Rowan saňa, dowam saňa, Täze ýyl!
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilen ýylymyz ahyrlap barýar. Täze ýyly Beýik Ogullar reýhana kalplarynyň beýany bolan şygyr bilen, aýdym bilen, mukam bilen mübärekleýärler. Nesip bolsa, geljek ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy toýlanar, özi-de halkara derejesinde. Mähriban Arkadagymyzyň ýürekden çykan döwletli başlangyjynyň gyzgyn goldaw tapmagy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçjekdiginiň özi nämä degmeýär?! Parahatçylyk we ynanyşmak ahyry giň dünýäni saklaýan kökler.