Türkmen nebitini daşamak boýunça ylalaşyga gol çekildi

20 Sentýabr 2021
1345

«Vitol» (Niderlandlar) halkara energetika we söwda kompaniýasy 2021-nji ýylyň oktýabryndan başlap, Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi boýunça türkmen nebitiniň daşalýan mukdaryny ýylda 1 million tonna ýetirmek hakynda Azerbaýjanyň «SOCAR» döwlet nebit kompaniýasy bilen ylalaşyga gol çekdi. Bu barada «Energy Diary» habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu ylalaşyk esasynda Russiýanyň Noworossiýsk porty arkaly iberilýän türkmen nebitiniň daşalyşy, takmynan, 50 göterime çenli azalar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň nebitiniň Russiýanyň üsti bilen üstaşyr iberilýän möçberi aýda 160 müň tonna barabardyr. Hazar deňzi arkaly ugradylýan çig mal nebit tankerlerinde Mahaçkala portuna baryp ýetýär we soňra Noworossiýsk nebit geçirijisi boýunça çykarylýar. Çaklanylyşy ýaly, indi onuň mukdary 80 müň tonna çenli kemeler.

Ogulnabat SARYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.