Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak işi köp bölekleýin we üznüksiz çärelerden ybarat bolup, öz netijesini berýär. Kadaly iýmitlenmek, sagdyn durmuş ýörelgesi, bedeni taplamak we bedenterbiýäniň işjeň görnüşi bilen meşgullanmak bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrar.
Saglygyňyzy goraň! Howpsuz 2 metr aralygy saklaň, elleri sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwuň, agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynyň we olary her 2 sagatdan çalşyň! Lukman bilen maslahatlaşyp, buýan köküni çaý görnüşinde ulanyň. Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!