"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

Gül çaglydyr Watanym!

Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde il-ýurt bähbitli, tutumly işleriň hatarynda nebitgaz senagatyny ösdürmek, halkara nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak möhüm orny eýeleýär. Bilşimiz ýaly, nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmekde bu pudaga uly orun degişlidir. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ylmyň iň täze gazananlary bilen ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Ýeri gelende, nebitgaz toplumynyň bimöçber kuwwatyny has netijeli peýdalanmak, ylmyň iň soňky gazananlary we işläp taýýarlamalary esasynda ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak bu babatda alnyp barylýan işleriň esasy düzüm bölekleridir.

Ýurdumyzyň günbatar sebitiniň suw üpjünçiligi

Önümçilikde köp ýyllap zähmet çekendigim, şol sanda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Suw üpjünçilik müdirliginiň ýolbaşçysy bolup işländigim üçin welaýatymyzyň ilatly nokatlarynyň agyz suwy we nebitçileriň harajatlary üçin suw bilen üpjün edilişiniň taryhy maglumatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döräpdi. Ir döwürlerde Türkmenistanyň günbatary iň gurak sebiti hasap edilipdir. Bu ýerlerde nebitgaz pudagynyň ösmegi bilen buraw işlerini alyp barmak, ýeriň astyndan alynýan «gara altyny» hil taýdan, ýokary derejeli haryt görnüşine getirmek, şeýle hem nebitçileriň ýaşaýan, işleýän ýerlerini hojalyk we agyz suwlary bilen üpjün etmek üçin gözleg işlerini geçirmeli bolupdyr. Şonuň üçin 1940-njy ýylda «Türkmennebit» trestiniň (häzirki «Türkmennebit» döwlet konserniniň) düzüminde suw üpjünçilik sehi döredilipdir.

Türkmenistanda web-saýtlar üçin bitewi talaplar işlenip düzüldi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi türkmen web-saýtlaryny döretmek hem-de olary ýöretmek boýunça bitewi tehniki talaplary işläp düzdi. Bu resminama Adalat ministrliginiň saýtynda neşir edildi. Talaplar hormatly Prezidentimiziň ýurduň ähli edara-guramalarynyň öz web-saýtlaryny döretmek zerurlygy barada Kararyna laýyklykda işlenip taýýarlanylýan internet-sahypalaryň işine degişli meseleleri kadalaşdyrmak maksady bilen işlenip düzüldi.

Medeni mirasyň nusgalary ygtybarly çeşmedir

Şu ýylyň ýanwar aýynyň 7-sine geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimize türkmen alabaýyny wasp edýän milli nagyşlary ylmy taýdan öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi we slaýdlary peýdalanmak bilen, biziň eýýamymyzdan öňki VII — V müňýyllyklara degişli gölleriň birnäçesi görkezildi. Şolaryň hatarynda Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasynyň töweregindäki gadymy daş asyryna degişli bolan Pessejikdepe ýadygärliginiň diwar bezeginde ýüze çykarylan byçgynyň dişiniň şekilinde setir bolup gidýän öýjagazlary suratlandyrýan «It ýatak» göli bar.

«Skagen Falster Gen 6» täze akylly sagady

«Fossil» kompaniýasy täze akylly sagatlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Olar «Razer X Fossil Gen 6» we «Skagen Falster Gen 6» akylly sagatlarydyr. «Skagen Falster Gen 6» akylly sagatlary «Wear OS 3» operasion ulgamy bilen utgaşykly işleýän «Qualcomm Snapdragon Wear 4100+» bir kristally ulgamyň esasynda gurlar. Sagatlaryň iki görnüşi hem 1 Gb wagtlaýyn we 8 Gb fleş ýat aldy. Goşar kemeriniň üç görnüşi bolup, olar «Skagen»-iň meşhur poslamaýan poladyndan, silikondan we deriden ýasalandyr. Bu barada «GSM Arena« habar berýär.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň Ýanwar aýynyň 17-23-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...-3o sowukdan 0...+2o aralygynda maýyl, gündizlerine 0...+2o-dan +5...+7o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-4o sowukdan -l...+lo aralygynda maýyl, gündizlerine -l...+lo-dan +4...+6o aralygynda maýyl bolar.

Azyk bolçulygy — eşretli durmuşyň çeşmesi

Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, azyk bolçulygyny has pugtalandyrmak ugrunda amala aşyrýan tutumly işleri barha rowaçlanýar. Oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin döwletimiz tarapyndan daýhanlara ähli amatly şertler döredilýär. Kärendeçi daýhanlar ýokary hilli tohum dökünleriniň dürli görnüşi, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary, suw we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.

Milli maýa goýum syýasaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan çig maly öndürýän ýurt bolmagyndan kuwwatly gaýtadan işleýän senagat döwletine ynamly öwrülýär. Şunda gaýtadan işlenilýän çig malyň, esasan, öz ýurdumyzyň hasabyna üpjün edilýänligi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Aýdylanlara aýdyň mysallar hökmünde ýurdumyzda gazylyp alynýan tebigy gazy, nebiti, kükürdi we beýleki serişdeleri, dokma senagaty üçin oba hojalyk toplumynda taýýarlanylýan ýüňi, piläni, pagtany we beýleki önümleri agzap geçmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty esasynda amatly maýa goýum ýagdaýlaryny döretmek bilen bir wagtda, dünýäniň iri kompaniýalarynyň ýurdumyzda taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy üçin hem giň şertler döredilýär. Mysal hökmünde geçen ýylda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen kuwwaty 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik bekedini agzap geçmek bolar. «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň buýurmasy esasynda gurlan bu iri elektrik desgasy Lebap welaýatyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden başga-da, ony goňşy döwletlere ibermäge mümkinçilik berýär.

Ykjam elektrik krossowerini çykarar

«Wroom.ru»-yň habar bermegine görä, «Volvo» kompaniýasy 2022-nji ýylda «XC20» ýa-da «C20» atly ykjam elektrik krossowerini çykarar. «Volvo»-nyň täze elektrik krossoweri «Volvo» we «Geely» tarapyndan bilelikde işlenip düzülen «SEA» platformasynda gurlar. Şol platformada şeýle hem «Tesla» kompaniýasynyň täze «Zeekr 001» atly elektrik awtoulagy ýasaldy.

Jana melhem limon

Limon köp kesellerde giňden ulanylýan derman ösümligi bolup, onda beýleki sitrus ösümliklerde bolşy ýaly, köp möçberde efir ýagy, suw, limon turşusy we saglyk üçin zerur bolan witaminler bar. Limondaky askorbin turşusy ganazlyk keseliniň öňüni alsa, A witamini görmek ukybyny kadalaşdyrýar. D witamini çagalaryň horlanmagynyň öňüni alýan bolsa, В toparyň witaminleri madda çalşygyny kadalaşdyrýar. Adamyň işjeňligini kadalaşdyrýan P witamini bolsa, ownuk gan damarlaryny berkidýär we bedeniň kesele garşy goranmak ukybyny ýokarlandyrýar. Limon gan-damar kesellerinde, ylaýta-da ganyň goýalýan ýagdaýlarynda, iýmit siňdiriş bozulmalarynda, böwregiň daş kesellerinde, üşütmede ulanylýar. Şeýle ýagdaýda limonyň şiresini 1 stakan gaýnag suw bilen garyp, 2 — 3 gezek içmeli. Limonyň şiresini dürli işdäaçarlarda duz ýerine ulanmak maslahat berilýär. Limonyň şiresi garylan suw bilen sowuklamada bokurdagyňy çaýkamak peýdaly.

Samsung dört eplenýän noutbugyny hödürledi

«Samsung Electronics» kompaniýasy çeýe displeýleriniň önümçiligine aýratyn üns berýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda kompaniýa her bölegi eplenýän gibrid noutbugyna patent almaga isleg bildirdi.   WIPO halkara guramasynyň web sahypasynda peýda bolan patent arzasynda aýrylýan klawiatura bölümi bolan noutbugyň dizaýny barada maglumat berilýär. Enjamyň ekran bölegini planşet hökmünde ulanmak mümkin, ol maglumat girizmek üçin ruçka we duýgur interfeýs bilen üpjün edilipdir. Çeýe displeý enjamyň bu bölegini iki gezek eplemäge mümkinçilik berýär. Enjamyň klawiatura bölümi hem iki eplenýär. Onda batareýanyň öýjükleriniň esasy böleginiň, periferiýa enjamlaryny birikdirmek üçin portlaryň bolmagy mümkin. Häzirki wagtda bu enjam bazarlara çykarylmaz, ýöne kompaniýa bu täze çeýe displeýli noutbugyny ýakyn geljekde görkezip biler.

Mekgejöweniň ot-iýmlik ähmiýeti

Mekgejöwen häzirki zaman oba hojalygynda örän wajyp ot-iýmlik ekinleriň biridir. Onuň dänesinde 4 — 8% ýag, 65 — 70% krahmal bar. Bu ekiniň uly agrotehniki ähmiýeti bar. Ol köp ekinler üçin amatly öňüsyra ösümlik bolup hyzmat edýär. Mekgejöwen meýdanlaryň haşal otlardan arassalanmagyna, topragyň organiki maddalar bilen baýlaşmagyna ýardam edýär.

Iri ýangyç elektrik stansiýasy

Hytaýyň Tuoketuo ýangyç elektrik stansiýasy dünýäde iň ulularyň biridir. Onuň kuwwatlygy müňlerçe megawatta deňdir. Ol özünde energiýa bloklarynyň bäşisini jemleýär. Olar, öz gezeginde, her haýsy 600 megawatt kuwwatlygy bolan iki bölege bölünýär. Stansiýa özüniň işlemegi üçin zerur bolan elektrik energiýasyny öndürmekde goşmaça her haýsy 600 megawatt kuwwatlykly iki sany bölege eýedir. Stansiýanyň gurluşygyna sarp edilen wagt özboluşly rekord tizlige eýedir. Onuň işlemegi we elektrik energiýasyny öndürmegi üçin ondan 50 kilometr aradaşlykda ýerleşýän känden kömür gazylyp alynýar. Suwa bolan zerurlyk hem stansiýadan, bary-ýogy, 12 kilometr aradaşlykda ýerleşýän Sary derýanyň hasabyna üpjün edilýär.

Täze goşgy nebitgazçylary zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar

Düýn Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen döwlet Baştutanymyzyň täze goşgusynyň:

Ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini kesgitleýär

Täze, 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary hem-de Lebap welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyryp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Munuň özi nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup, welaýatlary we tutuş ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde örän möhüm orun eýeleýändigini tassyklaýar. Nebitgaz pudagynyň Garaşsyz Diýarymyzyň häzirki gazananlarynyň we geljekki iri taslamalaryň kuwwatly binýady bolup durýandygyny doly tassyklamak bolýar. Bu barada döwlet Baştutanymyz geçen anna güni bolan Hökümetiň mejlisinde hem aýdyp, geljek 30 ýyl üçin ýurdumyzyň ösüş maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Baýlyk gory ýene-de artar

Hormatly Prezidentimiziň geçen hepdede Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyrmagy täze — bars ýylynyň şan-şöhrata beslenýän buýsandyryjy wakalarynyň başyny başlady. Döwlet Baştutanymyz taryhy saparlarynyň barşynda bu welaýatlardaky iri «Galkynyş» we «Malaý» gaz känlerinde bolup, degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetinde binýatlyk hyzmaty ýerine ýetirýän nebitgaz senagatyny okgunly ösdürmegiň meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmündäki ornuny barha berkidýär. Şeýle guwandyryjy ýagdaý ýurdumyzda diňe bir uglewodorod serişdeleriniň öndürilişiniň ýyl-ýyldan artdyrylýandygy, onuň ugradylýan ugurlarynyň köpeldilýändigi bilen däl, eýsem, gymmatly baýlygyň çig mal gorlarynyň üstüniň yzygiderli doldurylýandygy bilen hem şertlendirilendir. Bu babatda «Ýaşlar» we «Garaköl» ýataklary bilen bilelikde umumy gorlary 27,4 trillion kubmetr hasaplanylýan «Galkynyş» gaz käni aýratyn orunda durýar. Hormatly Prezidentimiz bu käni tapgyrlaýyn özleşdirmek bilen birlikde täze ýataklary senagat taýdan işläp geçmek, tebigy gazyň gazylyp alnyşyny, gaýtadan işlenilişini artdyrmak, bu ýangyç bilen ýurdumyzyň sarp edijilerini ygtybarly üpjün etmek we onuň eksport edilýän möçberlerini köpeltmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi. Olara laýyklykda, «Malaý» gaz käninde tutumly i

2022-nji ýyl — «Halkyň Arkadagly zamanasy»

Ýurdumyzda her bir täze ýyly pähim-paýhasly şygar bilen atlandyrmak indi gowy däbe öwrüldi. Geçen ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahatda 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak teklip edildi. Bu teklip halkymyz, şol sanda nebitgaz pudagynyň işgärleri tarapyndan gyzgyn goldanyldy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň professor-mugallymlary 2022-nji ýylyň şygaryndan gelip çykýan meseleler, wezipeler barada pikir alyşmak maksady bilen, «tegelek stoluň» başyna ýygnandylar. Nurýagdy SUWHANOW,Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň müdiri, professor:

Täze ýylyň rowaçlyklaryna ugur alyndy

«Türkmengeologiýa» DK-nyň baýry kärhanalarynyň biri bolan Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň işjeň agzalary «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylyň işlerine guramaçylykly girişdiler. Ekspedisiýanyň işçi-hünärmenleri demirgazyk welaýatyň giňişliklerinde tebigatda bolup geçýän dürli hadysalary, ýerleriň melioratiw we ekologiýa ýagdaýyny öwrenmekde hem-de içimlik suwlaryň ýerasty ätiýaçlyklaryny gözläp tapmakda ýylyň-ýylyna ýokary netijelere eýe bolýarlar. Munuň şeýledigine geçen ýylyň jemleri boýunça ekspedisiýanyň suw gözleýjileriniň buraw işleriniň ýyllyk meýilnamasyny 121,22 göterim ýerine ýetirmeklerem doly güwä geçýär. Ekspedisiýanyň baş gidrogeology Annamuhammet Baýarow bilen gyzyşan gürrüňdeşligimiziň dowamy täze gadam basylan 2022-nji ýylda öňde duran aýdyň wezipeler hem-de gündelik alnyp barylýan wajyp işler baradaky gürrüňlere syrykdy.

Täze tehnologiýalaryň ykdysady netijeliligi

Nebitli we gazly guýularyň gurluşygy köp zähmeti talap edýän prosesleriň biri bolup, onuň hemme tapgyrlary täze buraw tehnikalarynyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bilen baglydyr. Şol sebäpli, geljekde buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak köp babatda ylmy-tehniki ösüşiň çaltlandyrylmagy bilen kesgitlenilýär, onuň netijeleri bolsa, buraw işleriniň tehniki-ykdysady görkezijileriniň hakyky ýokarlanyşyny görkezýär. Önümçilik prosesine täze tehnikanyň ornaşdyrylmagy ahyrky netijede nebitli we gazly guýularyň burawlanylyşynyň tizliginiň ýokarlanmagyna, guýularyň gurluşygynyň möhletiniň kemelmegine we buraw işleriniň özüne düşýän gymmatynyň peselmegine getirýär. «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işlerini ýerine ýetirýän kärhanalarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň önümi bolan almaz dolotolary ulanylýar. Almaz dolotosy dag jynslaryny ýumurýan, birnäçe guýularda işlemäge ukyply we öz ätiýaçlygyny müňlerçe metre çenli çuňluklarda işläp geçýän häzirki zaman ygtybarly guraldyr. Häzirki zaman buraw dolotolary bir gatnawda diňe bir dürli görnüşli dag jynslaryny burawlamak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň dürli stratigrafik bölümlerinde hem burawlamaga ukyplydyr. Almaz dolotosy dag jynslaryna täsir ediş häsiýetleri boýunça sürtüp owradyjy we kesiji guraldyr. Bu dolotolary has uly çuňlukly guýular burawlananda ulanmak maksadalaýykdyr. Şo

Sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge uly üns berilýär. Daşky gurşawy goramak, tebigaty asyl durkunda geljekki nesillere miras galdyrmak, ata Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny goramak hormatly Prezidentimiziň ekologiýa diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda Türkmenistan BMG we beýleki abraýly halkara guramalary bilen ykjam hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek ugrunda alnyp barylýan işleriň netijesinde emeli tokaýlaryň meýdany giňeldilýär, gülzarlyga beslenen seýilgähler döredilýär. Bu wajyp çäreler «Gök guşak» maksatnamasyna laýyklykda has-da giň gerime eýe bolýar. Maksatnamanyň çäginde ilatly ýerler ýaşyl zolaklar bilen gurşalýar, goraýjy tokaý zolaklary döredilýär, tebigy jeňňellikleriň görnüşleri gaýtadan dikeldilýär.