Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda Balkan welaýatyna amala aşyran mübärek iş saparynyň dowamynda soňky ýyllarda ýokary depginlerde özleşdirilýän Esenguly etrabynyň çägindäki Uzynada meýdançasynda bolanda, nebitgaz toplumynyň beýleki düzümleri bilen bir hatarda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň günbatar sebitinde uglewodorod serişdeleriniň baý gorlary barada maglumat berýän taslamalary bilen hem içgin tanyşdy. Milli Liderimiz şol tanyşlygyň barşynda Balkan welaýatynda we onuň kenarýaka çäklerindäki meýdançalarda barlag-gözleg işlerini mundan beýläk-de maksatnamalaýyn esasda dowam etmegi tabşyrdy.
— Hormatly Prezidentimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda Uzynada baýlyklar mesgenine baryp görmegi biziň ekspedisiýamyzyň hünärmenleriniň buýsançly başlaryny has-da arşa göterdi. Çünki geljegine uly umyt baglanylýan bu meýdançada ilkinji gözleg-barlag işlerini hut biziň zähmet toparlarymyz 2013-nji ýylda amala aşyrypdy. Bu gün bu künjekden uglewodorod çig mallarynyň bol akymlary alynýar. Bellenilen meýilnama esasynda geçirýän iki hem-de üç ölçegli seýsmiki barlaglarymyz profilli we meýdan-grawimetrik, şonuň ýaly-da beýleki barlag usullaryny, gatlaklaryň nebitgaz berijiligine baha bermegi, uglewodorod serişdeleriniň gorlarynyň sap artyşyny almaga gönükdirilen çuň gözleg-barlagy we parametrik burawlaýşy özünde jemleýär. Öz halal zähmetimiz bilen döwlet derejesindäki şeýle möhüm işleri amala aşyrmaga döredip berýän taýsyz giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys — diýip, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofizika ekspedisiýasynyň baş inženeri Wepa Agarow buýsanç bilen gürrüň berýär.