Türkmen sährasy äpet türkmen halysyny ýadyňa salýar. Haly bolsa türkmeniň kalby hasap edilýär. Bahar aýlarynda Garagum sährasyny synlamagyň aýratyn lezzeti bar. Gül-gülälekli meýdanlar beden üçin — dem, hassa üçin — derman.
Tebigat — bu biziň umumy öýümiz diýýäris. Onuň gözelligini goramak bolsa biziň hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr. Gündogaryň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy «Türkmeniň», «Äleme belgilidir», «Ýeli Gürgeniň» goşgularynda türkmen tebigatyny, gör, nähili joşup wasp edipdir.