Döwrebap zähmetiň netijesi
Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyz Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň uglewodorod çig mallarynyň gorlaryna baý döwletleriniň hataryna girmek bilen, ýangyç-energetika ulgamynda ägirt uly taslamalary işläp taýýarlamakda hem-de olary üstünlikli durmuşa geçirmekde tutanýerli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, dünýäniň çar künjüne uzaýan gaz geçirijiler, gurluşyklary depginli alnyp barylýan ägirt uly kärhanalar hem muňa doly şaýatlyk edýär. Bu dünýä nusgalyk işleriň her birinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümleriniň zähmet toparlarynyň hem öz mynasyp paýy bar. Konserniň kärhanalary nebitli-gazly ýataklary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmakda döwrebap işleri amala aşyrýar. Bu ugurda konserniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginde mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň belentden toýlanjak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bitirilýän işler has-da öwgä mynasypdyr. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belende göterilmeginde hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynda gazanylýan üstünlikleriň öz mynasyp dowamyny tapmagy üçin döwrebap işleriň amala aşyrylmagyny hemişe üns merkezinde saklaýar we bu ulga