Täze ýyl baýramçylygy adamlara ruhy güýç berýär

16 Dekabr 2024
82

Ýurdumyzda toý-baýramlar, şanly seneler, möhüm wakalar biri-biriniň üstüni ýetirip, halkymyzyň parahat, agzybir durmuşynyň hözirini artdyrýar. Geçen hepdede halkymyz Halkara Bitaraplyk gününiň baýramçylygyny giň gerimde belledi. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hem, asylly däbe görä, Türkmenistanyň şanly seneleriniň birine öwrüldi. Indi bolsa özüniň şatlyk-şowhuny bilen Täze ýyl baýramy barha golaýlap gelýär.

Täze ýyly dünýä halklary bilen birlikde, türkmen il-ulsy hem ýylyň-ýylyna zähmet üstünlikleri bilen buýsançly garşylaýar. Bu baýramçylygyň geçirilýän wagtynyň dowamlylygy bilen tapawutlanýanlygyny bellemelidir. Dekabryň ikinji ongünlüginden batly depgin alýan baýramçylyk şowhunly çäreler täze ýylyň başlanmagy bilen hem ençeme gün dowam edýär. Şu döwürde adamlaryň ruhy galkynyp, has şadyýan görünýärler. Hemmeler biri-birine mähir paýlaýar. Şäherleriň özboluşly bezeg aýratynlyklary görküni artdyrýar. Bu döwürde çagalar bilen medeni seýil baglarynda, dynç alyş merkezlerinde, söwda merkezlerinde bolmak has-da ýakymly. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli söwda merkezleriniň talabalaýyk işledilmegi, harytlaryň hemme görnüşleriniň, aýratyn-da, azyk harytlarynyň elýeter bahalardan bolçulygynyň döredilmegi halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny artdyrýar.

Ogulşat ŞAPYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.