Baş baýrama bagyşlanyp geçirilen ylmy-amaly maslahat

13 Sentýabr 2021
980

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli sanly ulgam arkaly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň umumy guramaçylygynda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe himiýa senagatynda innowasion özgertmeler» atly ylmy-amaly maslahata ýokarda agzalan edaralardan ylmy işgärler, mugallymlar we talyplar gatnaşdy.

Ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre açylandan soň, onuň mejlisine gatnaşyjylara söz berildi. Maslahatyň dowamynda Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň gaz çykaryş tehnologiýalary barlaghanasynyň müdiri Myrat Baýramgylyjow, geologiýa-geofizika maglumatlary awtomatlaşdyryş usullarda interpretirlemek barlaghanasynyň müdiri Hatyja Çopanowa, gazy çuňňur gaýtadan işlemek sektorynyň inženeri Aýjemal Mämmedowa, Himiýa institutynyň senagat himiýasy barlaghanasynyň müdiri Rejepnur Nurberdiýew, fiziki-himiki seljerme we güwänama bölüminiň ylmy işgäri Ogulnur Jumaýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji mugallymy Mähriban Keroglyýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň öwreniji mugallymy Arçman Ýazyýew we beýlekiler çykyş etdiler. Olar, hususan-da, «Döwletabat» gaz käninde tebigy gazyň we gaz kondensatynyň düzüminiň aýratynlyklary», «Günorta-Günbatar Türkmenistanyň nebitgaz ýataklarynyň gurluşara enjamlarynyň nebitgazlylyga bolan geljegi», «Türkmenistanda emeli kauçugy öndürmegiň maddy esaslary», «Sement betony we onuň durnuklylygy», «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe himiýa ylmynyň ýeten sepgitleri», «Türkmenistanyň ekologik meseleleri», «Ýerli çig mallardan ammoniý sulfatyny we iýmit sodasyny almagyň usullary» we ş.m. temalarda söz sözlediler. Olaryň çykyşynda alyp barýan seljermeleri, derňewleri, ylmy çemeleşmeleri giňişleýin beýan edildi.

«Nebit-gaz».