Jana melhem limon

17 Ýanwar 2022
820

Limon köp kesellerde giňden ulanylýan derman ösümligi bolup, onda beýleki sitrus ösümliklerde bolşy ýaly, köp möçberde efir ýagy, suw, limon turşusy we saglyk üçin zerur bolan witaminler bar. Limondaky askorbin turşusy ganazlyk keseliniň öňüni alsa, A witamini görmek ukybyny kadalaşdyrýar. D witamini çagalaryň horlanmagynyň öňüni alýan bolsa, В toparyň witaminleri madda çalşygyny kadalaşdyrýar. Adamyň işjeňligini kadalaşdyrýan P witamini bolsa, ownuk gan damarlaryny berkidýär we bedeniň kesele garşy goranmak ukybyny ýokarlandyrýar.

Limon gan-damar kesellerinde, ylaýta-da ganyň goýalýan ýagdaýlarynda, iýmit siňdiriş bozulmalarynda, böwregiň daş kesellerinde, üşütmede ulanylýar. Şeýle ýagdaýda limonyň şiresini 1 stakan gaýnag suw bilen garyp, 2 — 3 gezek içmeli. Limonyň şiresini dürli işdäaçarlarda duz ýerine ulanmak maslahat berilýär. Limonyň şiresi garylan suw bilen sowuklamada bokurdagyňy çaýkamak peýdaly.

Taýýarlan Öwezgeldi RAHMANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.