"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

Garaşsyzlyk ýyllarynda senagat pudagynyň ösüşi

Häzirki döwürde senagat toplumy boýunça ösen tehnologiýalaryň iň soňky innowasiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň senagatlaşdyrma syýasatynyň baş mazmuny ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny özünde jemleýän senagat kärhanalaryny döretmekden ybarat bolup durýar. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ýurdumyzda elektron senagatynyň ösdürilmegi dowam etdirilýär, hususan hem, innowasion esasda elektron pudagyny döretmek we ösdürmek, bäsdeşlige ukyply, ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, serişde we energiýa tygşytlaýan, ekologiýa taýdan arassa elektron we elektrotehniki senagaty ýola goýmak hem-de içerki we daşarky bazarlara gönükdirilen elektron we elektrotehniki harytlary öndürmek, ykdysadyýetiň gaýtadan işleýän we bazar üçin ahyrky önümleri öndürýän önümçilik pudaklaryny hem-de üpjünçilik ulgamlaryny kemala getirmek, şeýle hem ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen senagat pudagy boýunça işjeň işler alnyp barylýar.

Körpejäniň buýsandyryjy zähmet üstünlikleri

«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümindäki iri kärhanalaryň biri bolan, sebitleýin senagat düzümleriniň we ilatyň tebigy gaza bolan talabyny bökdençsiz üpjün etmekde düýpli işler alnyp barylýan «Nebitgazçykaryş» trestiniň Körpeje gaz çykaryş müdirliginde önümçilik görkezijileriniň durnukly ösüş depginini gazanmak üçin gazkondensatly ojaklary, şol sanda esasy çig mal çeşmesi bolan adybir Körpeje känini talabalaýyk işläp geçmegiň häzirki tapgyrynda ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda gaýragoýulmasyz çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda häzirki döwürde Körpeje käninde gazkondensatly guýularyň amatly iş düzgünlerinde uglewodorod gorly ýataklary ýitgisiz işläp geçmegiň geljegini üpjün etmekde geçirilmegi zerur bolan guramaçylyk-tehniki çäreleriň görnüşini we göwrümini kesgitlemek maksadynda gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri bilen bilelikde, konserniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň, «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň we «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň hünärmenler toparlarynyň gatnaşmagynda ulanyş gaznasynyň önümli guýularynyň dürli iş düzgünlerinde barlag-ölçeg, synag işleri amala aşyrylyp, geçirilýän degişli seljermelerde gatlak şertlerinde önümlilige täsir edýän umumy görkezijileriň hereketi öwrenilýär. Önümçilikde toplanan maglumatlar bu ylmy-barlag işlerine laýyklykda taýýarlanylýan

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-24-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +4...+6o-dan +10...+12o aralygynda maýyl, gündizlerine +14...+16o-dan +25...+27o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3...+5o-dan +9...+11o aralygynda maýyl, gündizlerine +13...+15o-dan +24...+26o aralygynda maýyl bolar.

Siziň üçin duşuşyk Rahman Hudaýberdiýew

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor toparynyň 2-nji derejeli artisti Rahman Hudaýberdiýew indi ençeme ýyl bäri ýurdumyzda bellenilýän toýdur baýramlarda özüniň ajaýyp aýdymlary bilen çykyş edip, halkymyzyň armasyny ýetirip gelýär. Ýurdumyzda giňden bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Rahman Hudaýberdiýewe «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy. Biz Rahmany mynasyp bolan hormatly ady bilen gutlap, onuň bilen söhbetdeş bolduk.

Dokuz aýyň jemlerine garaldy

Düýn Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy. Onda 8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory M.Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş edip, döwlet

Türkmenistan — Özbegistan: gatnaşyklaryň täze eýýamyna gadam basylýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 4-5-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iki günlük resmi sapar bilen boldy. Döwlet Baştutanymyzyň Özbegistana şu gezekki resmi sapary mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň gadymy ýörelgelerine esaslanýan köpasyrlyk türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm sahypany açdy.

Maslahat geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda «Arkadagly döwürde bagtyýardyr zenanlar» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşi, «Türkmengaz» döwlet konserniniň zenanlar guramasy tarapyndan geçirilen çärä nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda we önümçilik düzümlerinde zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda «Türkmengaz» DK-nyň Nebitgaz pudagynyň maglumatlaryny seljeriş müdirliginiň baş hünärmeni Läle Nuryýewa, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgerek Gandymowa, Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdebiň mugallymy Mährijemal Berketowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň kitaphanaçysy Bibigözel Mämmedowa, «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri Sona Kerimowa dagy çykyş etdi. Olar, hususan-da, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimizdäki özgerişler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan giň gerimli işler, jemgyýetde zenanlaryň tutýan möhüm orny, enäniň we çaganyň saglygyny goramakda alnyp barylýan oýlanyşykly döwlet syýasaty, çaga terbiýesi, sagdyn durmuş ýörelgesi barada söz sözlediler. Zenanlar çykyşlarynyň dowamynda halkymyzyň bagtyýar şu

Beýik ynsanperwerligiň nusgasy

Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän döwlet syýasatynyň baş maksady adamyň bütin dünýäde ykrar edilen hukuklarynyň, azatlyklarynyň berjaý edilmegine, netijede bolsa ynsan mertebesiniň ýokary göterilmegine gönükdirilendir. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uludan bellenilýän günlerinde 2657 adama raýatlyk pasporty we 406 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berilmegi bu syýasatyň aýdyň netijesidir. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge bagtyýarlyk döwrümiziň asylly we ynsanperwer mazmunyny beýan edýär. Bu ýörelge häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan daşary syýasat işine hem öz saldamly täsirini ýetirýär. Türkmenistan ähli ugurlar boýunça sebitde we dünýä giňişliginde hoşniýetli tagallalary giňden birleşdirmäge açyk ýurt hökmünde özüni äşgär etdi. Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde Türkmenistan bütin dünýäde bolup geçýän ykdysady, syýasy we medeni wakalara işjeň we netijeli gatnaşýar. Ýurdumyzyň parahatçylygy, durnuklylygy, deňhukukly hyzmatdaşlygy üpjün etmeklige gönükdirilen daşary syýasatynyň ynsanperwer ugry dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenmelere mynasyp bolýar.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 11-17-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9-dan 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +6...+8o-dan +12...+14o aralygynda maýyl, gündizlerine +19...+21o-dan +24...+26o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8-den 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +5...+7o-dan +11...+13o aralygynda maýyl, gündizlerine +18...+20o-dan +23...+25o aralygynda maýyl bolar.

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň täze sany

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň uly toý tutumlaryna beslenýän günlerinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky üçünji sany çapdan çykdy. Neşiriň ilkinji sahypalary žurnalyň jogapkär redaktory Muhammetmyrat Atagarryýew bilen «Türkmennebit» DK-nyň Halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum taslamalary bölüminiň baş hünärmeni Gülälek Ýüzbaşyýewanyň «Garaşsyzlyk — halkymyzyň owazy» makalasy bilen açylýar. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk döwründe ýeten sepgitleri, mineral çig mal binýady, ýangyç-energetika senagatynyň kuwwaty barada söhbet açylýar.

Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen bu kitap mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giň gerimde bellenilýän günlerinde halkymyza baýramçylyk sowgady boldy. Nebitgaz toplumynyň merkezi edarasynyň we önümçilik düzümleriniň agzybir işgärleriniň gatnaşmagynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň guramaçylygyndaky bu çäräniň dowamynda degişli toplumyň ýolbaşçylary we hünärmenleri çykyş etdi.

Gaz geçirijileriň ulanyş möhleti artýar

Döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň beýleki önümçilik düzümleri bilen birlikde «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçylary hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygyna özleriniň zähmet goşantlaryny goşdular. Halkymyzyň toýa sowgatly barmak baradaky asylly däbini özlerine ýörelge edinýän bu kärhananyň zähmet adamlary sarp edijilere gaz akdyrmak boýunça şu ýylyň dokuz aýy üçin bellenilen meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler.

Garaşsyz döwletli bolmak bagty

1991-nji ýylyň 27-nji sentýabry Garaşsyz Türkmenistanyň döredilen hem-de ykrar edilen beýik taryhy senesidir. Mundan otuz ýyl ozal Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň jar edilmegi bilen eziz Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň ýörelgeleri, syýasy we ykdysady, medeni hem-de durmuş ösüşleriniň sarsmaz binýady tutuldy. Garaşsyzlyk halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan beýik mertebesini, watansöýüjilik buýsanjyny, parahatçylyk söýüji, hoşniýetli we dostluk ýörelgelerini hem Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy merdana halkymyz we dünýä bileleşigi üçin örän ähmiýetli taryhy wakadyr. Şanly Garaşsyzlygymyz bize ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, belent ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge şert döretdi.

«Kenardaky» döwrebap işler

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy dünýäniň iň kuwwatly desgalarydyr kämil tilsimatlaryna eýe bolmak bilen, ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän nebit we nebithimiýa önümlerini taýýarlamakda we ýerleşdirmekde uly sepgitlere eýe bolýar. Bu ýere turbageçirijiler we deňiz ýollary bilen gelip gowuşýan nebit çig malyndan dürli kysymly awtomobil benzinleri, awiasiýa we tehniki kerosinler, dizel ýangyjy, mazut, çalgy ýaglary, polipropilen, peç ýangyjy, koks, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk we ýol bitumlary, başga-da ençeme nebit we nebithimiýa önümleri taýýar harytlyk görnüşine getirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen dokuz aýynda topluma gelip gowşan çig nebitiň ählisi diýen ýaly gaýtadan işlenildi. Kärhanada taýýarlanylýan önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlemekde gazanylýan oňyn netijelerde toplumyň «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň ähmiýeti hasam uludyr. Geçen hasabat döwründe «Kenar» kärhanasyndan müşderilere ugradylan nebit önümleriniň umumy möçberi üç million tonna barabar boldy. Şonça taýýar harytlyk önümleriň deň ýaryna golaýy dünýä bazarlaryna, galan möçberi bolsa içerki bazarlara ugradyldy. Bu ýerden taýýar nebit önümleri ýüklenen gämilerdir otlular deňiz we polat ýollar arkaly dünýäniň Gruziýa, Malta, Azerbaýjan, Owganystan, Özbegistan, Ukraina ýaly döwletlerine tarap ýola düşýär.

«EXPO 2020 Dubaý» halkara sergisi öz işine başlady

1-nji oktýabrda Birleşen Arap Emirliklerinde «EXPO 2020 Dubaý» iri halkara sergisi öz işine başlady. Bu abraýly halkara forumyna dünýäniň 190-dan gowrak döwleti, şol sanda Türkmenistan gatnaşýar. Halkara sergisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň dürli önümleri we maýa goýum taslamalary görkezilýär. «EXPO 2020 Dubaý» halkara sergisi 1-nji oktýabrda açylyp, 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli dowam eder we dünýä jemgyýetçiligine Türkmenistanyň ykdysady gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer, şeýle hem ýerli tehnologiýalary, ylmy işläp taýýarlamalary, harytlary we hyzmatlary daşarky bazarlara çykarmaklygy üpjün eder.

«Türkmenistanyň gaz pudagyny ösdürmegiň ylmy esaslary» (Tegelek stoluň başynda)

Şeýle at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» ýerine ýetirmek we gaz senagatynyň ylmyny geljekde-de ösdürmek babatda amala aşyrylýan işler barada «tegelek stoluň» başynda maslahat geçirildi. Onuň barşynda institutyň ylmy işgärleri we alymlary, ýaş hünärmenler bu babatda garaýyşlaryny aýdyp, özara pikir alyşdylar. Biz gazetimiziň şu sanynda onuň beýanyny çap edýäris.

Döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy ulanmaga berildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda täze gurlan 11 gatly iki binadan, 14 gatly iki binadan hem-de 17 gatly bir binadan ybarat bolan «Aşgabat» ýaşaýyş jaý toplumy açyldy. 124 öýli jaýda üç, dört we ýedi otagly, ähli amatlyklary bolan öýler ýerleşýär. Olarda giň myhman otaglary, ýatylýan rahat otaglar, döwrebap durmuş tehnikasy bilen üpjün edilen aşhanalar, eýwanlar hem-de kömekçi jaýlar bar. Awtoulaglar üçin ýerasty duralga hem ýaşaýjylaryň ygtyýarynda.

Seriň sag bolsun!

Beýni bedeniň dolandyryjy merkezi bolup durýar. Her bir hereket, pikir, arzuw-umytlar we duýgular ilki beýnide döräp, şol tarapyndan hem dolandyrylýar. Häzirki wagtda beýnini öwrenýän neýrobiologiýa iň meşhur ylymlaryň birine öwrüldi. Alymlaryň yzygiderli gözlegleri esasynda beýniniň aýratynlyklary barada täsin açyşlar edildi. Hünärmenler ynsan beýnisiniň ummasyz güýje, intellektual başarnyga eýedigini belleýärler. Häzirki ylmy-tehniki taýdan ösen döwrümiz hem muňa şaýatlyk edýär. Ynsan beýnisinde 100 milliarda golaý neýron bar, mysal hökmünde getirsek, meduzanyň beýnisinde 800 neýron bar. Beýnä agyrynyň nämedigi belli däl, sebäbi onda nerw uçlary ýok. Eger beýnimize bir jisim galtaşsa, biz ony duýmarys. Kellagyryda, aslynda beýni däl-de, ony gurşap alýan dokumalar we gan damarlary agyrýar. Beýnide maglumat sagatda 440 km tizlik bilen hereket edýär. Beýni hemişe işleýär, ol gije has-da işjeň ýagdaýa eýe bolýar. Beýnide elektron enjamlarynyňky ýaly ýadyň belli möçberi ýokdur, ol tükeniksiz maglumatlary kabul edip, özleşdirip bilýär. Beýnide gysga we uzak ýat bolýar. Gysga ýatda maglumatlar, şekiller, görnüşler 25 — 30 sekuntlyk saklanýar. Şol arada biz başga zada üns bersek, biraz öňki zatlar ýadymyza düşmän biler. Beýni bedeniň iň güýçli myşsasy bolup, onuň işlemegi üçin, esasan, kislorod we glýukoza gerek. Ýaglar ýürek üçin zyýanlydyr, ýöne ol beýniniň doly derejede işlemegi ü

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 4-10-y aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 12-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +6...+8o-dan +10...+12o aralygynda maýyl, gündizlerine +15...+17o-dan +21...+23o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +5...+7o-dan +9...+11o aralygynda maýyl, gündizlerine +14...+16o-dan +20...+22o aralygynda maýyl bolar.

«Mertler Watany beýgeldýär, Watan bolsa mertleri beýgeldýär»

Hormatly Prezidentimiziň bu paýhasynyň manysyna Hatyra güni biz has-da çuňňur göz ýetirýäris Hormatly Prezidentimiziň müňýyllyklardan gözbaş alýan öten-geçenlerimizi ýatlamak babatdaky nusgalyk göreldesine eýermek bilen, halkymyz bu günde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary, 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweşlerinde gurban bolan milli gahrymanlary, beýleki söweşlerde wepat bolanlary hatyralaýar.