Janly-jandarlaryň ähli görnüşi diýen ýaly daşky gurşawyň täsirlerine, ekologiýa ýagdaýyna, aýratyn hem kabul edýän iýmitine baglydyr. Adamyň gündelik kabul edýän iýmiti onuň özüni duýşuna, saglygyna, aň-paýhasyna, ukyp-başarnyklaryna täsir edýär. Ata-babalarymyzyň: «Görk — agyzdan...» diýen parasatly jümlesi iýmitiň adamyň ýaşaýşynda möhüm orny eýeleýändigini görkezýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen adamlaryň jan saglygyny goramaga, sagdyn iýmitleri öndürmäge, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge, ekologiýa, daşky gurşawyň abadançylygyny gazanmaga uly üns berilýär. «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» kabul edilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini wagyz etmek, ilatyň saglygyny berkitmek hem-de keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmak, sagdyn durmuşy berkarar etmek bu maksatnamanyň esasy maksady bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi giň gerime eýe boldy.