"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

«Halkyň Arkadagly zamanasy» — buýsandyrýar bedew bady

Täze ýylyň öňüsyrasynda — 30-njy dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi dolandyryş binasynda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň baştutanlygynda geçirilen maslahata nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we edara-kärhanalarynyň jogapkär işgärleri, hünärmenleri gatnaşdy. Maslahatda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew we beýlekiler çykyş etdiler. Türkmen halky Gahryman Arkadagy bilen XXI asyryň üçünji onýyllygynda täze döwre, täze zamana gadam basdy. Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň geçen 30 ýyllyk ösüş ýolunda milli Liderimiziň baştutanlygynda asyrlara barabar, taryh gatlarynda müdimi yz goýan beýik işler amala aşyryldy diýip uly ynam bilen aýtmak bolar. Çünki bu gün olary tutuş halkymyz görýär, külli älem ýüzi şaýat bolýar.

Burawlaýjylar iş başynda

— Her bir ýyly şowly jemlemek, ajaýyp baýrama saldamly zähmet sowgady bilen gelmek biziň üçin asylly däbe öwrüldi. Ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenip geçilen ýylynyň tamamlanmagyna sanlyja günler galanda taslama çuňlugy 3300 metre barabar bolan gözleg guýusyny burawlamak işini üstünlikli tamamladyk. Täze ýyl baýramyny hem iş ýerimizde garşyladyk. Biziň gürrüňdeşimiz buraw ussasy Işanguly Mämmetgulyýew. Ol indi köp ýyllardan bäri «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynda abraý bilen zähmet çekip gelýär. Ony ekspedisiýanyň ýolbaşçylary işine ussat, guramaçy adam hökmünde häsiýetlendirýärler. Munuň şeýledigini onuň ýolbaşçylyk edýän toparynyň agzalarynyň ýylyň-ýylyna jogapkärli buýurmalary abraý bilen berjaý edýändikleri hem tassyklaýar. Olaryň Agarguýy meýdançasynda 5-nji belgili guýyny burawlamaga girişenlerine şeýle bir köp wagt hem geçenok. Eýýäm geçen ýylyň aýagynda bolsa ussat baýlyk agtaryjylar möhüm buýurmany ýokary hilli ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Gazanylan uly üstünlikde burawlaýjylar Anwar Çaryýewiň, Merdan Hemraýewiň, burawlaýjynyň kömekçileri Ylýas Bekiýewiň, Seýitmyrat Mämedowyň, maşinist Çary Allakowyň, slesar Suhanberdi Taňryberdiýewiň mynasyp zähmet paýynyň bardygyny buraw ussasy guwanç bilen belleýär.

«Derýalyk» önümçilik edarasynda

«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän önümçilik edaralarynyň işçi-hünärmenleri Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşy aldylar. Mälim bolşy ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserniniň baýry kärhanalarynyň biri bolan müdirlik baş gaz geçirijiniň ugrunda ýerleşýän «Şatlyk», «Garagum», «Çöllük», «Ýylanly» we «Derýalyk» ýaly önümçilik edaralaryny, dürli ululykdaky gaz geçirijileriniň 4500 kilometrden gowragyny hem-de gaz sazlaýjy desgalaryň onlarçasyny özüne birleşdirýär. Müdirligiň köpmilletli agzybir zähmet köpçüliginiň işçi-hünärmenleriniň howanyň häzirki sowuk günlerinde bagtyýar il-günümiziň mukaddes öý-ojaklarynyň odunyň baky alawlamagy hem-de türkmen gazynyň dünýä bazarynda öz möhüm ornuny eýelemegi ugrunda alyp barýan wajyp işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Üstünliklere beslenen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň iş tabşyryklaryny talabalaýyk ýerine ýetiren öňdebaryjy zähmet köpçüliginiň biri-de welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Derýalyk» önümçilik edarasydyr. Ol «Döwletabat — Derýalyk» halkara gaz magistralynyň demirgazykda ýerleşýän iň soňky gaz gysyjy desgasydyr.

Ýaşulularyň at-abraýy — ýaşlara görelde

Türkmen halky ula hormat goýmagy başaran halk. Taryhyny müňýyllyklaryň köklerinden alyp gaýdan bu edim-gylym, sylag-sarpa halkymyzyň ruhy gymmatlyklara öwrülen ýörelgelerine çäksiz sarpa goýýandygyny görkezýär. Elbetde, bu ýörelge, häzirki günlerde nesillere hem ýetirilýär. Gahryman Arkadagymyz durmuşa ornaşdyrýan her bir işine başlamazynyň öňüsyrasynda ýaşuly nesillere sala salýar. Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň işine ýaşuly nesilleriň gatnaşmagy olaryň durmuş tejribesini jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmekde giňden peýdalanmaga, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini üpjün etmäge mümkinçilik döretdi.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 3-9-y aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...+2o-dan +2...+4o aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+7o-dan +10...+12o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 5-8-den 9-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...+lo-dan +1...+3o aralygynda maýyl, gündizlerine -4...+6o-dan +9...+11o aralygynda maýyl bolar.

Sagdyn iýmit — sagdyn beden

Janly-jandarlaryň ähli görnüşi diýen ýaly daşky gurşawyň täsirlerine, ekologiýa ýagdaýyna, aýratyn hem kabul edýän iýmitine baglydyr. Adamyň gündelik kabul edýän iýmiti onuň özüni duýşuna, saglygyna, aň-paýhasyna, ukyp-başarnyklaryna täsir edýär. Ata-babalarymyzyň: «Görk — agyzdan...» diýen parasatly jümlesi iýmitiň adamyň ýaşaýşynda möhüm orny eýeleýändigini görkezýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen adamlaryň jan saglygyny goramaga, sagdyn iýmitleri öndürmäge, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge, ekologiýa, daşky gurşawyň abadançylygyny gazanmaga uly üns berilýär. «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» kabul edilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini wagyz etmek, ilatyň saglygyny berkitmek hem-de keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmak, sagdyn durmuşy berkarar etmek bu maksatnamanyň esasy maksady bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi giň gerime eýe boldy.

At — türkmeniň ganaty

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserlerinde, hususan-da, «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» diýen eserlerinde türkmenlerde seýisçilik sungatynyň gadymdan nesilden-nesle geçirilip gelýändigi beýan edilýär. Oňa hormatly Prezidentimiziň nebereleri nusgalyk mysaldyr. Milli Liderimiz «Atda wepa-da bar, sapa-da» diýen ajaýyp kitabynda nebereleriniň — Nepesaly serdaryň, Pyhy baýyň, Gök baýyň hem bedewlere sarpaly bolandyklaryny, olaryň gapylarynda diňe bir iş atlary bolman, eýsem, seýislenýän bedewleriň hem bolandygyny belleýär.

Kiberhowpsuzlyk — maglumat goraglylygynyň binýady

Häzirki zaman dünýäsi ösen tehnologiýalara daýanýar. Durmuşyň islendik pudagynda ylmyň, tehnologiýanyň gazananlary netijeli ulanylýar. Kämil tehnologiýalar döwlet durmuşyny netijeli guramakda, işleri tiz we tygşytly ýola goýmakda, raýatlaryň intellektual derejesini ýokarlandyrmakda örän ähmiýetlidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli alyp barýan syýasaty netijesinde ýurdumyzda pudaklary sanlylaşdyrmakda, ösen tehnologiýalara esaslanýan durmuş-ykdysady özgertmelerini geçirmekde, halkyň intellektual derejesini ýokarlandyrmakda uly işler alnyp barylýar. Tehnologiýa, kompýuter ulgamlarynyň durmuşa giňden ornaşmagy bilen maglumat alyş-çalşygy giňeýär. Hut şonuň üçin ýurdumyzda maglumat desgalarynyň we eýeçiligiň ähli görnüşinde ulanylýan aragatnaşyk ulgamlarynyň kibergoraglylygy üpjün edilýär. Olara ähli ulgamlaryň elektron dolanyşygy, elektron döwlet hyzmatlary, elektron täjirçiligi, elektron resminama dolanyşygy ulgamlary degişlidir. Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň sentýabrynda ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň, bähbitleriniň goragyna, ulgamlaýyn howpsuzlygyň wehimlerini aradan aýyrmaga, şeýle hem jemgyýetçilik tertibini üpjün etmäge, guramalaryň we raýatlaryň kanuny hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramaga gönükdirilen «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny makullady we oňa gol çekdi. Bu äh

Dutar ýasamak senetçiligi hem-de bagşyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komiteti Türkmenistanyň milli dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi. Bu çözgüt Guramanyň Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň dekabr aýynda onlaýn görnüşinde geçirilen 16-njy mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan berlen hödürnama gutarnykly seljermeden geçdi we bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň sanawyny artdyrdy.

Täze ýyl bolelinlikde abadanlyk bilen garşylanylýar

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjekleri Täze ýylyň şatlyk-şowhunly dabaralaryna beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ähli baýramçylyklarymyz bilen birlikde Täze ýyl dabaralarynyň täsirli we gyzykly geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda giň gerimde bellenilýän toý-baýramlaryň biri-birine utgaşyp gitmegi, ak bazarlarda we söwda merkezlerinde önümleriň dürli görnüşleriniň bolelin bolmagy, harytlaryň bahasynyň elýeterliligi adamlary guwandyrýar we olaryň ruhuny göterýär. Geçen hepdede sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň agzalaryna ýüzlenip, Täze ýyl baýramy mynasybetli goşmaça durmuş çärelerini guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz bu çäreleriň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda öz beýanyny tapan döwlet syýasaty bilen baglylykda amala aşyrylýandygyny nygtamak bilen, dekabryň 25-inden 1-nji ýanwara çenli bazarlarda we dükanlarda senagat hem-de azyk harytlarynyň baýramçylyk satuwyny guramagy, adamlaryň dogan-garyndaşlary we ýakynlary üçin sowgatlary alar ýaly hem-de Täze ýyl baýramyny gowy geçirer ýaly, käbir harytlaryň bahasyny 50 göterime çenli arzanlatmagy tabşyrdy. Baýramçylyk günlerinde, ýagny 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda raýatlarymyz şäher awtobuslaryndan mugt peýdalanarlar.

Himiýa we gazhimiýa senagaty täze ösüşlere gönükdirilýär

Türkmenistan ýurdumyz uglewodorod baýlyklaryndan başga-da, mineral çig mal serişdeleriniň hem görnüşleri we gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Şol baýlyklaryň biri-de ýod we brom saklaýan ýerasty ýokary minerallaşan suwlardyr. Şolaryň esasynda ýod häzirki wagtda Hazaryň himiýa, Balkanabadyň, Berekediň ýod zawodlarynda öndürilýär. Hususan-da, Hazaryň, Balkanabadyň zawodlarynyň ulanýan suwlarynyň duzlulygy 170-220 g/1 barabardyr. Emma Berekediň zawodynda çig mal hökmünde ulanylýan ýoda has baý Seýitkerde käniniň suwunyň duzlulygy ep-esli pes bolup, ol 25-29 g/1 töweregidir we ýoduň mukdary hem has ýokarydyr. Ýerasty ýodbrom suwlary himiki düzümi boýunça şerebeleriň II synpynyň natriý-kalsiý hloridleriniň toparyna degişlidir. Suwlarda ähli duzlaryň diňe 0,02-0,025%-i ýod; 0,20-0,25%-i brom bolup, galan 99,75%-i beýleki makroduzlardyr. Olaryň düzüminde ýod we bromdan başga-da, tebigatda seýrek duş gelýän gymmatly elementleriň hem ençemesi bar. Olar, esasan, şulardyr: litiý, bor, stronsiý, rubidiý, seziý we beýlekiler. Bu seýrek we dagynyk elementleriň adaty magdan çeşmeleriniň azalmagy sebäpli, soňky döwürde olary, esasan, şeýle gidromineral serişdelerden almaklyga uly üns berilýär. Emma şeýle-de bolsa suwlardan häzir diňe ýod öndürilýär.

Ösüşlere önjeýli goşant

Ýatdan çykmajak taryhy wakalara, ösüş-özgerişlere beslenen ýene bir ýylymyz tamamlanyp barýar. Bu ýylda başlarymyzyň täji bolan ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy uly dabara, ýokary ruhubelentlik bilen bellenilip geçildi. Hormatly Prezidentimiz ähli ösüşlerimiziň, bolelin ýaşaýşymyzyň goşa ganaty bolan bu gymmatlyklara giňden daýanmak bilen, ýurdumyzy röwşen geljege ynamly alyp barýar. Öňe sürülýän il bähbitli, ýurt ähmiýetli özgertmeleri durmuşa geçirmek her bir edara-kärhananyň işgärleriniň baş maksadyna öwrüldi. Olaryň arasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň agzybir we başarjaň işgärleri hem bar. — Biziň iri gurluşyk guramamyz ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň möhüm desgalaryny gurmaga işjeň gatnaşýar. Üstümizdäki ýylda berjaý edilen işler has-da guwandyryjy boldy — diýip, trestiň önümçilik-tehniki bölüminiň başlygy Beruni Möwsümow höwes bilen gürrüň berýär.

Belent sepgitleri eýeleýärler

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirliginde şu ýylyň geçen on bir aýynda hünärmenler tarapyndan hereket edýän guýulardan alnan «mawy ýangyjyň» möçberi 2 milliard 531 million kubmetre golaýlap, bu baradaky meýilnama 165 göterim amal edildi. Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň geçen hasabat döwründe tutuş konsern boýunça çykarylan tebigy gazyň üçden iki bölegi körpejeli gazçylara degişlidir. Körpeje, Çekişler, Altyguýy ýataklarynda hereket edýän guýulardan «mawy ýangyjy» çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak bilen meşgullanýan bu müdirlik 1998-nji ýylda işe girizilen gününden bäri hemişe ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmagy başarýar. Gündogardan günbatara otuz kilometre, demirgazykdan günorta 160 kilometre golaý meýdany özünde jemleýän hazynalar ýataklarynda iş alyp barýan müdirlikde häzirki wagtda dürli kärlerde öndürijilikli zähmet çekýän gazçylaryň umumy sany 750-den hem geçýär. Müdirligiň gaz çykaryş, gaz taýýarlaýyş we daşaýyş, gazy gysyjy, elektrik enjamlary, elektrik üpjünçiligi hem-de abatlaýyş, barlag-ölçeg abzallary we awtomatlaşdyryş, prokat abatlaýyş, gaz ölçeýji beket, jemagat hyzmat ediş, suw saýlaýjy desga ýaly bölümleridir ülüşlerinde döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda ylmyň, tehnikanyň iň soňky gazananlary, takyk kompýuter ulgamlary giňden peýdalanylýar. Hut şu ýagdaýyň özi müdirlige sebit

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 27-si — 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 2-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...-3o sowukdan +3...+5o aralygynda maýyl, gündizlerine +7...+9o-dan +12...+14o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 5-8-den 9-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-4o sowukdan +2...+4o aralygynda maýyl, gündizlerine +6...+8o-dan +11...+13o aralygynda maýyl bolar.

«Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda Meretmuhammet Täçmuhammedow

Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär. Olaryň hatarynda ýurdumyzda döredilen ilkinji kärhanalaryň biri — önümlerini ýokary dünýä ölçeglerine laýyklykda çykarýan türkmen mebel senagatynyň öňdebaryjysy — «Aýbölek» mebel fabrigi bar. Bu mebel önümçiligine on ýyldan gowrak wagt bäri öz işiniň ussady, döwlet sylaglarynyň — «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» hem-de «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medallarynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Meretmuhammet Täçmuhammedow ýolbaşçylyk edýär.

TOPH: arassa ekologiýa tarap

Soňky onlarça ýyllaryň dowamynda howanyň üýtgemegi adamzat üçin düýpli meseleleriň birine öwrüldi. Bu meseläniň toplumlaýyn häsiýetini nazara almak bilen, Türkmenistan daşky gurşawy goramak hem-de tebigatdan oýlanyşykly peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berýär. Bu möhüm ugurda halkara gatnaşyklarynyň işjeň tarapdary bolmak bilen, biziň ýurdumyz gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrmak ugrunda çykyş edýär.

Nebitgazçylaryň we geologlaryň hünär baýramçylygy dabaraly pursatlara beslendi

Nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda nebitgaz senagatynda we geologiýa pudagynda ýetilen sepgitler» atly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata degişli toplumyň ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdy. Ilki bilen, wise-premýer Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny okady. Milli Liderimiziň Gutlagyndaky: «Men pudagyň işgärleriniň «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» bellenen ähli wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine berk ynanýaryn» diýen sözleri çärä gatnaşyjylarda ýokary ruhubelentlik duýgusyny oýardy. Maslahatyň barşynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Nurýagdy Suwhanow, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň halk saz gurallary orkestriniň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Baýrammyrat Söýünow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum taslamalary bölüminiň baş hünär

Nebitgazçylaryň ýürek buýsanjy

Geçen hepdede ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk dabarasynda hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlara mynasyp bolan nebitgazçylaryň hoşallyk sözüni we buýsanjyny okyjylara ýetirýäris. Oguljahan BABAÝEWA,«Türkmengaz» DK-nyň Ykdysadyýet we maliýe müdirliginiň maliýe bölüminiň baş hünärmeni:

Alym hünärmeniň göreldesi

Watanymyzda kärine ussat, halypa alym hünärmenlere uly hormat goýulýar, olaryň bitiren işlerine ýokary baha berilýär. Uzak ýyllar bäri zähmet çekip gelýän, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň guýulary düýpli abatlaýyş laboratoriýasynyň esasy ylmy işgäri Şyhguly Tulegenow hem şeýle hormat-sarpanyň eýesidir. Ol 1956-njy ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Oglanly şäherçesinde dünýä inýär. Obasynda sekizýyllyk mekdebi okap, 1974-nji ýylda Balkanabat şäherindäki 2-nji mekdepde orta bilim alýar. Şol ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Ony 1979-njy ýylda tamamlap, himik-inžener, himiýa mugallymy hünärini ele alýar. Ylma bolan höwes ony «Nebitgazylmytaslama» institutyna getirdi. 1980-nji ýylda institutyň gidrogeologiýa we geohimiýa barlaghanasynda inžener wezipesinde zähmet ýoluna başlady. 1983 — 1985-nji ýyllarda şol institutyň gatlaklaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmagyň täze usullary laboratoriýasynda kiçi ylmy işgär wezipesinde işledi.

Garagum sährasynyň önümçiliklerinde

«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Guýulary düýpli we ýerasty bejeriji böleginde tutumly işler amala aşyrylýar. Ýylyň başyndan bäri gaz guýularynyň 39-sy düýpli bejerildi. Ýeňil bejerilen guýularyň sany 10-a ýetdi. Malaý gaz käninde guýularyň ikisiniň bejergi işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Guýularda abatlaýyş işleri geçirilende, ýokary hil derejesine uly üns berilýär. Şeýle edilmegi müdirlik boýunça öndürilýän tebigy gazyň öndürilişiniň artmagyna, bu baradaky ýyllyk meýilnamanyň has irki möhletlerde amal edilmegine mümkinçilik berdi. Ýeri gelende, bölekde köp ýyllaryň dowamynda halal zähmet çekip, kärdeşlerinden saýlanyp, dürli ýyllarda hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolan işçileriň birnäçesiniň bardygyny belläp geçmekçi. Ýokary derejeli burawlaýjy Aşyrnepes Ballyýew hem şolaryň biri. Tejribeli burawlaýjy Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly Permany bilen «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.