Nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda nebitgaz senagatynda we geologiýa pudagynda ýetilen sepgitler» atly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata degişli toplumyň ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdy. Ilki bilen, wise-premýer Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny okady. Milli Liderimiziň Gutlagyndaky: «Men pudagyň işgärleriniň «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» bellenen ähli wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine berk ynanýaryn» diýen sözleri çärä gatnaşyjylarda ýokary ruhubelentlik duýgusyny oýardy.
Maslahatyň barşynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Nurýagdy Suwhanow, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň halk saz gurallary orkestriniň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Baýrammyrat Söýünow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum taslamalary bölüminiň baş hünärmeni Gülälek Ýüzbaşyýewa, «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Aşgabatdaky awtomobillere ýangyç guýuş beketleriniň müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Aşgabat şäher Halk maslahatynyň agzasy Rahym Esenow we beýlekiler çykyş etdi.