«Derýalyk» önümçilik edarasynda

4 Ýanwar 2022
1177

«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän önümçilik edaralarynyň işçi-hünärmenleri Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşy aldylar. Mälim bolşy ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserniniň baýry kärhanalarynyň biri bolan müdirlik baş gaz geçirijiniň ugrunda ýerleşýän «Şatlyk», «Garagum», «Çöllük», «Ýylanly» we «Derýalyk» ýaly önümçilik edaralaryny, dürli ululykdaky gaz geçirijileriniň 4500 kilometrden gowragyny hem-de gaz sazlaýjy desgalaryň onlarçasyny özüne birleşdirýär. Müdirligiň köpmilletli agzybir zähmet köpçüliginiň işçi-hünärmenleriniň howanyň häzirki sowuk günlerinde bagtyýar il-günümiziň mukaddes öý-ojaklarynyň odunyň baky alawlamagy hem-de türkmen gazynyň dünýä bazarynda öz möhüm ornuny eýelemegi ugrunda alyp barýan wajyp işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Üstünliklere beslenen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň iş tabşyryklaryny talabalaýyk ýerine ýetiren öňdebaryjy zähmet köpçüliginiň biri-de welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Derýalyk» önümçilik edarasydyr. Ol «Döwletabat — Derýalyk» halkara gaz magistralynyň demirgazykda ýerleşýän iň soňky gaz gysyjy desgasydyr.

Dädebaý NARTYÝEW,
«Nebit-gaz».