— Her bir ýyly şowly jemlemek, ajaýyp baýrama saldamly zähmet sowgady bilen gelmek biziň üçin asylly däbe öwrüldi. Ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenip geçilen ýylynyň tamamlanmagyna sanlyja günler galanda taslama çuňlugy 3300 metre barabar bolan gözleg guýusyny burawlamak işini üstünlikli tamamladyk. Täze ýyl baýramyny hem iş ýerimizde garşyladyk.
Biziň gürrüňdeşimiz buraw ussasy Işanguly Mämmetgulyýew. Ol indi köp ýyllardan bäri «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynda abraý bilen zähmet çekip gelýär. Ony ekspedisiýanyň ýolbaşçylary işine ussat, guramaçy adam hökmünde häsiýetlendirýärler. Munuň şeýledigini onuň ýolbaşçylyk edýän toparynyň agzalarynyň ýylyň-ýylyna jogapkärli buýurmalary abraý bilen berjaý edýändikleri hem tassyklaýar. Olaryň Agarguýy meýdançasynda 5-nji belgili guýyny burawlamaga girişenlerine şeýle bir köp wagt hem geçenok. Eýýäm geçen ýylyň aýagynda bolsa ussat baýlyk agtaryjylar möhüm buýurmany ýokary hilli ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Gazanylan uly üstünlikde burawlaýjylar Anwar Çaryýewiň, Merdan Hemraýewiň, burawlaýjynyň kömekçileri Ylýas Bekiýewiň, Seýitmyrat Mämedowyň, maşinist Çary Allakowyň, slesar Suhanberdi Taňryberdiýewiň mynasyp zähmet paýynyň bardygyny buraw ussasy guwanç bilen belleýär.