"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

Döwlet sylaglaryna mynasyp bolan nebitgazçylara söz berýäris

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakda, ýokary netijelerini gazanmakda, merdana halkymyzyň agzybirligini has-da berkitmekde il-ýurt bähbitli, möhüm döwlet ähmiýetli işlerde döredijilikli we ýadawsyz nusgalyk zähmeti bilen tapawutlanan ildeşlerimiz döwlet sylaglaryna mynasyp boldy. Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edarasynda geçirilen baýramçylyk maslahatynda bolsa nebitgazçylara döwlet sylaglary dabaraly gowşuryldy. «Nebit-gaz» gazeti sylaga mynasyp bolanlaryň şatlygyny, begenjini beýan edip, olaryň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirýär.

Tagallalary rowaçlyga beslenýär

Işi şowuna, çekýän halal zähmeti tüýs ýerine düşýän adamlaryň ruhlary belent, keýpleri çag bolýar. Olar bitirýän işlerinden çäksiz lezzet, uly kanagatlanma alýarlar. Bu diýýänlerimize «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň edermen baýlyk çykaryjylary hem degişli. Olar tebigy gazyň we gaz kondensatynyň gazylyp alnyşyny artdyrmak bilen, şanly ýylyň arzyly sepgidine tarap ynamly gadam urýarlar. Gündelik gazanylýan netijeler ýyllyk meýilnamanyň möhletinden has öň ýerine ýetiriljekdiginden habar berýär. Bu barada gürrüň bermegini haýyş edip, biz müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetowa ýüz tutduk. Şonda ol: — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna gazçylarymyz bolup, mynasyp zähmet sowgatly geldik. Şanly ýylyň geçen sekiz aýynda tebigy gaz öndürmek baradaky meýilnama 134 göterim berjaý edildi. Şonda «mawy ýangyjyň» 8,2 milliard kubmetre golaýy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Harytlyk tebigy gazy satyn alýanlaryň arasynda Hytaý döwletiniň bardygyny, önüm ibermek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilýändigini aýdasym gelýär. Içerki sarp edijilere hem tebigy gaz bökdençsiz ugradylýar. Biz öz zähmetimiz arkaly ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine saldamly goşant goşýandygymyza çäksiz buýsanýarys — diýip, söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

Ösüşiň, özgerişiň Watany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy ýurdumyzy şanly wakalara besledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk her bir adamda Watançylyk duýgusyny oýarýan mukaddes düşünje bolup, ol Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine nazar aýlamaga mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň wysaly, milli we ruhy gymmatlyklarymyzyň we däp-dessurlarymyzyň rowaçlygydyr. Türkmenistan Garaşsyzlygyň getiren bagtyna daýanyp, halkara gatnaşyklarynda hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, düşünişmek, goldaw bermek, birek-birek bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýaly daşary syýasat ugruny saýlap aldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyna agza bolan 185 döwletiň goldamagynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ikinji gezek tassyklanyldy.

Goturdepe we Burun ýataklarynda gözleg işleri geçiriler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň buýurmasy boýunça «Ýug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy (Singapur) Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynda gözleg-barlag işleriniň toplumyny ýerine ýetirer. Seýsmiki barlaglar Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde, meýdany 250 inedördül kilometr bolan çäkde 3D usul bilen, şeýle hem Burun ýatagynyň günortasynda, 245 inedördül kilometr meýdanda 2D usul bilen ýerine ýetiriler. Munuň üçin maliýe serişdelerini «Türkmennebit» döwlet konserni goýberer.

Halypa mugallymyň sarpasy

Ýetmişi tegeländigine garamazdan, kärdeşlerine görelde, ýaşlara ýörelge bolup, yhlasly hem tutanýerli, hyjuwly zähmet çekip ýören adamlaryň biri-de Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebimiziň halypa mugallymy Oraz Garaýewdir. Ömür örküni mugallymçylyga baglan ussat halypa mugallym 1951-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Peşanaly» geňeşliginde daýhan maşgalasynda dogulýar. Ýaşlykdan ene-atasynyň elinde terbiýelenip, 1957-nji ýylda obadaky mekdebiň 1-nji synpyna okuwa baryp, ol mekdebi 1967-nji ýylda tamamlaýar. 1971-nji ýylda Türkmen politehniki institutynyň (häzirki TDBGI) nebitçilik fakultetiniň geologiýa bölümine okuwa girýär. Ol 1976-njy ýylda ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, dag inženeri hünärine eýe boldy.

Bäsleşigiň jemi jemlenildi

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edara binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli hem-de «Nebit-gaz» gazetiniň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, yglan edilen «Nurly şuglasyny saçyp äleme — Garaşsyzlyk bagt getirdi ilime» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň «Nebit-gaz» gazeti bilen bilelikde guran baýramçylyk dabarasyna degişli toplumyň düzümleriniň işgärleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşik «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji ýanwarynda ýurdumyzyň ösüşlerini, rowaçlyga beslenýän halkara abraýyny, nebitgaz toplumynyň pudaklarynda gazanylan belent sepgitleri, häzirki wagtda eýelenýän nusgalyk zähmet görkezijilerini beýan edýän makalalary, fotoreportažlary, goşgulary çap edip, okyjylara ýetirmek maksady bilen nebitgaz toplumynyň işgärleriniň arasynda yglan edilipdi. Geçen döwürde bäsleşige gatnaşan awtorlaryň döredijilik işleri yzygiderli neşir edildi. «Nebit-gaz» gazetiniň açylan döwründen bäri Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi tarapyndan toplumyň iri pudaklary bilen bilelikde guramaçylykly ge

Nebitiň çykarylyşyny artdyrmak möhüm wezipedir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy sentýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň işini durnuklaşdyrmak boýunça möhüm wezipeleri kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz nebitiň çykarylýan möçberini ýokarlandyrmagyň, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwatlyklaryny doly ulanmagyň, suwuklandyrylan gazyň we beýleki önümleriň öndürilişini artdyrmagyň, şeýle hem nebitgaz toplumyna maýalary çekmegiň möhümdigini belledi. Şu ýylyň sekiz aýynda nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylan möçberi Türkmenistanda 5,8 million tonnadan gowrak boldy. Ýylyň ahyryna çenli «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýataklarynda täze guýularyň 8-sini burawlamak we ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny artdyrmak işleýän guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýän netijeli usullary we döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna hem üpjün ediler.

Garaşsyzlyk — köňüllerimiziň ganaty

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyly içinde döwletimiziň syýasatynda, ykdysadyýetinde asyrlara barabar öňegidişlikler gazanyldy. Nebitgaz, gurluşyk, oba hojalyk, dokma pudaklarynda, ylym-bilimde, lukmançylykda, senagatda uly üstünliklere ýetildi. Halkymyz «Toýdan ýetirsin!» diýip, toýlaryny toý şekilli geçirmegi, uludan tutmagy başarýar. Ynha, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem toýlarymyz toýlara ulaşyp barýar. Türkmen topragynda toýlaryň toýa ulaşmagy, abadan ilimiziň asmanynyň asuda bolmagy, ýurdumyzda agzybirligiň höküm sürmegi eşretden nyşan. Garaşsyzlyk — erkinligimiz, parahatlygymyz, asudalygymyz, jebisligimizdir. Asuda Watanda ýaşap, ajaýyp günleriň hözirini görýän bagtly halk dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýar. Muňa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly ýyllary doly şaýatlyk edýär. Asudalygyň, agzybirligiň, jebisligiň bar ýerinde ösüşiň, özgerişiň, berekediň bolýandygyny milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlar babatda ýeten derejesi açyk-aýdyňlygy bilen subut edýär.

Ýyllyk meýilnama artygy bilen

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň hünärmenleri şu günler buýsanç bilen dowam edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny ýokary önümçilik görkezijilerine beslemek üçin has-da gaýratly işleri bitirýärler. Bu öňdebaryjy kärhanada şu ýylyň geçen sekiz aýynda konserniň burawlaýjylarydyr guýulary düýpli abatlaýjylaryna agregat hyzmatlaryny ýola goýmak baradaky meýilnamanyň 157,7 göterim berjaý edilmegi-de muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu görkeziji müdirlik boýunça bu ugurda 2021-nji ýyl üçin bellenilen meýilnamanyň möhletinden dört aý öň artygy bilen ýerine ýetirilendigini aňladýar.

Ygtybarly hyzmatdaşlygyň miwesi

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynda iş sapary bilen bolanda, dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri hasaplanylýan «Galkynyş» gaz käninde täze gaz guýularynyň üçüsiniň gurluşygyna badalga berdi. Şu gaz käninde aýratyn çylşyrymly häsiýeti bilen tapawutlanýan täze gaz guýularynyň gurluşygyna girişilmegi «Türkmengaz» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylarynda täze zähmet galkynyşyny döretdi. Müdirligiň gazçylarynyň çekýän zähmeti bilen häzir «Galkynyş» gaz käninde ulanyş guýularynyň kyrk bäşisinden tebigy gaz alynýar.

Suwuklygy güýçli ýuwudýan guýulary sementlemek usuly

Guýulary düýpli abatlamak işleri boýunça halypanyň hünärmenlere berýän maslahatlary ýaşlar üçin örän gymmatlydyr. Şu nukdaýnazardan ýaşuly, ussat nebitçiniň guýulary sementlemekde toplan tejribesiniň ýazgysyny okyjylarymyza hödürleýäris. Tebigy taýdan gowşak sementlenen gatlaklardan uzak wagtyň dowamynda önüm alnanda, dürli sebäplere görä, olarda gowaklar, opurylmalar we kanallar ýüze çykýar. Bu hadysa gatlaklaryň guýa daşyndan berilýän erginleri, käbir ýagdaýlarda bolsa, beýleki gatlaklardan alynýan önümi ýuwutmak ukybyny ýokarlandyrýar. Birnäçe guýularda beýleki gatlakdan önümli gatlaga suw geçýär. Oňa keseki suw diýilýär. Guýularda emele gelýän şeýle näsazlyklary düzetmek üçin guýynyň suwuklyk ýuwudýan ýa-da önümli gatlaga keseki suwy akdyrýan gatlagy sement ergini bilen petiklemeli bolýar. Şunlukda, guýynyň daşyndan berilýän ergin, ilkinji nobatda, gidrawliki garşylyklary pes bolan boşluklara hem-de kanallara akyp barýar we olary dyky görnüşinde petikleýär. Bu iş göräýmäge aňsat we ýönekeý ýaly, emma ony iş ýüzünde amala aşyrmak birnäçe çylşyrymly meseleleri çözmekligi talap edýär.

Tutanýerli zähmet üstünlige ruhlandyrýar

«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Ulaglar kärhanasynda dürli kesp-kärli işgärler awtoulaglary ýokary hilli abatlamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Olaryň ýerine ýetirýän işleriniň netijeleri zerur ýükleriň bellenilen ýerlerine öz wagtynda eltilmegini, netijede bolsa, tutuş müdirliginiň öňünde durýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegini şertlendirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Ulaglar kärhanasynyň sürüjileri kärhanada bar bolan dürli kysymly tehnikalaryň abat ýagdaýda bolmagyny gazanmak maksady bilen, olara talabalaýyk derejede tehniki taýdan hyzmat edýärler. Çöl içinde ýerleşýän gaz ýataklaryna gerekli ýükleri daşaýan ulaglaryň abatlyk ýagdaýyna aýratyn üns berilýär. Sürüjilerimiz ymgyr Garagumuň depeleriniň arasynda ýerleşýän köp sanly gaz ýataklarynda zähmet çekýän baýlyk çykaryjylara enjamlardyr ätiýaçlyk şaýlaryny, şeýle-de beýleki zerur ýükleri bellenen möhletinde eltmekde ýadawsyz hyzmat edýärler. Bu möhüm işe kärhanamyzyň mehaniki-abatlaýyş ussahanasynyň başarjaň işgärleri hem öz goşandyny goşýarlar. Biziň üçin esasy zat abatlanan her bir ulagyň köp wagtlap umumy işe hyzmat etmegidir. Şonuň üçin bu meselä örän ünsli hem-de ýokary jogapkärçilikli çemeleşýäris.

Türkmen nebitini daşamak boýunça ylalaşyga gol çekildi

«Vitol» (Niderlandlar) halkara energetika we söwda kompaniýasy 2021-nji ýylyň oktýabryndan başlap, Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi boýunça türkmen nebitiniň daşalýan mukdaryny ýylda 1 million tonna ýetirmek hakynda Azerbaýjanyň «SOCAR» döwlet nebit kompaniýasy bilen ylalaşyga gol çekdi. Bu barada «Energy Diary» habar berýär. Bellenilişi ýaly, bu ylalaşyk esasynda Russiýanyň Noworossiýsk porty arkaly iberilýän türkmen nebitiniň daşalyşy, takmynan, 50 göterime çenli azalar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň nebitiniň Russiýanyň üsti bilen üstaşyr iberilýän möçberi aýda 160 müň tonna barabardyr. Hazar deňzi arkaly ugradylýan çig mal nebit tankerlerinde Mahaçkala portuna baryp ýetýär we soňra Noworossiýsk nebit geçirijisi boýunça çykarylýar. Çaklanylyşy ýaly, indi onuň mukdary 80 müň tonna çenli kemeler.

Sagdyn ýürek — bagtly ýaşaýyş

Ýürek ynsan bedeniniň iň wajyp agzasy bolup durýar. Ol adam duýgulary bilen berk baglanyşyklydyr, ýagny ol ynsanyň begenjini, gynanjyny, umuman, emosional ýagdaýyny duýmaga ukyply. Ýüregiň bedendäki hyzmaty we onuň aýratynlyklary örän uludyr. Dogrusy, bu wajyp beden agzasynyň işi «iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýilýäni. Ýürek 5 minudyň dowamynda özünden 5 litr gany akdyrýar. Ol sagatda ortaça 4 müň 200 gezek urýar we 300 litr gany öz üstünden geçirýär. Ýürekde elmydama bedeniň umumy gan mukdarynyň 5 göterimi saklanýar.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 20-26-sy aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: az bulutly, hepdäniň ahyrynda az-kem bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18...+23o, gündizlerine +31...+35o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: az bulutly, hepdäniň ahyrynda az-kem bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 6-8-den 9-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17...+22o, gündizlerine +30...+34o aralygynda maýyl bolar.

Suwuň häsiýetli aýratynlyklary hakynda

Suw tebigatda giňden ýaýran himiki madda bolup, ol Ýer ýüzüniň 71%-ini gurşap alýar. Onuň esasy mukdary ummanlarda, deňizlerde, derýalarda, köllerde, howdanlarda, ýerasty çeşmelerde jemlenendir. Duzly suwly ummanlar Ýer ýüzüniň suwunyň 97%-ini, buzlar we doňaklyklar 2,4%-ini, beýleki görnüşli suwlar bolsa 0,6 %-ini özünde jemleýär. Şeýlelikde, tutuş biziň planetamyzda (ummanlarda, Ýer gabygynda we Ýer üstünde), takmynan, 1,8 milliard kubmetr suw bardyr diýlip çaklanylýar. Bu suwuň agramy Ýeriň massasynyň bir göterimine golaýdyr. Suw Ýer ýüzündäki iň täsin himiki maddadyr. Şol bir wagtyň özünde suw ýaşaýyş üçin iň zerur serişdedir, tebigatyň adamzada eçilen taýsyz peşgeşidir. Ýerde ýaşaýşyň dowam etmegi üçin gerek bolan ähli şertler suw arkaly emele gelýär. Hiç bir zat suwuň ornuny tutup bilmeýär. Suw ynsan bedenini nemlendiriji maddadyr. Uly adamyň bedeninde 42 litr suw bardyr. Beýnimiziň 95%-ini, ganymyzyň 82%-ini, öýkenimiziň 90%-ini suw emele getirýär. Adam süňküniň 20 göterime golaýynyň suwdan durýandygy lukmançylyk ylmynda mälimdir.

Sekiz aýyň jemlerine garaldy

Düýn Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda sanly ulgam arkaly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary G.Agajanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory M.Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Hil — esasy görkeziji

«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Derýalyk» önümçilik edarasynyň Gaz guradyjy desgasynyň işçi-hünärmenleri şu günler ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna sowgatly barmak maksadynda daşary bazara çykarylýan türkmen gazynyň halkara hil derejesinde bolmagy ugrunda nusgalyk işleri alyp barýarlar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda Ukrainanyň «Ukrgazproýekt» şereketi tarapyndan gurlup, 2013-nji ýylyň dekabr aýynda ulanyşa berlen bu desgada 8 sany ulgam bolup, olaryň önümçilik kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda 185 million kubmetr tebigy gazy guradyp, halkara ölçeglerine laýyk derejede üstaşyr geçirmäge ukyplydyr. Şol ulgamlaryň 3 sanysy pes basyşly, 5 sanysy bolsa ýokary basyşly tebigy gazy guradyp geçirmäge niýetlenendir. Pes basyşly ulgamlaryň her biriniň gije-gündiziň dowamynda 20 million kubmetr, ýokary basyşly ulgamlaryň hersiniň bolsa 25 million kubmetr «mawy ýangyjy» guradylan görnüşinde geçirmäge ukybynyň bardygyny degişli hünärmenler gürrüň berýärler.

Baş baýrama bagyşlanyp geçirilen ylmy-amaly maslahat

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli sanly ulgam arkaly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň umumy guramaçylygynda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe himiýa senagatynda innowasion özgertmeler» atly ylmy-amaly maslahata ýokarda agzalan edaralardan ylmy işgärler, mugallymlar we talyplar gatnaşdy. Ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre açylandan soň, onuň mejlisine gatnaşyjylara söz berildi. Maslahatyň dowamynda Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň gaz çykaryş tehnologiýalary barlaghanasynyň müdiri Myrat Baýramgylyjow, geologiýa-geofizika maglumatlary awtomatlaşdyryş usullarda interpretirlemek barlaghanasynyň müdiri Hatyja Çopanowa, gazy çuňňur gaýtadan işlemek sektorynyň inženeri Aýjemal Mämmedowa, Himiýa institutynyň senagat himiýasy barlaghanasynyň müdiri Rejepnur Nurberdiýew, fiziki-himiki seljerme we güwänama bölüminiň ylmy işgäri Ogulnur Jumaýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji mugallymy Mähriban Keroglyýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň öwreniji mugallymy Arçman Ýazyýew we beýlekiler çykyş etdiler

Barlaghanada ylmy-barlag we tejribe işleri ýerine ýetirilýär

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň ägirt uly tebigy uglewodorod baýlyklaryna esaslanýan nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär, ylmy-barlag institutlarynyň barlaghanalary innowasion esasly täze barlaghana enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Laboratoriýa daşary ýurtlaryň öňdebaryjy «FANN Instrument» we «Chandler Engineering» kompaniýalarynyň ylmyň soňky gazananlaryny öz içine alýan häzirki zaman enjamlary we gurallary bilen üpjün edilendir. Olaryň kömegi bilen guýularyň dag-geologik şertlerini modelirlemek bolýar. Bu enjamlar arkaly dürli görnüşli tamponaž sementleriniň Türkmenistanyň standartlarynyň bildirýän talaplaryna laýyklygynyň barlag işlerini hem geçirmek bolýar.