görkanalygyny ýitirmän gelýän pursatlary ýatlap ýörşüme, talyplyk dünýäsinde dowam edýän durmuşymyň özi bahara meňzäp gidipdir. Köplenç bahar paslyny eneler, gelin-gyzlar bilen baglanyşdyrýarlar. Şonuň üçinem bu pasyldaky ýatlamalaryň içini hem şol mähriban zenanlaryň keşbi bilen bezeýärler. Men welin bahar pasly, esasanam, bahar baýramy barada gürrüň orta çykanda, ilki bilen, gözümiň öňüne... Gowusy, ähli zady başdan gürrüň bereýin.

Ynam ödelse ýagşy

Gurbannazar Ezizow ýaly at-owazasy arzuw edilýän belentlige göterilen şahyra «Ol meniň dostumdy» diýmäge töwekgellik edip biljek däl. Ýöne aramyzda gezip ýören wagty onuň özi bize dostlaşmagy teklip eden bolsa, biz onuň teklibini uly höwes bilen kabul ederdik. Gurbannazar Ezizowyň «...Belki, bolan däldir otuzda dostum» diýen setirlerini okap, onuň jana-jan dostlarynyň biriniň örän ýokuş görendiginden meniň deň-duşlarymyň köpüsi habarlydyr. Her bir şahyr öz iliniň, ýurdunyň ogludyr. Şonuň üçin şahyryň döredijiligi baradaky gürrüňleri diňe öz şahsy gatnaşyklaryňa syrykdyrmak gelşiksiz bolar.

Gurbannazaryň «Ýazlary»

Gurbannazar Ezizowyň döredijiliginde birnäçe düşünjeler, närseler özboluşly akymy kemala getirip, olaryň her birisi şahyryň şahyrana uslybynyň bir özboluşlylygyndan habar berýär. Şolardan bir akaba barada gürrüň etmegi göz öňüne tutýarys. Gurbannazaryň ýaz hakyndaky goşgularynyň başlybaşyna bir akaba bolup, şygryýetiniň uslybyny alamatlandyrýan bir özboluşlylygyň şygryýetinde ornaşmagy tebigy ýagdaý. Kämil şahyrlaryň eserlerinde dogduk mekanyna, ilýurduna, Watanyna bagyşlap eserler döretmeginiň kanuny hadysa bolşy ýaly, dünýä inen paslynyň hem şygyrlarynda şöhlelenjekdigi şübhesizdir. Gurbannazar Ezizowyň şygryýetinde doglan obasy Söwütli, ilgüni, Watany baradaky goşgularynyň hatarynda, doglan pasly — ýaz paslynyň hem orun almagy zehiniň kanuny hukugy. Iň ähmiýetli ýeride, menem baharýaz hakynda goşgular döredip, özüme şahyrana ýörelge ýasanaýyn diýlen ýaly ýasamalyk ýüzünden kemala gelmän, «uslyp», «ýörelge», «şahyrana akaba» ýaly düşünjeler heniz şahyryň kellesinde ýok wagtlary, hatda olaryň manysyna düşünip bilmejek ýaşynda — okuwçylyk döwründe baharýaz hakynda «jigerlije» goşgular ýazyp, uslyp özboluşlylygynyň ilkinji «kerpiçlerini» goýmagy başarypdyr. Bu özakymlaýyn dörän ýagdaýdyr. Ine, şol şahyrana «kerpiçlerden» iki sanysy: «Üç ýyl ozal bahar çagy, Ekipdim men dürli bagy. Bu ýaz, ine, hemmejesi: Alma, erik hem üljesi, Akja güllerin açdylar, Yslaryn her ýan saçdy

Sazlaşygyň şäheri

Aşgabat. Aşyklaryň şäheri. Garaşsyz Watanymyzyň ýüregi. Dünýäniň ýüzünde ylalaşdyryjy merkez, parahatçylygyň mekany hökmünde uly ynam, buýsanç bilen bakylýan şäher. Biziň islendigimiz üçin ol Watan sözi bilen manydaş. Hut şonuň üçin hem biz şahyr tarapyndan: Mähir, söýgi bardyr eziz adyňda,Okgun bardyr seniň bedew badyňda,Elmydama ak Gün dogsun alnyňda,Paýtagtym sen, ak bagtym sen, Aşgabat!

Tebigatyň waspçylary

Türkmen sährasy äpet türkmen halysyny ýadyňa salýar. Haly bolsa türkmeniň kalby hasap edilýär. Bahar aýlarynda Garagum sährasyny synlamagyň aýratyn lezzeti bar. Gül-gülälekli meýdanlar beden üçin — dem, hassa üçin — derman. Tebigat — bu biziň umumy öýümiz diýýäris. Onuň gözelligini goramak bolsa biziň hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr. Gündogaryň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy «Türkmeniň», «Äleme belgilidir», «Ýeli Gürgeniň» goşgularynda türkmen tebigatyny, gör, nähili joşup wasp edipdir.

Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan

Ýazyjy Taňryguly Taganow bilen meni şahyr dostum Silgeldi Akmyradow tanyşdyrypdy. Silgeldi Taňryguly aganyň ýegeni eken. Ýazyjy bilen hüý-häsiýetimiz tiz alyşdy. Taňryguly aganyň Tejene ýa Babadaýhana ýoly düşse, bize gelmän gitmezdi. Çaý-nahardan soň, ondan Magtymguly atamyzyň goşgularyny ýatdan aýdyp bermegi haýyş ederdim. Ol nurana ýüzüni güldürip, şahyryň goşgularyny labyzly aýdyp bererdi welin, diňläp doýup bolmazdy. Ol akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň durmuşy barada uly eser ýazan ýazyjylarymyzyň ilkinjileriniň biridi. Geçen asyryň ellinji ýyllarynyň ahyrynda Taňryguly Taganowyň «Dürler hazynasy» atly kitaby çapdan çykdy. Kitaby okyjylar köpçüligi uly höwes bilen garşy aldy. Ýazyjynyň bu kitabynyň esasynda ýazylan «Kökenli ýüzük» spektakly ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnasyndan köp wagtlap düşmedi. Taňryguly aga «Dürler hazynasy» eserini ýazjak bolanda Magtymguly atamyzyň okan ýerlerinde bolandygyny, onuň nebereleri bilen köp-köp söhbetdeşlik geçirendigini gürrüň bererdi. Ýazyjy belli magtymgulyşynas professor Mäti Kösäýewden hem Magtymguly barada köp maglumat alypdyr.

«Dona gezek gelen bolsa...»

Ýomut-gökleň bagşyçylyk ýolunyň ussady, meşhur Sapar süýrentginiň şägirdi Nazar baga Morsy ogly hakyndaky bu gürrüňi ony gözi bilen gören, ýakyndan diňlän, häzirem biziň aramyzda sag-aman ýaşap ýören 106 ýaşly kärdeşimiz Baba Garaýew gürrüň berdi: — Baý, Nazar baga bagşy-dow, Sesi dagy bir menzildenem edil ýanyňda aýdyp oturan ýalydyr. Öňüne bagşy geçirmezdi. Ak öýlänler tirme aýdymlara tutup, zoruny görkezerdi. Adamlar bolsa ondan dessana garaşyp, şol yranyşyp oturandyrlar. Ýekejesi dagam ýerinden gozganaýsa nädersiň. Olar bagşynyň her bir hereketini gaty üns bilen synlardylar. Käbirleri bagşy bilen bile gygyryp, dyzlaryna galýady. Gözlerini pugta ýumup, kellesini ikiýana çaýkap, yranyp oturanlar hem bardy. Meniňem bagşyny ilkinji gezek görşümdi. Onuň at-owazasyny eşitsem-de, ýakyndan diňläp görmändim. Şonuň üçinem bagşyny aýratyn höwes bilen diňleýärdim. Onuň her bir hereketini synlaýardym. Bagşynyň egninde goşa don bardy. Donlaryň biri ýalaňgatdy, beýlekisi hywa çäkmenidi. Uzyn ak kamys köýneginiň üstünden ýasy guşak guşalandy. Donlarynyň synlary guşagyna gysdyrylgy bolansoň, bagşy has daýaw görünýärdi. Ol şol gezegem tä ýagyrnysyndan der görünýänçe aýdym aýtdy. Esli wagtdan soň, çäkmenini, soňra-da ýuka donuny hem çykardy. Şondan soň bagşa belet janköýerler ýeňillik bilen dem alyp, oňa golaý-golaý süýşüp başladylar. Men näbelet bolamsoň, gapdalymda oturan ýaşuludan bu ýagda

Pursatlar

Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Akmämmet Nurmämmedow bilen maňa köp ýyllap duz-emek bolmak miýesser edipdi. Ol «Şaglap iner bürgütleri» aýdymy bilen adygyp başlapdy. Onuň ýognasdan dury sesi, labyzly owazy bardy. Hiç kimiňkä meňzemeýän arassa jukguldysy bilen hem tanalypdy. Akmämmet bagşy Nurberdi Gulowdyr Wary Aýjanowy halypa tutunyp, öz ýoluny tapypdy. Meşhur bagşy Sahy Jepbar oňa saryýagyz hem gök gözli bolansoň, «Ors bagşy» diýip lakam goýdy. Men öňki Nebitdag telestudiýasynyň «Edebi-sazly gepleşikler» redaksiýasynda redaktor bolup işlän döwrümde onuň bilen häli-şindi medeni çärelerde hem toýlarda gabatlaşýardyk.