"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

Nebitgaz toplumynda hoşallyk maslahaty geçirildi

26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda 2022-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de sebitleri döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak meselelerine garaldy. Maslahatyň dowamynda milli Liderimiz nebitgaz toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin möhümdigini göz öňünde tutup, pudagy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konsernine we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna maýa goýum serişdesini bermek barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi. Nebitgaz toplumynyň agzybir işgärleriniň hormatly Prezidentimize bolan buýsanjyny we guwanjyny artdyran hoş habaryň yzysüre — 27-nji ýanwarda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasynda nebitgaz senagatyny ösdürmegiň täze tapgyry» atly hoşallyk maslahaty geçirildi.

Zawodlar toplumynyň täze önümi ekologik abadançylyga uly goşant bolar

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy diňe bir ýurdumyzda ýa-da Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, dünýäde nebit önümlerini gaýtadan işleýän iň iri kärhanalaryň hataryna girýär. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyndaky ilkinji mejlisinde bu ýerde nebit önümleriniň täze görnüşiniň — EURO-6 standartlarynyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän, ekologik taýdan has arassalygy bilen tapawutlanýan täze A-98 kysymly awtoulag benzininiň öndürilip başlanandygy hakyndaky hoş habar nebitgaz toplumynyň ähli önümçilik düzümlerinde uly ruhubelentlik joşgunyny döretmek bilen, çig nebiti gaýtadan işlemek hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny subut etdi. Benziniň bu görnüşiniň dünýäniň ösen ýurtlarynda öndürilýän iň häzirki zaman awtoulaglarda ulanylyp, ekologiýa taýdan has arassalygy we tygşytlylygy bilen tapawutlanýandygyny bellemek gerek. Onuň hil görkezijilerini EURO-6 ekologik talaplaryna laýyk getirmek üçin zawodlar toplumynyň awtoulag benzinleriniň komponentlerini öndürýän desgalarynyň iş düzgünlerine üýtgetmeler girizildi we öndürilýän komponentleriň hil görkezijileri berk gözegçilikde saklanyldy. Barlaghana şertlerinde ýörite synaglar geçirilip, täze önümiň komponent düzümi kesgitlenildi. Ekologiýa taýdan arassa, täze etilir

Suw arassalaýjylaryň zähmet goşandy

Hormatly Prezidentimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinde Mary welaýatyna iş sapary wagtynda gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käninde bolup, bu ýerde tebigy gazyň çykarylyşy, bu hazynalar mekanynda zähmet çekýän gazçylaryň iş, durmuş şertleri bilen içgin tanyşmagy «Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň «Galkynyş» suw arassalaýjy desgalar toplumynyň hünärmenleridir işçilerinde-de egsilmeýän zähmet joşgunyny döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň mübärek şa gadamynyň düşmeginden şu ýyl üçin şowly badalgany alan kärhananyň zähmet adamlary milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda-da belent üstünlikleriň gazanyljak ýyly bolan 2022-nji ýylyň ilkinji aýyny oňat iş netijeleri bilen jemlediler.

Sanly maglumatlar binýady dörediler

Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda doly awtomatlaşdyrylan sanly maglumatlar binýadyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şu maksat bilen halkara bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijisiniň öňünde täze sanly ulgamy döretmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak boýunça işleriň taslamasyny we meýilnamasyny taýýarlamak wezipesi durýar.

Geofizikleriň göreldeli işleri

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda Balkan welaýatyna amala aşyran mübärek iş saparynyň dowamynda soňky ýyllarda ýokary depginlerde özleşdirilýän Esenguly etrabynyň çägindäki Uzynada meýdançasynda bolanda, nebitgaz toplumynyň beýleki düzümleri bilen bir hatarda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň günbatar sebitinde uglewodorod serişdeleriniň baý gorlary barada maglumat berýän taslamalary bilen hem içgin tanyşdy. Milli Liderimiz şol tanyşlygyň barşynda Balkan welaýatynda we onuň kenarýaka çäklerindäki meýdançalarda barlag-gözleg işlerini mundan beýläk-de maksatnamalaýyn esasda dowam etmegi tabşyrdy. — Hormatly Prezidentimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda Uzynada baýlyklar mesgenine baryp görmegi biziň ekspedisiýamyzyň hünärmenleriniň buýsançly başlaryny has-da arşa göterdi. Çünki geljegine uly umyt baglanylýan bu meýdançada ilkinji gözleg-barlag işlerini hut biziň zähmet toparlarymyz 2013-nji ýylda amala aşyrypdy. Bu gün bu künjekden uglewodorod çig mallarynyň bol akymlary alynýar. Bellenilen meýilnama esasynda geçirýän iki hem-de üç ölçegli seýsmiki barlaglarymyz profilli we meýdan-grawimetrik, şonuň ýaly-da beýleki barlag usullaryny, gatlaklaryň nebitgaz berijiligine baha bermegi, uglewodorod serişdeleriniň gorlarynyň sap artyşyny almaga gönükdirilen çuň gözleg-barlagy we parametrik burawlaýşy özünde jemleýär. Öz halal zähmet

Guýularda parafiniň emele gelmeginiň sebäpleri we ony arassalamagyň ýollary

Gatlagyň nebit berijiliginiň peselmegine getirýän sebäpleriň biri nebitiň düzüminden parafiniň bölünip çykmagydyr. Şonuň netijesinde öýjükli kanallaryň bir bölegi dykylýar. Nasos-kompressor turbalarynyň (NKT) içki diwarynda, agyz üst enjamlarynda we çykaryş turbalarynda parafin gatlagynyň emele gelmegi suwuklygyň geçiriş kesigini kiçeldýär we onuň akymyny peseldýär. Parafin gatlaklarynyň emele gelmegi nebit senagatynda ulanylýan enjamlaryň işini çylşyrymlaşdyrýar we nebit çykarmakda, daşamakda hem-de saklamakda özboluşly päsgelçilik döredýär, nebitiň özüne düşýän gymmatyny ýokarlandyrýar. Parafin gatlagy ýaga meňzeş suwuklykdan gatan derejesine çenli ýeten garamtyl massa görnüşde bolup, düzüminde parafinden başga-da ep-esli derejede şepbigiň mukdaryny, suwy we mineral bölejikleri saklaýar. Adaty şertlerde parafinler gaty kristal jisim görnüşde duş gelse, ýer gatlagynda, köplenç, nebitiň düzüminde erän görnüşde bolýar.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 31-i - fewral aýynyň 6-sy aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...-2o sowukdan +4...+6o aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+7o-dan +14...+16o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...-3o sowukdan +3...+5o aralygynda maýyl, gündizlerine +4...+6o-dan +13...+15o aralygynda maýyl bolar.

Türkmenistanda bir bitewi energoulgamy döredilýär

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitleri ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasyny içerki sarp edijilere we beýleki döwletlere ibermek bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilişi, şunuň bilen baglylykda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda ýerleşýän, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasynda işleriň alnyp barlyşy bilen tanyşdy. Gurluşyk meýdançasynda milli Liderimiziň garamagyna ýurdumyzyň energoulgamynyň ösüşi, onuň düzümlerinde ýerine ýetirilýän işler we täze döredilýän kuwwatlyklar barada giňişleýin maglumat berýän taslamalar, olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary hödürlenildi.

Uzynadanyň bereketli baýlyklary halkyň hyzmatynda

Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň çäginde ýerleşýän Uzynada meýdançasynda iş saparynda bolmagy, şeýle hem gojaman Hazary ýakalap oturan Gögerendag obasynyň ýaşaýjylary bolan balykçy awçylar bilen deňziň kenarynda duşuşyp, hal-ahwal soraşmagy aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan ýardamy bilen ýurdumyzda uglewodorod baýlyklarynyň gözlegi soňky ýyllarda has güýçlendirildi. Sebitde heniz gazylmadyk çuňluklardan Uzynadada uglewodorod önüminiň alynmagy hem hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary bilen durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde amala aşyryldy.

«Mawy ýangyjyň» netijeli ulanylmagy gazanylýar

Demirgazyk welaýatyň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylda ilaty we edara-kärhanalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda maksada okgunly işleri alyp barýarlar. Müdirligiň gazçylary diňe bir medeni zolakda däl, eýsem, welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň medeni çäklerden uzakdaky «Atgyrlan» düzlüginde ýerlerşýän ilatly nokatlary, «Gurbankem», «Gyşgum» we «Bötendag» ýaly çarwa obalarynyň ýaşaýjylaryny, S.A.Nyýazow adyndaky, Akdepe etrabynyň Garagum sährasynyň uzak örülerdäki çopan goşlaryny suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmekde hem wajyp işleri alyp barýarlar.

Guýy sütünleriniň sementaž işleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Her bir nebitgazly sebit üçin AKS (akustiki karotaž sementomer) enjamynyň geçirilmeli optimal amatly wagty sement ergininiň fiziki-himiki häsiýetlerine we başlangyç temperaturasyna baglylykda, ýörite guýy synag işleri netijesinde kesgitlenilmelidir. Mysal üçin, has çalt doňýan portlandsement garyndysy 24 sagada çenli gatap ýetişýär. Emma az ýylylyk bölüp çykarýan gelsement ergininiň gatap doňmasy birnäçe güne çekýär. Şol sebäpli AKS usuly sement doly gatap doňandan soňra geçirilmelidir. Önümçilik geofiziki toparlary tarapyndan ulanylýan AKS usuly gatap, doňan sementiň oturtma sütüni we gatlak bilen tutluşyp, jebisleşme ýagdaýyny kesgitleýär. Termometriýa usuly bolsa oturtma sütüniniň daşyndaky sement ergininiň düşen aralygynyň ýokarky derejesini kesgitleýär. Iň ýokary gyzgynlyk bölünip çykmasy sementiň tutluşyp başlan wagtynda ýüze çykýar. Netijede, termometriýa usuly sementiň tutluşyp başlan döwründe geçirilse, has anyk netije berýär. Günbatar Türkmenistanda gazylýan guýularda biziň ýurdumyzda öndürilip, häzirki wagtda ulanylýan sementiň synag işleri geçirilende, termometriýa usulynyň 12 sagada çenli, AKS usulynyň bolsa 24 sagatdan soňra geçirilmegi amatly netije berdi.

Ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Nebitgaz senagatyny ösdürmek Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Döwletimiziň amala aşyrýan energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini halkymyzyň we beýleki ýurtlaryň halklarynyň bähbidine gönükdirmek babatda alnyp barylýan işler öz oňyn netijesini berýär. Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän döwletleriň biri bolmak bilen, olary daşary ýurtlara ibermegiň durnukly halkara ulgamlaryny döretmegiň tarapdarydyr. Eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ösen köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek Garaşsyz döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Görnükli alymyň nebitgaz senagatynda hyzmaty uludyr

Ýurdumyzda, şol sanda onuň daşynda hem belli alym Myrat Täşliýew dynç alşa çykandan soňam «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutyna köp gelýärdi. Ol juda pespäl hem göwnaçyk adamdy, özi ýaly alymlar, ýaş hünärmenler bilen gürrüňdeş bolmagy, ylmy derňewleri barada pikir alyşmagy, öz garaýyşlaryny paýlaşmagy halaýardy. Şeýle günlerde ol «Nebit-gaz» gazetine gelip, redaksiýanyň işi barada hem söhbetdeş bolmaga wagt tapýardy. Onuň hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzyň rowaçlyklara beslenişi, döwlet we halkara derejesindäki başlangyçlary, nebit, gaz, geologiýa pudaklary, nebitgazhimiýa senagatynyň häzirki wagtda ähmiýeti we geljegi, gazylyp alynýan gaty magdanlar baradaky gürrüňleri diňleýjisini ýüpsüz baglap, düýrmegi bilen gulak salmaga mejbur edýärdi diýsem hakykatdan daş düşmejegime ynanýaryn. anymal adamlaryň düşünjesi köptaraplaýyn ösen bolýar. Alym edebiýatdan hem üzňe däldi. Hormatly

Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Ulag-kommunikasiýa pudagynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň dowamynda, ýuridik we fiziki şahslaryň isleglerini kanagatlandyrmakda awiasiýanyň işiniň, şeýle hem Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak we onuň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça beýleki işiň, goranmagyň we döwletiň bähbitlerini gorap saklamagyň, howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygynyň, awiasiýa hem-de ekologik howpsuzlygyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän Türkmenistanyň Howa kodeksi, demir ýol ulagynyň hereket etmeginiň we ösdürilmeginiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän hem-de onuň hereket etmegi bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, awtomobil ulagynyň işlemeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýän «Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem-de Türkmenistanda ulag we ulag işini düzgünleşdirmek, dolandyrmak babatda döwlet syýasatynyň esaslaryny kesgitleýän «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, resmi taýdan çap edilen gününden güýje girizildi.

Ýylyň sowuk pasyllarynda bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny — immuniteti nädip berkitmeli?

Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak işi köp bölekleýin we üznüksiz çärelerden ybarat bolup, öz netijesini berýär. Kadaly iýmitlenmek, sagdyn durmuş ýörelgesi, bedeni taplamak we bedenterbiýäniň işjeň görnüşi bilen meşgullanmak bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrar. Saglygyňyzy goraň! Howpsuz 2 metr aralygy saklaň, elleri sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwuň, agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynyň we olary her 2 sagatdan çalşyň! Lukman bilen maslahatlaşyp, buýan köküni çaý görnüşinde ulanyň. Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 24-30-y aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 10-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3...-5o sowukdan +1...+3o aralygynda maýyl, gündizlerine +4...+6o-dan +11...+13o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4...-6o sowukdan 0...+2o aralygynda maýyl, gündizlerine +3...+5o-dan +10...+12o aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda nebitgaz pudagynyň batly gadamlary

Geçen penşenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy, sebitiň nebitgaz pudagynda häzirki ýagdaýy düýpli seljermek hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ösüşini kesgitlemek saparyň baş maksady boldy. Günbatar sebit Türkmenistanyň energetika serişdeleriniň uly mukdarda jemlenen ýeri, nebit önümleriniň özboluşly gory bolup durýar, munuň özi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Nebitgaz senagatyny ösdürmeklige toplumlaýyn çemeleşilýär

Türkmenistanda nebitgaz senagatynyň kuwwatyny has netijeli ulanmak, tebigy baýlyklaryň gorlaryny artdyrmak, uglewodorod çig malyndan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, gaýtadan işleýän ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmakda uly işler alnyp barylýar. Durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň ýokary depginini üpjün etmekde nebitgaz senagatynyň düzümlerini öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipedir. Şunda ekologiýa, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, «mawy ýangyjyň» eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde toplumyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak esasy şert bolup durýar. Bu babatda milli Liderimiz ýakynda Mary we Lebap welaýatlaryna bolan iş saparlarynyň dowamynda geçirilen maslahatlarda hem belläp geçdi. Täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek, önümçiligiň depginini artdyrmak pudagyň ylmy işgärleriniň barlaglaryna köp babatda baglydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, «Malaý» gaz känini döwrebaplaşdyrmak, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen bagly meseleler boýu

Arkalaşykly işiň miwesi

«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň önümçilik düzümleriniň gazçylary Mary welaýatynyň ilatynyň döwletimiz tarapyndan halkymyza berilýän eşretleriniň biri — tebigy gaz bilen ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda alyp barýan maksatnamalaýyn işleri özüniň oňyn netijesini berýär. Müdirligiň gaz hojalyk edaralarynyň her birinde jogapkärli gyş möwsümine hemmetaraplaýyn göwnejaý taýýarlyk görülmegi häzirki günlerde ilatyň «mawy ýangyç» bilen ygtybarly üpjün edilmegine ýardam berýär.

Guýy sütünleriniň sementaž işleri

Günbatar Türkmenistanyň nebitgazly ýataklarynyň esasy aýratynlyklarynyň biri nebitgaz önümli we suwly gatlaklaryň sanynyň köplügi bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, geologiýa kesiminde dykyz gatlaklar arkaly özara bölünen birnäçe önümli gatlaklaryň ýüze çykmaklygy, bu gatlaklaryň doýgunlyk häsiýetleriniň we basyş derejeleriniň dürli bolmaklygy, suwdoýgunly gatlaklar bilen nebitgazly gatlaklaryň ýerleşen aralyklarynyň golaý bolmaklygy, aşaky suw gatlagy bilen galtaşýan nebit gatlagynyň örän ýuka bolmaklygy we beýleki faktorlar tehniki sütünleriň, esasan hem, ulanyş sütünleriniň sement arkaly berkidilip oturdylmaklygynyň, sementiň gatlak we sütün bilen tutluşyp, berkeme derejeleriniň ýokary hilli bolmaklygyny talap edýär. Şonuň üçin guýy gazuw döwründe oturtma sütünlerini sementlemek işleri jogapkärli işleriň biri bolup durýar. Buraw gazuw işlerinde ulanyş guýularynyň oturtma sütünini sement arkaly berkitmek tamamlaýjy we iň bir çylşyrymly iş bolup durýar. Guýynyň geljekde togtaman, uzak wagtlap işlemekligi, önüm berijilik derejesi, nebitgaz ýataklarynyň özleşdirme ýagdaýy, gatlaklardan alynýan nebitgaz gorlarynyň umumy mukdary, önümiň özüne düşýän gymmaty, ilkinji nobatda, sementaž işleriniň hiline bagly bolup durýar. Nebitsenagat önümçilik işleriniň netijelerinden belli bolşy ýaly, sementaž işleriniň hiliniň pes bolmaklygy guýularyň abatlaýyş işleriniň uzaga çekmekligine