«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Guýulary düýpli we ýerasty bejeriji böleginde tutumly işler amala aşyrylýar. Ýylyň başyndan bäri gaz guýularynyň 39-sy düýpli bejerildi. Ýeňil bejerilen guýularyň sany 10-a ýetdi. Malaý gaz käninde guýularyň ikisiniň bejergi işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Guýularda abatlaýyş işleri geçirilende, ýokary hil derejesine uly üns berilýär. Şeýle edilmegi müdirlik boýunça öndürilýän tebigy gazyň öndürilişiniň artmagyna, bu baradaky ýyllyk meýilnamanyň has irki möhletlerde amal edilmegine mümkinçilik berdi.
Ýeri gelende, bölekde köp ýyllaryň dowamynda halal zähmet çekip, kärdeşlerinden saýlanyp, dürli ýyllarda hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolan işçileriň birnäçesiniň bardygyny belläp geçmekçi. Ýokary derejeli burawlaýjy Aşyrnepes Ballyýew hem şolaryň biri. Tejribeli burawlaýjy Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly Permany bilen «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.