Watan mukaddesligi
Watan mukaddesligi uludan-kiçä her bir türkmen raýatynyň ýüreginde gaýnaýar. Ýurduňy söýmek, Watanyň topragyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzy goramak hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň biziň öňümizde goýýan mukaddes borjudyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde hiç bir harby-syýasy maksatly birleşiklere we bileleşiklere goşulmaýar. Dünýäniň islendik döwleti, abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli ykdysady-medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Şu nukdaýnazardan, döwletimiziň serhedi dost-doganlyk serhedidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň gününiň giňden bellenilmegi, şeýle-de ýurdumyzyň serhet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň gowulandyrylmagy halkymyzyň abadanlygyna, asudalygyna, howpsuzlygyna berilýän düýpli ünsüň netijesidir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň her bir mejlisinde ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň serkerdeleriniň we harby gullukçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy barada degişli ýolbaşçylaryň öňünde möhüm wezipeleri goýýar.