"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

Nebitgaz pudagynyň geljegi: «düşbi guýular» we «sanly ýataklar»

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) eýle hem «Sanly ýataklar» tehnologiýasynyň esasy komponentleriniň biri «düşbi guýular» tehnologiýasy bolup durýar. Bu tehnologiýada telemetriýa enjamyny ulanmak arkaly guýularda uzakdan sazlaýyş işlerini geçirmek hem mümkin. «Sanly ýataklar» tehnologiýasyny ulanyp, bir guýuda, şeýle hem tutuş meýdanda iş geçirip bolýar.

Pudagyň ösüşli menzilleri

Ýene-de az wagtdan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly tamamlanyp, täze — 2022-nji bars ýylyna gadam basýarys. Bars haýwanat dünýäsinde iň batyr, güýçli, edermen hasap edilýär. Türkmençilikde ýigitleriň batyrlygy barsa deňelýär. Batyrlygyň nyşany täze bars ýylynda zähmetsöýer halkymyzyň gaýratly işleri bilen möwritini geçirip barýan ýylda gazananlaryndan-da ýokary netijelere eýe boljakdygyna şübhelenmese bolar. Şu ýylda ýurdumyz halk hojalygynyň durmuş-ykdysady, medeni, aň-bilim, edebiýat, sungat, ulag-aragatnaşyk, ýangyç-energetika pudaklarynda, gurluşyk, himiýa, dokma senagatynda, oba hojalygynda we beýleki ulgamlarda örän uly üstünliklere eýe boldy. Döwletimiziň gaznasy täze-täze gymmatlyklar bilen dolduryldy. Zähmetsöýer adamlaryň şahsy girdejileri mese-mälim artdy. Jemgyýetiň aň-bilim sowatlylygy ýokarlandy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy täze eýýamyň ruhunda has-da özgerdi. Şular bilen birlikde, nebitgaz toplumynda-da uly ösüşlere eýe bolundy.

Maksada okgunly işler

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işgärleri barha golaýlaşýan baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk senesini we hünär baýramçylyklary bolan Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamaga şu günlerden uludan taýýarlyk görýärler. Etrapdaky hojalyklaryň häzirki günde gaz hojalygy edarasynyň gazçylarynyň tutanýerli zähmeti netijesinde «mawy ýangyjyň» eşretini görüp ýaşaýandyklaryny aýratyn bellemek bolar. Olar şu günler etrabyň çäginde bar bolan dürli ululykdaky gaz geçirijileriň 997 kilometre golaý ýerine talabalaýyk hyzmat etmek bilen, bitewi gaz ulgamynyň gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işlemegini gazanýarlar. Mundan başga-da, edaranyň gazçylary gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň hem 336-syna yzygiderli gözegçilik etmek bilen, ýylyň islendik möwsüminde olaryň talabalaýyk işlemegini hemişe üns merkezinde saklaýarlar.

«Gara altynyň» önümçiligine sementleýjileriň goşandy

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine «Türkmennebit» DK-nyň müdirlikleri saldamly goşant goşýarlar. Şolaryň arasynda «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligi hojalyk hasaplaşygyndaky edara bolup, işi üznüksiz önümçilik bilen baglydyr. Häzirki wagtda Goturdepe, Barsagelmez, Uzynada, Nebitdag, Gumdag, Guýjuk, Gögerendag, Ördekli, Ekizak, Altyguýy, Körpeje, Günorta Gamyşlyja, Nebitlije, Ekerem, Keýmir, Kemer, Akpatlawuk, Adamguduk, Çekişler ýaly nebitgaz ýataklarynyň guýularynda sementlemek bilen bagly möhüm işler müdirligimiziň garamagyndaky Ekerem, Körpeje, Guýjuk, Goturdepe, Barsagelmez guýulary berkidiji sehleri tarapyndan «Galkynyş», «Berkarar» sementleýji desgalarynyň güýçlerine daýanylyp ýerine ýetirilýär.

Halypa sarpasy belent

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň ösüşlerinde mynasyp paýy bolan işgärlerdir hünärmenler sanardan kän. Şeýle işgärleriň biri «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň Awtoulaglar kärhanasynyň önümçilik tehniki bölüminiň başlygy Hangeldi Jumageldiýew. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häzirki «Bereket» daýhan birleşiginde 1960-njy ýylda dünýä inen H.Jumageldiýew geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ahyrynda öz dogduk obasynda zähmet ýoluna başlaýar. Daýhan üçin oba ýeriniň hemişe iş-aladasy ýetik. Çünki edil nebitdir gaz ýaly, il arasynda «ak altyn» atlandyrylýan pagtanyň hem ýurdumyz üçin strategik ähmiýeti bar. Biziň gürrüňini edýän oba oglanymyz hem ýaşlykda bu iş bilen taplanýar. Basan ýerinden ot çykýan gujurly ýaş ýigit Watan goragynda gulluk borjuny abraý bilen sowup, dogduk obasynda mehanizator hünärinde işe başlaýar. Hemme zat düzüw, ählisi ugruna ýaly bolup görünse-de, ýaş ýigidiň ýene-de bir arzuwy bardy, ol hem ýokary bilim almak we zähmet ýoluny nebitgaz pudagyna baglamak islegidi. Soňky döwürde nebitgaz pudagynyň ösdürilmegi, yzly-yzyna baýlyk känleriniň özleşdirilmegi senagatyň bu möhüm pudagynda ýaş hünärmenleriň zerurlygyny ýüze çykardy. Durmuşda çynyň bilen yhlas etseň, arzuwyň bitmän galjak gümany ýok. Hangeldi 1981-nji ýylda şol wagtky Türkmen politehniki institutyna gaýybana okuwa girýär.

Önüm bolçulygy döredilýär

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek we milli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmek üçin «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň alymlary we hünärmenleri tarapyndan şertnamalar esasynda her ýylda pudagyň önümçiligi bilen baglanyşykly işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän ylmy-barlag we taslama işleri amala aşyrylýar hem-de netijeleri önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Türkmenistanda uglewodorod çig malyny gazyp almak we ilkinji gaýtadan işlemek, suwuklandyrylan gazyň, motor ýangyjynyň, polimer materiallaryň, sintetik süýümleriň, sintetik ýuwujy serişdeleriň, üst-işjeň maddalaryň we beýleki möhüm önümleriň önümçiligini gurnamak maksady bilen, gazy çuňňur gaýtadan işleýän gazhimiýa toplumlaryny döretmeklige we ösdürmeklige uly üns berilýär. Muňa mysal edip, Hazar deňziniň kenarynda metanyň pes gomologlarynyň esasynda polimerleri öndürmek boýunça iri gazhimiýa toplumyň gurluşygynyň amala aşyrylmagyny görkezmek bolar. Bu önümçilik Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşen nebit ýataklaryndan çykarylýan ugurdaş gazlaryň düzüminden bölünip alynýan metanyň pes gomologlaryna, ýagny etana, propana, butana we С5 — С7 ýeňil suwuk uglewodorodlara esaslanýar.

Watan rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen eziz Diýarymyz dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwrüldi. Bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere beslenýän ýurdumyzda mähriban halkymyzyň asuda, parahat we eşretli durmuşda ýaşamagy munuň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda pederlerimiziň sapaly durmuş, berkarar döwlet baradaky arzuw-umytlary hasyl boldy. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, özgerişlikler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri halkyň, her bir adamyň bagty, göz-guwanjy bolup, ajaýyp döwrümiziň özenini emele getirýär. Bu beýik düşünjeler Watanymyzyň at-abraýyny Arşa göterýär.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 15—21-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 12-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...+1o-dan +4...+6o aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+7o-dan +15...+17o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...-2o sowukdan +3...+5o aralygynda maýyl, gündizlerine +4...+6o-dan +14...+16o aralygynda maýyl bolar.

Dünýä arhitekturasynyň täsinlikleri

Häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň ösmegi bilen durmuşymyz uly üýtgeşmeleri başdan geçirýär. Kämil tehnologiýalar ynsan durmuşyny ýeňilleşdirýär we wagtymyzy tygşytly, oýlanyşykly ulanmaga ýardam edýär. Ylmyň ösmegi bilen köpýyllyk tejribeler esasynda kemala gelen häzirki zaman arhitekturasynyň işleri-de göreni haýran edýär. Täsin gurluşly desgalar bu işleriň esasynda durýar. Dünýäniň täsin desgalary, häzirki zaman arhitekturasynyň gazananlary bilen tanyş bolalyň.

«Köňüller, ýürekler bir bolup başlar...»

Beýik akyldar şahyr Magtymgulynyň şygyrlar diwanyny okadygyňça, seni özüne bendi edýär. Sebäbi olarda ömrüňe many çaýmagyň, durmuşyňy gözelleşdirmegiň, ýaşaýşa umytly bakmagyň esaslaryny görmek hem duýmak bolýar. Sada dilde, sagdyn kapyýada ýazylan bu şygyrlar dessine ýadyňda galýar, gulagyňda saz ýaly ýaňlanýar. Magtymgulynyň «Ylym öwreden ussat kyblam pederdir» diýip ýazyşy ýaly, ol öz atasynyň döredijilik ussatlygyndan nusga alyp kämilleşýär. Ata bilen ogluň şygryýet sungaty olaryň döredijilik dünýäsindäki arabaglanyşygy, edebi çeperçilik gatnaşygy ýüze çykarýar. Agzybirlik bilen berk baglanyşykly türkmeniň gadymy edim-gylymlary, milli däp-dessurlary, aýtgylary bu günki bagtyýar döwrümizde halkymyzyň diliniň senasyna öwrüldi. Watan, halk, agzybirlik diýen ganatly sözler agzalanda, ilkinji nobatda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Berkarar döwlet istärin» diýen ajaýyp setirleri seriňe dolýar. Berkarar döwlet isläp, agzybirligi we bitewüligi wagyz eden Magtymguly Pyragy akyl äleminiň bakylyk çyragydyr. Şahyr agzybirligiň bar ýerinde döwletliligiň, abadançylygyň, bitewüligiň bolýandygyny öz şygyrlary arkaly beýan edipdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryh üçin gysga döwrüň içinde türkmen halkynyň Garaşsyzlyk, agzybirlik, bitewülik, berkararlyk ýollarynyň çawy bütin dünýä ýaň saldy. Halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň parahatlygynyň düýp

Güýzki bag ekmek dabarasyna badalga berildi

Berkarar döwletimizde ýylyň-ýylyna güýzki we ýazky bag ekmek dabaralaryna badalga bermek indi asylly däbe öwrüldi. Geçen hepdede beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan ýadygärliginiň töwereginde geçirilen bag ekmek dabarasyna hormatly Prezidentimiz gatnaşdy. Şol gün Magtymguly Pyragynyň 153 gektar meýdany eýeleýän medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde we töwereginde arça nahallarynyň 61 müň 200-den gowrak düýbi oturdyldy. Bu ýerde agaç ekmekden başga-da, ozal bar bolan baglaryň berkemegine, ösmegine degişli ideg işleri geçirildi. Ýurdumyzda güýzki bag ekmek dabarasynyň çäklerinde diňe bir günüň dowamynda jemi 4 million 248 müň 740 düýp pürli we beýleki agaç nahallary, şol sanda Aşgabat şäherinde we onuň eteklerinde 1 million 835 müň 740 agaç nahaly, welaýatlarda bolsa 2 million 413 müň agaç nahaly ekildi. Tutuş ýurdumyz boýunça şol gün 3 million 590 müň 740 agaç nahalyna ideg edildi.

On aýyň jemlerine garaldy

Düýn Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy. Onda 5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy

Parahatçylyk — ynanyşmak

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň halkara abraýy günsaýyn artýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Belläp geçsek, ýurdumyzyň ýüregi bolan Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň hem-de ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa eziz Diýarymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan ähli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýändiginden habar berýär. Türkmenistan Watanymyz dünýäde dostlukly, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklaryň tarapdary bolup çykyş edýär. Şonuň netijesinde ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak kadalaryny has-da öňe sürýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly ýörite Kararnama kabul edildi. Şeýlelikde, döwletimiz halkara bileleşigiň bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalaryna gönükdirilen daşary syýasat ýoluna ygrarly boldy.

Maýa goýumlary halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, 27-28-nji oktýabrda paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahatyna gatnaşyjy hökmünde turuwbaşdan onuň dünýäde uglewodorod serişdelerine baý döwletleriň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň ýangyç-energetika ulgamynda meşhur halkara nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekde we berkitmekde örän netijeli bolandygyny belläsim gelýär. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilip durulmagy Türkmenistanyň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini häzirki we geljekki nesilleriň, şonuň ýaly hem diňe bir ýurdumyzyň halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň bähbidi ugrunda peýdalanmaga çalyşýandygyny görkezýär.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri: milli we halkara tejribesi

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) 16-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde, hususan-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini, tehnologiýalary öndürmäge ýöriteleşdirilen «Masdar» kompaniýasynyň wekilleri bilen bolan duşuşygyň barşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyş çäresiniň geçirilendigi, geljekde serhetýaka etraplaryň birinde Gün şöhlesinden energiýa öndürýän köpugurly bekediň gurluşygyny maliýeleşdirmegiň mümkinçilikleriniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygynyň habar berilmegi bu ulgamdaky işleriň barha işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Uzynadada ýene bir guýy önüm berdi

Ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň goruny artdyrmak işine «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň işgärleri saldamly goşant goşýarlar. Golaýda baýlyk agtaryjylaryň Uzynada meýdançasynda burawlan gözleg-barlag guýusyndan çig malyň senagat akymy alyndy. Bu möhüm buýurmany ekspedisiýanyň tejribeli işgäri, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» medalynyň eýesi Halmyrat Rozyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän buraw desgasynyň hünärmenleri ýokary hilli ýerine ýetirdiler.

Buýsanjymyz — Bitaraplyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde her bir günümiz şanly wakalara, ösüş-özgerişlere beslenýär. Elbetde, ähli ýetilýän belent sepgitleriň özeninde ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine eýerýän daşary syýasatynyň aýratyn orny bar. Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan Bitaraplyk halkymyzyň ýagty, röwşen geljeginiň özenidir. Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe boldy. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana döwrüň, taryhyň islendik wagtynda hem uly hormat-sarpa goýulandygyny alamatlandyryp, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylyk dörediji merkezdigini tassyklaýar.

Burawlaýjylaryň ýakyn hemaýatkärleri

«Türkmennebit» DK-nyň «Burnebitgazhyzmat» müdirligi şu ýylyň başyndan bäri «Nebitdag», «Goturdepe», «Körpeje» we «Ekerem» buraw işleri müdirlikleri boýunça müňlerçe metre barabar dag jynslarynyň gazylyp, nebitgazly guýularyň onlarçasynyň senagat taýdan özleşdirilip başlanmagyna aýgytly täsirini ýetirdi. Aslynda, konserniň düzümindäki bu buraw işleri müdirliklerini gazuw, oturtma hem-de ulanyş turbalary bilen öz wagtynda we bökdençsiz üpjün etmek şu kärhananyň hünärmenleriniň çekýän netijeli zähmetine baglydyr. Hemmetaraplaýyn gözden geçirilip, taýýarlanylan turbalary gazuw işleri alnyp barylýan meýdançalara öz wagtynda ýetirmekde, ýükläp düşürmekde zerur bolan tehnikalar bilen doly üpjün edilen müdirlikde işler döwrüň ösen talaplaryna laýyk alnyp barylýar. Munuň üçin kärhanadaky 12,5 tonnalyk göterijiligi bolan köpri-kranlar netijeli peýdalanylýar. Konserniň degişli müdirliklerinde nebit we gaz çykarmak baradaky meýilnamalaryň üstünlikli berjaý edilmegi üçin ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini hemişe ýokary derejede saklamak we olary toplumlaýyn alyp barmak, guýulary burawlamak we olaryň gurluşygyna sarp edilýän möhleti azaltmak üçin zerur çäreleri üpjün etmek, turbalaryň ulanylyşynyň netijeli bolmagyna gözegçiligi pugta ýola goýmak, oturtma we buraw turbalaryny iň az zähmet hem-de maddy çykdajylar bilen ulanmaga taýýarlamak ýaly möhüm işler hem hut şu müdirligiň hünärmenlerin

Parahatçylyk — ösüşiň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda Türkmenistan iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Birleşen Milletler Guramasy halkara hyzmatdaşlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar.  Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň beýik münberinden öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary sebit we dünýä syýasatynyň möhüm ugurlaryny kesgitläp, halkara jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz Bitaraplygyň ähmiýeti, onuň gadyr-gymmaty hakynda her bir çykyşynda yzygiderli nygtaýar. Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan ýörelgelere daýanýan eziz Diýarymyz dünýäniň we sebitiň döwletleri bilen deňhukukly, bir-birege ynanyşmak, sarpa goýmak ýaly asylly gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Türkmenistan sebitde we bütin dünýäde giň göwrümli we aýdyň maksatly işleri amala aşyrýar. Bu bolsa Türkmenistana halkara gatnaşyklarynda syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ugurlary pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 8—14-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 10-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...+lo-dan +3...+5o aralygynda maýyl, gündizlerine +8...+10o-dan +15...+17o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 5-7-den 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...-2o sowukdan +2...+4o aralygynda maýyl, gündizlerine +7...+9o-dan +14...+16o aralygynda maýyl bolar.