Ýazyjy Taňryguly Taganow bilen meni şahyr dostum Silgeldi Akmyradow tanyşdyrypdy. Silgeldi Taňryguly aganyň ýegeni eken. Ýazyjy bilen hüý-häsiýetimiz tiz alyşdy. Taňryguly aganyň Tejene ýa Babadaýhana ýoly düşse, bize gelmän gitmezdi. Çaý-nahardan soň, ondan Magtymguly atamyzyň goşgularyny ýatdan aýdyp bermegi haýyş ederdim. Ol nurana ýüzüni güldürip, şahyryň goşgularyny labyzly aýdyp bererdi welin, diňläp doýup bolmazdy. Ol akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň durmuşy barada uly eser ýazan ýazyjylarymyzyň ilkinjileriniň biridi. Geçen asyryň ellinji ýyllarynyň ahyrynda Taňryguly Taganowyň «Dürler hazynasy» atly kitaby çapdan çykdy. Kitaby okyjylar köpçüligi uly höwes bilen garşy aldy. Ýazyjynyň bu kitabynyň esasynda ýazylan «Kökenli ýüzük» spektakly ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnasyndan köp wagtlap düşmedi.
Taňryguly aga «Dürler hazynasy» eserini ýazjak bolanda Magtymguly atamyzyň okan ýerlerinde bolandygyny, onuň nebereleri bilen köp-köp söhbetdeşlik geçirendigini gürrüň bererdi. Ýazyjy belli magtymgulyşynas professor Mäti Kösäýewden hem Magtymguly barada köp maglumat alypdyr.