Himiýa we gazhimiýa senagaty täze ösüşlere gönükdirilýär

28 Dekabr 2021
1222

Türkmenistan ýurdumyz uglewodorod baýlyklaryndan başga-da, mineral çig mal serişdeleriniň hem görnüşleri we gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Şol baýlyklaryň biri-de ýod we brom saklaýan ýerasty ýokary minerallaşan suwlardyr. Şolaryň esasynda ýod häzirki wagtda Hazaryň himiýa, Balkanabadyň, Berekediň ýod zawodlarynda öndürilýär.

Hususan-da, Hazaryň, Balkanabadyň zawodlarynyň ulanýan suwlarynyň duzlulygy 170-220 g/1 barabardyr. Emma Berekediň zawodynda çig mal hökmünde ulanylýan ýoda has baý Seýitkerde käniniň suwunyň duzlulygy ep-esli pes bolup, ol 25-29 g/1 töweregidir we ýoduň mukdary hem has ýokarydyr. Ýerasty ýodbrom suwlary himiki düzümi boýunça şerebeleriň II synpynyň natriý-kalsiý hloridleriniň toparyna degişlidir. Suwlarda ähli duzlaryň diňe 0,02-0,025%-i ýod; 0,20-0,25%-i brom bolup, galan 99,75%-i beýleki makroduzlardyr. Olaryň düzüminde ýod we bromdan başga-da, tebigatda seýrek duş gelýän gymmatly elementleriň hem ençemesi bar. Olar, esasan, şulardyr: litiý, bor, stronsiý, rubidiý, seziý we beýlekiler. Bu seýrek we dagynyk elementleriň adaty magdan çeşmeleriniň azalmagy sebäpli, soňky döwürde olary, esasan, şeýle gidromineral serişdelerden almaklyga uly üns berilýär. Emma şeýle-de bolsa suwlardan häzir diňe ýod öndürilýär.

Hojanepes ÝOWJANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory, tehniki ylymlaryň doktory.