"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI Halkara maslahaty taryhy waka öwrüldi

27 — 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahaty geçirildi. Halkara forumy «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy we «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Forum degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny we esasy hünärmenlerini, dünýäniň 150-den gowrak halkara kompaniýalarynyň, şol sanda «CNPC», «Petronas», «Lukoýl», «Dragon Oil», «SOCAR», «ARETI International Group», «Ýug-Neftegaz Private Limited» ýaly iri energetika ägirtleriniň, şeýle hem energetika guramalarynyň wekillerini, iri halkara maliýe institutlarynyň, diplomatik we ylmy toparlaryň, habar beriş serişdeleriniň wekillerini jemledi. Maslahatyň işine 400-den gowrak adam gatnaşdy.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri: milli we halkara tejribesi

Gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden energiýa almagyň adaty işe öwrülip, ýola goýlanyndan bäri köp wagt geçmedik hem bolsa, ol eýýämden sarp edijileriň aglabasy üçin energiýa üpjünçiliginiň ileri tutýan çeşmesine öwrülip, ýokary depginler bilen meşhurlyga eýe bolýar. Dünýä boýunça ösen we ösýän ýurtlarda mese-mälim duýulýan höweslendirişiň we islegiň artyş meýilleriniň utgaşykly sazlaşygy Gün-ýel energetikasynyň adaty energetika bilen üstünlikli bäsdeşligini şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylyň 1-nji sentýabrynda talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda Maslahat köşgünde geçiren umumy sapagynyň dowamynda energetika senagatynyň türkmen ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biridigini aýdyp, soňky döwürde ýurdumyzda täze, kuwwatly elektrik stansiýalarynyň gurlup, ulanylmaga berilýändigini, milli maksatnamalarymyza laýyklykda, müňlerçe kilometre uzaýan elektrik geçirijileriniň täzelenilýändigini, şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda sanly tehnologiýalar arkaly dolandyryljak Günden we ýelden energiýa öndürýän stansiýanyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny belledi.

Bellenilen meýilnamalar möhletinde amala aşyrylýar

Mary welaýatynyň ilatynyň hem-de onuň çäklerindäki edara-kärhanalaryň ýylyň bütin dowamynda «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edilmeginde «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň beýleki gaz üpjünçilik, gaz hojalyk edaralary bilen birlikde Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň gaz gurluşykçylarynyň hem saldamly goşandy bar. Olar «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň buýurmalary esasynda welaýatyň obalarynda, şäherdir şäherçelerinde täze döreýän ilatly ýerleri Milli maksatnama laýyklykda gazlaşdyrmak, ozaldan ulanylýan ýokary, orta basyşly gaz geçirijileriň durkuny täzelemek boýunça möhüm ähmiýetli gaz gurluşyk işlerini ýerine ýetirýärler. Ülşüň gaz gurluşykçylarynyň tutanýerli zähmeti arkaly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylyň başyndan bäri ilatly ýerleriň ençemesiniň tebigy gaz bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylandygyny aýtmak gerek. Gaz gurluşyk işleri häzirki güýz-gyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde welaýatyň dürli künjeklerinde ýokary depginde dowam etdirilýär. «Marygazüpjünçilik» müdirligi bu möhüm ähmiýetli işde bökdençligiň bolmazlygy üçin ülşüň gaz gurluşyk işlerini dürli göwrümli turbalardyr beýleki materiallar bilen bökdençsiz üpjün edýär.

Nebit çykarmagyň mehanizmleşen usullary barada

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Goturdepede we Barsagelmezde guýularyň özboluşly ulanyş şertlerini nazarda tutup, «Tatneft» kompaniýasynyň mehaniki garyndylara çydamlylygy bilen tapawutlanýan УВНН-5, УЭЦНИ-5, ВНН-5, ЭЦНМ-5 kysymly döwrebap enjamlaşdyrylan elektrik merkeze ymtylyş sorujylary indi birnäçe ýyl bäri bu känlerde peýdalanylýar. Bu sorujylar guýynyň içine diametri 2,5 dýuým göteriji turbalaryň aşaky ujuna çatylyp goýberilýär. Bu usula geçirilen guýularyň köpüsi nebitiniň düzüminde suwy köp bolan ýa-da dürli sebäplere görä wagtlaýyn hereket etmeýän guýulardyr. Olar ulanyşa girizilenden soň birnäçe aýlap ýa-da bir ýyla golaý abatlanman işleýärler. Olaryň durnukly işlemeklerini çäklendirýän beýleki usullara mahsus bolan faktorlar — çykarýan suwuklygynyň düzüminde kadadan köp ergin gazyň we mehaniki garyndylaryň (çägäniň, duzuň we ş.m.) bolmagydyr.

«Mawy ýangyjyň» höziri

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gurbansoltanejeetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň gazçylary etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny milli baýlygymyz bolan gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda bagtyýarlyk döwrümiziň belent ruhuna mahsus işleri durmuşa geçirýärler. Bu ugurda şu ýylyň on aýyny netijeli jemlän edaranyň işçi-hünärmenleri häzirki döwürde noýabr aýynyň işlerine guramaçylykly girişdiler. Edaranyň işgärleri tarapyndan häzirki döwürde etrabyň çäginde bar bolan dürli ululykdaky gaz geçirijileriň 1210 kilometre golaý ýerine, gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň bolsa 513 sanysyna ýokary derejede hyzmat edilýär. Munuň özi etrabyň 24609 sany hojalygynyň ilatynyň ýylyň islendik döwründe tebigy gazyň üznüksiz hözirini görüp ýaşamagy, olaryň mukaddes öý-ojaklarynyň odunyň baky alawlamagy ugrunda gaz hojalygy edarasynyň agzybir işgärleri tarapyndan öwgä mynasyp işleriň alnyp barylýandygyndan habar berýär. Edaranyň gazçylarynyň medeni zolakdan uzakda ýaşaýan etrabyň çarwaçylyk bilen meşgullanýan ilatly ýerlerini ýörite gaz ballonlaryna gaplanan suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän işleri hem guwandyryjydyr.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 1—7-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 10-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...-3o sowukdan +8...+10o aralygynda maýyl, gündizlerine +4...+6o-dan +19...+21o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...-3o sowukdan +7...+9o aralygynda maýyl, gündizlerine +3...+5o-dan +18...+20o aralygynda maýyl bolar.

Türkmen-gazak duşuşygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm tapgyra eýe bolýar

24-25-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanda döwlet sapary bilen boldy. Paýtagtymyzyň iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Gazagystanyň Baştutanyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow garşylady. Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglanjyk we gyzjagaz Gazagystanyň Liderine duz-çörek hödürledi hem-de gül desselerini gowşurdy.

Tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň täze 13-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi tarapyndan guramaçylykly geçirilen dabaraly çärä nebitgaz toplumynyň düzümlerinden işgärler gatnaşdy. Tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, «Türkmengaz», DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdirleri Sona Kerimowa, Myrat Baýramgylyjow, «Türkmengeologiýa» DK-nyň Geologiki maglumatlary merkeziniň Guýy maglumatlary toparynyň başlygy Arslan Annamyradow, «Türkmengeologiýa» DK-nyň «Ahalgeofizika» ekspedisiýasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Dünýä Öwezowa, «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň jogapkär redaktory Muhammetmyrat Atagarryýew dagy çykyş etdi.

Nebitgaz toplumy belent sepgitleri nazarlaýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň halkara energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge goşýan goşandy uludyr. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň milli energiýa baýlyklaryny dünýä bazaryna dürli ugurlar boýunça çykarmak baradaky tagallalary bilen däl, eýsem, halkara energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky başlangyçlary bilen hem berkidilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlary bilen hasyl bolan hem-de dünýädäki iň iri gaz magistralynyň biri bolan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi Türkmenistanyň baý ýataklaryny geljegi uly hytaý bazary bilen birleşdirdi. Ol ýurdumyzyň energetika bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda amala aşyrylan iň iri taslamadyr. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylan Gündogar-Günbatar gaz geçirijisi ägirt uly taslamalaryň biri bolup, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ösdürmekde, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Dünýäde ykdysady aragatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylmagy, ýurdumyzda we dünýäde türkmen energiýa serişdeleriniň şu günki ýeten derejelerine bagyşlanan kongresleriň, forumlaryň, maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi halkara jemgyýetçiliginiň türkmen nebitgaz genji-känine berýän ünsünden aýdyň nyşanlardyr. Çünki Türkmenistan arassa, ýokary hilli, d

Ertir Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVI Halkara maslahaty öz işine başlaýar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, 27-28-nji oktýabrda geçiriljek bu abraýly işewürler forumy Türkmenistanyň halkara nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek we berkitmek maksady bilen ýurdumyzda her ýylda geçirilýär. Forumyň dowamynda ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň soňky dünýä we sebit ýörelgeleri, sebit taslamalarynyň durmuşa geçirilişi, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, Hazar deňziniň türkmen kenaryna maýa goýumlaryny çekmek we täze gazhimiýa taslamalarynyň geljegi maslahatlaşylar.

Tejribeli alymdy, halypa mugallymdy

Görnükli döwlet işgäri, halypa alym Ýagşygeldi Kakaýew aramyzda ýaşap ýörenliginde 24-nji oktýabrda 62 ýaşamalydy. Türkmende «Ýagşydan at galar» diýen pähim bar. Hawa, ýurdumyzyň iri, abraýly Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adynyň dakylmagyny muňa şaýatlyk edýän bir mysal hökmünde görkezmek bolar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň, Watanyň öňünde uly hyzmatlary bitiren adamlaryň sarpasy belent tutulýar. Merhum alym Ýagşygeldi Kakaýew ömrüni ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna bagyşlan, ony ösdürmeklige önjeýli goşandyny goşan tejribeli hünärmen we ýolbaşçy bolupdy.

Nebit çykarmagyň mehanizmleşen usullary barada

Ýurdumyzyň nebit senagatynyň ösdürilmeginde «Türkmennebit» döwlet konserninde çykarylýan çig malyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen önümçiligi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, täze tehnikalary we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga yzygiderli üns berlip gelinýär. Bu babatda nebit çykarmaga ýardam berýän öňdebaryjy tehnologiýalaryň giň tapgyry önümçilikde synag edilip, senagat taýdan ulanyşa girizilýär. Nebit çykarmagyň täze usullaryny ornaşdyrmak baý tejribeli daşary ýurtly kompaniýalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Soňky 10 — 15 ýylyň içinde daşary ýurtly kompaniýalaryň hünärmenleriniň türkmen nebitçileri bilen bilelikde guýulary daşary ýurtlardan satyn alnyp getirilen enjamlaryň üsti bilen täze mehanizmleşen usullara geçirip, bol nebit çykarmaga gönükdirilen köp işler amala aşyryldy. Onuň hem sebäbi burawdan çykan guýularyň hemmesi diýen ýaly, ulanylmaga berlen ilkinji günlerinden soň, birnäçe ýylyň dowamynda gatlagynyň basyş güýji peselýänçä çüwdürim usulynda işleýär. Şonda bu guýularyň geljekki ulanyş döwrüni uzaltmakda we nebit berijiligini artdyrmakda olaryň önümli gatlaklarynyň nebit berijiligi ylmy taýdan öwrenilip, ykdysady taýdan esaslandyrylyp, häzirki zaman tehnologiýasyny ulanmak bilen degişli mehanizmleşen usulyna geçirmek esasy wezipe boldy.

Kaşaň öýli — bagtdan paýly

Täze döreýän maşgala üçin özbaşdak öýli bolmak iň bir möhüm meseleleriň biridir. Ýurdumyzda ýaş maşgalalar giňden goldanylýar. Olara döwletimiz tarapyndan dürli ýeňillikler döredilýär. Şeýle oňyn çemeleşme maşgalanyň berk bolmagyna uly ýardam berýär. — Ata Watanymyz eziz Türkmenistanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň yz ýanynda Türkmenabat şäherimizde uly ýaşaýyş jaý toplumy açyldy. Köp sanly ýaşaýyş jaýlarynyň birinden biziň maşgalamyza hem öý almak miýesser etdi. Bu şatlykly waka biziň baýramçylyk şatlygymyzy goşalandyrdy, göwün guşumyzy ganatlandyrdy — diýip, Atajan Altybaýew gürrüň berýär.

Garaşsyzlygyň beren bagty

Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabynyň «Kalbyňyz hem ojagyňyz nurly bolsun!» atly bölüminiň ýangyç-energetika toplumyna, şol sanda nebitgaz pudagyna bagyşlanmagy bu ugurda zähmet çekýän raýatlarymyz üçin çäksiz sarpa bolup, nebitgazçylaryň Garaşsyz Diýarymyzyň ykdysadyýetine goşýan goşantlaryna berýän ullakan bahasynyň görkezijisidir. Ylaýta-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly önümçilik kärhanasyna öwrülendigi, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, TNGIZT-niň öňünde hem belent wezipeleriň goýlandygy barada gürrüň gozgalmagy hormatly Prezidentimiziň kärhanamyzyň milli ykdysadyýetimizdäki ähmiýetli orny hem-de onuň has-da uly geljegi baradaky ynamly garaýyşlarynyň beýany bolup ýaňlanýar. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde düýpli döwrebaplaşdyrylan, täze kuwwatlyklar bilen üsti ýetirilen kärhanamyzyň dünýä möçberinde bäsdeşlige ukyply türkmen grafiti ýaly önümleriniň ýurdumyzyň daşarky bazardaky ornuny berkidýändigi barada hormatly Prezidentimiziň getiren maglumatlary hem Gahryman Arkadagymyzyň biziň alyp barýan il-halk bähbitli işimize berýän dykgatly ünsüniň we milli Liderimiziň bu işlere içgin dahyllylygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-31-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +4...+6o-dan +8...+10o aralygynda maýyl, gündizlerine +13...+15o-dan +19...+21o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 6-8-den 9-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3...+5o-dan +7...+9o aralygynda maýyl, gündizlerine +12...+14o-dan +18...+20o aralygynda maýyl bolar.

Siziň üçin duşuşyk Goçmyrat Atajykow

Aýdym-saz sungatyna çagalykdan imrinen aýdymçylaryň biri hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçylar toparynyň ýokary derejeli artisti-wokalisti, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Goçmyrat Atajykowdyr. Onuň ýerine ýetirýän «Arkadag», «Dözmenem», «Gözelim», «Tylla seniň yşkyňda» ýaly aýdymlary halkymyz tarapyndan uly höwes bilen diňlenilýär. Biz hem «Nebit-gaz» gazetiniň okyjylary üçin ýaş aýdymçy ýigit bilen söhbetdeş bolduk. — Goçmyrat, mähriban Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak uly bagt. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy siziň hem ykbalyňyza bagt kuýaşyny çaýdy...

Ýylyň belent sepgitleri nazarlanylýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda dowam edýän şu ýylyň 9 aýyny netijeli jemlediler. Munuň şeýledigine müdirligiň agzybir işçi-hünärmenleriniň welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny milli baýlygymyz bolan gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de daşary bazarlara çykarylýan tebigy gazyň üznüksiz akdyrylmagyny gazanmak ugrunda şu günler durmuşa geçirýän nusgalyk işleriniň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýeri gelende aýdanymyzda, halkymyzyň mukaddes öý-ojaklarynyň odunyň baky alawlamagy hem-de türkmen gazynyň dünýä bazarynda öz möhüm ornuny eýelemegi ugrunda bagtyýarlyk eýýamynda uly göwrümli işleri durmuşa geçirýän müdirlik «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Şatlyk», «Garagum», «Çöllük», «Ýylanly» we «Derýalyk» ýaly önümçilik edaralaryny, dürli ululykdaky gaz geçirijileriniň 4500 kilometrden gowragyny hem-de gaz sazlaýjy desgalaryň onlarçasyny özüne birleşdirýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýji bolan nebitgaz toplumynyň barha kuwwatlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşýan müdirligiň ussat işçi-hünärmenleri şol desgalaryň gije-gündiziň dowamynda saz işlemegi ugrunda tagalla baryny edýärler.

Geologiýa pudagynda alnyp barylýan we meýilleşdirilýän işler

Garaşsyzlyk ýyllarynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologlary Gahryman Arkadagymyzyň goldawy esasynda ýurduň ýerasty gurluşyny we onuň baýlyklaryny öwrenmekde, mineral çig mal binýadyny döretmekde, ösdürmekde ägirt uly meýilnamalaýyn işleri amala aşyrýarlar. Ýurdumyzyň mineral çig mal serişdeleriniň ýagdaýy hereket edýän senagat kärhanalarynyň geljekde uzak wagtlap we ygtybarly işlemegini hem-de olaryň kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär. Geologiýa gözleg-barlag işleriniň netijesinde dünýä derejesinde seýrek duş gelýän «Galkynyş», Döwletabat, Ýaşlar, şeýle hem Garabil — Gurrukbil, Zäkli — Derweze, Garajaowlak, başga-da birnäçe gazkondensat ýataklar toplumy soňky onýyllyklarda barlanyldy we üsti açyldy. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilen seýsmiki barlag işleriniň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň amala aşyran çuň buraw işleriniň netijesinde Türkmenistanyň günorta-günbatarynda Uzynada gazkondensat ýatagynyň üsti açyldy.

Bagajaly baýlyk öndürijiler

Ymgyr Garagumuň bu sebitinde ýurt Garaşsyzlygynyň ýyllary içinde kuwwatly senagat düzümi peýda boldy. Türkmen topragynyň astyndan tebigy gaz gazylyp alynsa, Bagaja meýdançasynda ony gaýtadan işleýän häzirki zaman desgalary gurlup, işe girizildi. Şonuň netijesinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik» müdirliginiň Bagajadaky suwuklandyrylan gazy öndürýän desgalar toplumynda indi birnäçe ýyllardan bäri içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan ýangyç üznüksiz öndürilýär. — Bizde dürli hünärli işgärleriň iki ýüzüsi bolup, olar çylşyrymly enjamlar oturdylan desgalarda arman-ýadaman zähmet çekýärler. Hünärmenlerimiz hormatly Prezidentimiziň özleri hakynda edýän aladalaryna, berýän ýardam-hemaýatyna päk zähmet çekmek bilen jogap berýärler. Döwlet Baştutanymyz bolsa zähmet adamlarynyň bitirýän işlerine hemişe mynasyp baha berýär. Bu diýýänlerime Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli işgärlerimiziň ikisiniň döwlet sylagyna mynasyp bolandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle üns-alada has joşgunly we ýokary netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar — diýip, toplumyň ýolbaşçysy Farhat Saidow buýsanç bilen gürrüň berýär.

Türkmenistan şanly ýylda batly gadamlar bilen

2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly wakalara baý bolup, eýelenilýän belent sepgitleriň netijesi bilen halkymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gazanylýan üstünlikler durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmekde we halkymyzyň abadan durmuşyny pugtalandyrmakda esas bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, şanly ýylyň ilkinji günleri ruhlandyryjy wakalardan badalga aldy. 14-nji ýanwarda halkara ulag, energetika we aragatnaşyk desgalary, ýagny Akina-Andhoý demir ýoly, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamy işe girizildi. Taslamalaryň amala aşyrylmagy iki döwletiň we doganlyk halklaryň däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi.