Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň halkara abraýy günsaýyn artýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Belläp geçsek, ýurdumyzyň ýüregi bolan Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň hem-de ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa eziz Diýarymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan ähli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýändiginden habar berýär.
Türkmenistan Watanymyz dünýäde dostlukly, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklaryň tarapdary bolup çykyş edýär. Şonuň netijesinde ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak kadalaryny has-da öňe sürýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly ýörite Kararnama kabul edildi. Şeýlelikde, döwletimiz halkara bileleşigiň bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalaryna gönükdirilen daşary syýasat ýoluna ygrarly boldy.